Tokiýo uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary tanyşlyk sapary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda boldular
Ýaponiýaly talyplaryň we olaryň mugallymlarynyň biziň ýurdumyzda bolmagynyň iki hepdelik maksatnamasy ýurduň diplomatiýa boýunça ýokary okuw mekdebiniň köp ugurly okuw-terbiýeçilik işi bilen tanyşmakdan başlandy. Ýapon wekilýetiniň ýolbaşçysy – Tokiýo uniwersitetiniň professory Terue Okada halkara gatnaşyklarynyň, hususanda Merkezi Aziýa sebiti boýunça, hünärmendir. Ýaponiýadan gelen talyplardan ybarat bolan wekilýet DIM Halkara gatnaşyklary instituty bieln Tokiýo uniwersitetini arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Şeýle hem budabara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem 2007-nji ýylda ýapon dili ulgamynda ýokary hünärli hünärmenlerini taýýarlap başlan D.Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary gatnaşdylar. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bu dabara hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.
Tokiýo uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Türkmenistanyň DIM HGI bolmaklary bilen baglanyşykly çäreleriň hatarynda çekişmeli duşuşygy görkezmek bolar. Onuň barşynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň häzirki zaman ösüşiniň, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň dürli ugurlary boýunça pikir laşylar.
Şeýle hem Ýaponiýaly talyplaryň wekilýetiniň biziň ýurdumyzda bolmaklarynyň maksatnamasy ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde duşuşyklaryň geçirilmegini, şeýle hem paýtagtda we onuň çäklerinden daşarda medeni-tanyşdyrylyş çäreleriniň onlarçasyny öz içine alýar.
Ýokary okuw mekdebiniň çeper höwesjeňleri bilen geçirilen duşuşyklar we çykyşlar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan “dostluk köprüsiniň” berkemegine itergi berer. Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyp artistleri Günüň dogýan ýurdundan gelen dostlary üçin türkmen we ýapon dillerinde taýýarlanan sahna oýunlaryny goşmak bilen, konsert programmasyny taýýarladylar.