Türkmenistanly ýaşlar Rumyniýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdepleriniň birinji ýyl talyplarynyň haharyna goşuldylar.
Eger-de bu döwletleriň köpüsinde döwletara ylalaşyklarynyň çäklerinde eýýäm türkmen oglanlarynyň we gyzlarynyň ýüzlerçesi okaýan bolsa, onda bu ýyl Horwatiýanyň we Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdepleri ilkinji sapar biziň talyplarymyzy kabul etdiler. Şeýle hem häzirki wagtda Wengriýanyň wekilleri bilen gepleşikler alnyp barylýar. Bu döwlete türkmen ýaşlaryny indiki ýyl okuwa ibermek meýilleşdirilýär.
Biziň ýurdumyzyň wekilleri hünäri biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetine gerek bolan ugurlar boýunça buýurmalar esasynda bilim alaralar. Meselem, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlary nebitgaz toplumy üçin – himiýa tehnologiýasy, geologiýa, peýdaly gazylyp alynýan geologiki taýdan gözlemek, maşynlar we enjamlar ýaly hünärleri özleşdirerler.
Belarusyň ýokary okuw mekdepleri umumylykda okatmagyň otuz töweregi ugurlaryny teklip edýärler. Olaryň hatarynda himiýa tehnolgiýasy, oba hojalyk önümlerini gaýatadan işlemek, geodeziýa, lukmançylyk, mugallymçylyk ugrunyň giden bir ugurlaryny we beýleki hünärleri görkezmek bolar.
Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň birinji topary nebitgaz ugry boýunça – gözleg, nebit ýatakalaryny burawlamak we gaýtadan işlemek ýaly ugurlar boýunça bilim alarlar.