Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine girizilen temalaryň biri hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna bolan resmi sapary bolup, onuň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Olar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda döwletara gatnaşyklaryň, senagat we gumanitar ulgamlarda özaragatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmek bilen baglanyşyklydyr.
Ylalalaşyklaryň uly bölegi Türkmenistanyň we Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle resminamalaryň arasynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Belarusyň döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnama hem bardyr. Onuň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň işleriniň giň ugurlary – bilelikdäki ylmy, talyplar döredijiliginden tejribe alyşmakdan başlap, umumy ylmy taslamalary işläp taýýarlamalara we amala aşyrylmagyna çenli işjeň aragatnaşyklary ýola goýmak göz öňünde tutulandyr.
Ýurduň ýokary bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň şertlerinde şular ýaly hyzmatdaşlyk bilimiň hilini mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga we ony ýokary dünýä standartlarynyň derejesine ýetirmekde, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny ykdysady hünärli bäsdeşlige ukyply hünärmenler bilen üpjün etmekde möhüm şert bolup durýar.
Maslahatyň işine Belarusyň döwlet ykdysady uniwersitetiniň uçurymy, häzir bolsa ýokary okuw mekdebiniň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň mugallymy-stažýory Perman Ýaňybaýew gatnaşdy. Bu günki gün Belarusyň iň meşhur we baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan bu ýokary okuw mekdebinde biziň ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň ýüzlerçesi bilim alýarlar. Olar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna gerek bolan hünärleri ele alýarlar. Belarusyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýratynlyklary, belarus halkynyň myhmansöýerligi we hormaty barada gürrüň bermek bilen, ýaş mugallym türkmen we belarus halklarynyň mental ýakynlygy barada aýratyn belläp geçdi.
Perman Ýaňybaýew türkmen talyplarynyň Belarusda Türkmenistanyň döwlet baýramçylyklarynyň ählisiniň uly watanysöýjülik we buýsanç bilen belläp geýändiklerini uly tolgunma bilen gürrüň berdi, uly üstünlikden üýtgewsiz peýdalanaýan türkmen tagamlaryna bagyşlanyp Türkmen aşhanasynyň güni yzygiderli guralyp gelinýär.
Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar GDA ýurtlarynyň baştutanlarynyň 2016-njy ýyly Arkalaşygyň çäklerinde Bilim ýyly diýip yglan etmek baradaky çözgüdini goldamak maksady bilen, belarusyň ýokary okuw mekdebi we beýleki birnäçe ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen geljegi uly bolan özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.