“Türkmensuwylmytaslama” institutynyň hünärmenleri 2014-nji ýylyň başyndan başlap, ylmy ugurlaryň dokuzsy boýunça “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ähmiýeti boýunça toplumlaýyn gözleg işlerini alyp barýarlar. Gözleg işleriniň bäş ýyllyk mksatnamasy bu suw howdany desgasynyň sebitleýin ähmiýetini öwrenmek boýunça geçen ýylda kabul edilen Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde işlenilip taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň “Türkmensuwylmytaslama” Türkmen döwlet ylmy-önümçilik we taslama suw hojalyk instituty suw hojalyk ulgamynda gözleg, taslama we ilmy-gözleg işlerine ýöriteleşditilendir. Instituyň düzüminde barlaghanalaryň altysy we ylmy-gözleg bölümi bardyr. Gözleg işleriniň dowamynda ugurdaş edarlary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gurluş bölümleri bilen hyzmatdaşlyk üpjün edilýär. Hususanda, täze Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynda suwy we topragy barlaghana seljermelerini geçirmek bellenildi.
Kölüň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrlarynyň amala aşyrylmagynyň barşynda baş kollektorlarynyň kollektor-drenaž suwlarynyň akymy döwürleýin köpeler. Bu şertlerde suw desgasynyň ulanylşyny kämilleşdirmek meselesi alnyp barylýan gözleg işleriniň esasy ugry bolup durýar. Ýüzlerçe gurluşly we ugurdaş infrastrukturaly, kollektor akabalarynyň umumy uzynlygy müňlerçe kilometr bolan şular ýaly iri göwrümli suw ulgamyny ulanmak meselesini dünýä tejribesi heniz bilenok.
Bu desga hemşe üns berilmegini talap edýär, onuň ulanylmagy rebigy serşdeleriň adam tarapyndan ugrukdurylmagyny talap edýär, bu ýerde ýel ýzygiderli öwüsýär, süýşýän çägeli, toprak suw gecirijilik häsiýete, howanyň birden üýtemek häsiýetine eýedir. Kollektorlar ýylba-ýyldan çuňlaşdyrylar, giňeldiler, olaryň kenarlary berkidiler. Eýýäm alymlar öri meýdanlaryny giňeltmek, suwy süýjetmek bilen kölüň balykçylyk hojalygyny ösdürmegiň, maldarçylygy, galoliftleriň – peýdaly şora durumly ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň, rekreasion hyzmat ulgamlaryny ösdürmek üçin iş ugurlarynyy işläp taýýarlaýarlar. Häzirlikçe bolsa institutyň işgärleri kollektorlardaky we Köldäki suwlaryň düzüminiň mukdary we ölçegleri boýunça maglumatlary ýygnarlar we toparlara bölmek boýunça meşgullanarlar, bu maglumatlaryň ýylyň we birnäçe ýylyň dowamynda üýtgäp durmak kadalaryny seljererler.
Alymlar kollektor-drenaž suwlaryny gaýtadan ulanmagyň mümkinçiligine goşmaça suw serişdeleri hökmünde garaýarlar. Instituyň direktorynyň orunbasary Georgiý Gurtöwezowyň belleýşi ýaly, ylmy synaglar üçin, hususanda, gowşak minerallaşan kollektor-drenaž suwlary ulanmak bilen, şorlaşan ýerleri ýuwmagyň tehnologiýalaryny işläp taýýralamak boýunça, şol sanda şora durnukly ösümlikleri – galofitleri ösdürip ýetişdirmek boýunça synag meýdançalary dörediler. Ylmy-amalay gymmatlyklar kiçi agyz suw üpjünçiliginde, maladarçylykda, şeýle hem arassalanan we kollektor-drenaž suwy bilen bezeg baglaryny, şeýle hem oba hojalyk hem-de iýmlik ösümlikleri suwarmakda peýdalanayp bolar.
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň 1-nji nobatdakysynyň we onuň Garagumyň içinden geçýän esasy şahalarynyň gurluşyk işleri tamamlanadan soňra, onuň ikinji tapgyry – Köli kollektor-drenaž suw akymlaryny bir ulgama birikdirmek işleri başlandy. Türkmen kölüniň desgalaryny gönüden-göni ulanmak bilen meşgulllanýan taslamaçylar we işgärler üçin tehnogen ýa-da tebigy täýdan täsir edýän zolakda çekilen hem-de baş welaýat kollektorlarynda işleriň howpsuz ýagdsaýyny üpjün etmek boýunça teklipler möhüm häsiýete eýe bolar. Çägelikleriň güýçli süýşýän ýerlerine aýratyn üns berler.