Ï Daşary ýurtly professorlaryň leksiýalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly professorlaryň leksiýalary

view-icon 1540
Fransiýaly alym,”Total” assosasiýasynyň professorlarynyň”agzasy Mişel Gaýýar biziň ýurdumyzyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary üçin leksiýa tapgyrlary bilen çykyş etdi.

Mişel Gaýýaryň bu ugurda fransiýanyň ”Elf” we “Total” kompaniýalarynda 35 ýyldan gowrak tejribesi bardyr. Onuň düzüminde özi ýaly tejribeli hünärmenleri bolan “Total” assosasiýasynyň professorlarynyň” işine gatnaşmagy bolsa, toplan tejribesini we endigini Total kompaniýasynyň şahamçalary bar bolan ýyrtlarda geologlaryň, geofizikleriň, burawçylaryň, geohimikleriň ýaş nesline geçirmäge mümkinçilik berýär.


Şunuň ýaly okuw sapaklarynyň türkmen talyplary üçin berilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Bu okuw apaklary hakyky ulanyş mysalynda kämil hünäre esaslanandyr hem-de ähli ugurlar boýunça: meýdan şertlerinde gözleg işlerini geçirýän geologiýagözlegçilerden başlap, geologiýa böleklerini seljeriş we ýataklary ulanyş hünärmenlerine çenli geljekki geologlara gönükdirilendir.

Şeýle hem şu günler “PETRONAS” (Malaýziýa) Tehnologiki uniwersitetiniň, şeýle hem onuň ýanynda döredilen Gämi maşyngurluşyk, ylym we tehnika instituynyň hem-de çuň suwlarda geçirilýän barlag boýunça merkeziň belli alymlary we mugallymlary ýurduň nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryna okuw sapaklaryny geçýärler.


Mundan başga hem, daşary ýurtly progessorlaryň Nebit we gaz uniwersitetiniň progessor – mugallymlar düzümi bilen duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegiň gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy, okatmagyň häzirki zaman usullary we kämil hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda iň gowy dünýä tejribelerini alyşylmagyna garalyp geçildi.