Ï Üns merkezinde – daşary ýurt dilleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üns merkezinde – daşary ýurt dilleri

view-icon 1332
Daşary ýurt dillerinden sapak berýän türkmen mugallymlary Şotlandiýanyň Edinburg şäherindäki Heriota-Watta uniwersitetiniň “talyplary” boldular. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, S.Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituynyň, Türkmen-türk halkara uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň we OOO “Tebigy kuwwat” – jemgyýetçilik birleşiginiň wekilleri iki hepdeläp çuňňur hünär taýýarlygyny geçdiler.

Bu toparlaryň ählisini indi üç ýyla golaý wagt bäri daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlara metodiki kömegi bermek boýunça Ýewropa bileleşiginiň bilim maksatnamalarynyň biriniň taslamasy birleşdirýär.

Okuw sapary öwrediş maslahatlarynyň tapgyryny öz içine aldy. Onuň dowamynda oňa gatnaşyjylar daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde D.Azady adyndaky TMDDI-ň ýanynda serişde baýyklary merkezini açmaga taýýarlyk görmek barada gürrüň edildi. Bu ýerde umumy orta bilim berýän mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dilleri mugallymlary üçin baý gaznaly häzirki zaman edebiýatly maksatlaýyn kitaphana ýygnalar. Okuw materiallarynyň bir bölegi elektron görnüşinde bolar. Okatmagyň bu ugur boýunça gerek bolan edebiýaty ýokary okuw mekdebiniň serişde merkeziniň işlenilip taýýarlanylýan web-saýtynda ýerleşer.

Maksatlaýyn kitaphanalary döretmekde iň gowy dünýä tejribelerini öwrenmek, şol sanda elektron görnüşinde hem, Heriota-Batta uniwersitetiniň kitaphanasynyň işi bilen gaýybana tanyşmaga gönüden-göni şert döretdi. Bu ýerde terjimeçilik işi we ýurdy öwrenmek bilen bagly özboluşly ajaýyp baý kolleksiýa görkezildi.