Ï Ýaşlyk ýyllaryndan ylma
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlyk ýyllaryndan ylma

view-icon 1106
Aşgabatda, 28-nji ýörüteleşdirilen orta mekedebiň binýadynda, paýtagtyň mekdep okuwçylarynyň ylym ugruna basan ilkinji gadamlaryna bagyşlanyp, iki günlik mugallymlar maslahaty geçirildi. Şäheriň bilim müdirliginiň hünärmenleri bu maslahatyň guraýjylary bolup çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy baýramçylygynyň öňisyrasynda paýtagtyň beýleki mekdepleriniň direktorlary, mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýurduň HBS birnäçesiniň wekilleri bu okuw mekdebiniň myhmanlary boldular.

Maslahatyň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Onuň esasy gatnaşyjylary bolup bolsa ylmy tarapa ilkinji şowly ädimlerini ädýän okuwçylar boldular.

Olaryň gyssagly ýagdaýda düzülen serginiň zallarynda ýaýbaňlandyrylan gyzykly “kiçijik” ylmy açyşlary bilen tanyşlyk şowhunlu we gyzgalaňly boldy. Maslahatyň dowamynda mekdep maksatnamasynyň okuw sapaklarynyň düzgünleriniň ähli ugurlaryna degilip geçildi.


Häzirki zaman kompýuter tehnolgiýalaryny programmalaýyn üpjün etmek, öňdebaryjy habar beriş ulgamyny ösdürmek, ýurduň energetika ulgamyny umumy döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde energiýanyň alternatiw çeşmelerini döretmek bilen bagly meseleler mekdep okuwçylarynyň ylmy ünsleriniň merkezinde boldy.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmekligiň dürli nukdaýnazarrayna bagyşlanan gözlegler giňden görkezilipdir. Ajaýyp arheologiki tapyndylar, döwlet muzeýleriniň kolleksiýalarynyň birnäçe eksponatlary çagalaryň ylmy gözlegleriniň predmeti boldular. Biziň halkymyzyň buýsanjy we şöhraty bolan, şu ýylyň zodiak nyşany bolan, dünýä meşhur bolan türkmen bedewine aýratyn üns berildi. Arhitektura temasy hem ýaş alymlaryň ünsünden düşürilmändir.

Geljegi uly bolan ylmy işleriň ählisi, şeýle hem olaryň halypalary-mugallymlary hormat hatlaryna, ýadigärlik we höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Dürli ylmy bäsleşikleriniň ýeňijileri aýratyn sylaglandy. Bu baýramçylyk mugallymçylyk çäresi, gürrüňsiz, mekdep ylmy hereketini mundan beýläk hem ösdürmäge, gönüden-göni barlaghana şertlerinde gözleg işleriniň iň gowy tejribelerini alyşmaga itergi berdi.