Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituynda pudak önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmak boýunça täzeçillik işläp taýýarlamalar we programma önümleriniň sergisi guraldy. Olaryň ählisi TDUAI Ýaş alymlar geňeşiniň maket ussahanasy we maglumatlar bölüminiň synag-teoretiki gözlegler we programmalaşdyrmaga ýöriteleşýän dört ylmy bölümleriň agzalary tarapyndan ýerine ýetirildi.
TDUAI Ýaş alymlar geňeşiniň döredilmeginiň iki ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergide aktual ylmy işleriň onlarçasy görkezildi. Olardan GPS-monitoring unifisirlenen ulgamyny; gün kollektorlary esasynda demir ýol depolarynyň passiw ýylylyk üpjüünçili ulgamyny; passiw usul bilen mikroelektron shemalaryny temperatura kadalary bilen üpjün edýän ulgamyny; elektron resminama dolanşygynynyň programmalaýyn üpjünçiligini; desgalary distansion dolandyrmak ulgamyny; gorag signallar ulgamyny; wi-fi we 3G tehnolgiýasy üçin işlenilip taýýarlanan kabul ediş signaly üçin refraktor antennalaryny görkezmek bolar.
Geljegi uly bolan aýratyn işläp taýýarlamalara Itellektual eýeçiligi baradaky döwlet komiteti tarapyndan üç sany patent berildi. Ýokary okuw mekdebinde geçirilen sergisinde görkezilen ylmy taglymlaryň awtorlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gyramasynyň ýolbaşçylygynda her ýyl geçirilýän Ylmy işleriň döwlet bäsleşiginiň jemleri boýunça baýrakly orunlara eýe boldular hem-de halkara ähmiýetli ýörüte diplomlara mynasyp boldular.
Şu okuw ýylynda TDUAI Ýaş alymlar geňeşiniň ýanynda mikroelektron ulgamynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça hususy labaratoriýa döredildi. Şeýle hem talyplar bu ýerde mikro barlaghanalary programmalaşdyrmak bilen meşgullanýarlar we dürli mehanizimleri awtomatlaşdyrmak üçin olary ulanýarlar. Talyplar laboratoriýa şertlerinde işlemek bilen, okuw sapaklarynda alan teoretiki bilimlerini iş ýüzünde ulanýarlar we täze endikleri ele alýarlar.