Güýz paslynyň şu günlerinde ýurduň subtropik zolagynda nary ýygmagyň gyzgalaňly döwri dowam edýär. Bu ýokumly miwe ony köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýän ýeri bolan Balkan welaýatynyň Etrek we Magtymguly etraplarynda ýygylýar. Ýogsada, bazardan satyn alynan narlary öý şertlerinde hem uzak wagtlap saklap bolýar. Şunlukda naryň däneleri özüniň ýokumlylygyny we hilini ýitirmeýär.
Güýz paslynda subtropiklerde nar baglary adatdan daşary owadan görnüşe eýe bolaýr. Bu ýerde howa örän arassa we dury bolýar, baglaryň ysy bark urýar. Baglaryň şahalary iri, togalak nar miwelerinden ýaňa döwülere gelýär. Bu ýyl nar baglarynyň bol hasyl getirmegi hemmeleri begendirýär. Narlaryň süýjüliginden ýaňa ýarylýan gabygy agzyňy suwardýar. Nar baglarynyň her biri her ýylda ortaça 20 kilagramdan 70 kilogarama çenli hasyl getirýär, käbir ýyllarda bolsa ol has hem köp getirýär.
Ilkinji nobatda, nar – bereketli türkmen topragynyň eçilen ajaýyp miwesidir, düzüminde köp sanly witaminler we mikroelementler bolan nar adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Täze naryň sykylyp alynan suwy gör nähili peýdaly, hakyky tebigy içgidir. Ol ynsanyň immun ulgamyny we umumy adam bedenini berkidýär.
Nar agajy asyrlaryň dowamynda hasyllylygyň we owadanlygyň nyşany hasap edilýär. Haçan-da nar barada gürrüň edilende olaryň ösdürilip ýetişdirilýän ýeri, şahyrlaryň goşgularynda, bagşylaryň aýdymlarynda wasp edilýän Sumbar jülgesi ýadyňa düşýär. Bu ýerde nar agaçlary dag jülglerinde ýabany ösýän görnüşde gabat gelýär. Olar bu ýerlerde hoz, ýemşen we ýabany üzüm bilen bir hatarda tebigy gurşawa gaýtalanmajak owadanlygy berip, giden gyrymsy agaçlyklary düzýär. Sumbar jülgesinde ýabany tebigatyň subtropiklerinde nar agaçlary özlerini ajaýyp ýagdaýda duýýarlar. Ýurduň medeni zolaklarynda hem olar örän gowy boý alýarlar we bol hasyl getirýärler.