Ï Köne tehnologiýa täzeden çemelilşilendigi üçin halkara baýrak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köne tehnologiýa täzeden çemelilşilendigi üçin halkara baýrak

view-icon 1241
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing fakultetiniň ikinji ýyl talyby Arzuw Taganowa Halkara distansion talyplar bäsleşiginiň “ŞOK-O-ŞOK” taslamasynyň ýeňijisi boldy. Bu bäsleşik Halkara Şokalad güni mynasibetli Russiýanyň “Adam bilimi, endigi, intellekti” jemgyýeti tarapyndan yzygiderli geçirilýär.

Bäsleşigiň ady öz-özünden düşnüklidir. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşyjylar önümiň asyl nusgasyny, şunlukda düzüminde hökmany suratda kakao-boby ýa-da olaryň önümçiligi bolan tozy, şokalady synag-gönükdirilen reseptini bäsleşigi guraýjylaryň salgysyna iberýärler. Mundan hem başga eminler toparyna elektron görnüşde berilen reseptiň taslamasy tehnologiki kartany, taýýarlamak işi bilen tanyşdyrmagy, taýýar önümiň fotosuratyny öz içine alýar.

Bu bäsleşigiň maksady hünäriň hyzmat ediş, ussatlyk derejesini we abraýyny ýokarlandyrmak, “azyk önümleri we sarp ediş harytlary” hünäri boýunça okaýan talyplaryň hünär öwreniş endiklerini ösdürmek bolup durýar.

Halkara bäsleşigine gatnaşan türkmen wekili öz ylmy ýolbaşçysy, TDYweAI marketing kafedrasynyň uly mugallymy Saparmämmet Gurbanmämmedowyň ýolbaşçylygynda emin agzalaryna “Ýoldaş” ady bilen şokalad sousynda künjüli halwanyň taýýarlanyş usulyny görkezdi.


Aşpezlik oýlap tapyşyň awtory Arzuw Taganawa ikinji baýrakly ornuň berilmeg we Ikinji derejeli ýörüte diplomyň gowşurylmagy hem-de onuň ylmy ýolbaşçyysy S.Gurbanmämmedowa hormatly sertifikaryň berilmegi emin agzalarynyň bu süýji nygmata nähili baha berendiklerine şaýatlyk edýär.

Halwanyň bu işde görkezilen önümçilik tehnologiýasy awtoryň gaýtadan işleýiş usuly bolup durýar. Nygmatyň “Ýoldaş” diýip atlandyrylmagynyň hem öz manysy bardyr. Dogrudan hem bu nygmaty uzak ýola syýahatçylyga gideniňde, çaý içilende, uzak ýola sapara gideniňde özboluşly ýoldaş hökmünde äkidip bolýar. Sebäbi halwa durli howa şertlerinde durnukly bolup, ol süýji tagamlydyr. Halwanyň bu we beýleki aýratynlyklary bu önümi “ýol” onümi diýip atlandyrmaga esas döredýär.

Halwa gadym wagtlarda hem diňe bir çagalaryň gowy gören iýmiti bolman, eýsem ol çopanlaryň we ýolagçylaryň, uzak wagtlap kerwen ýörüşlerine gidilende uly islegden peýdalanypdyr. Bu önümiň meşhurlygy, ilki bilen tagamlylygy, ikinjiden uzak wagtlap saklamaga we sarp ediş aýratynlygy, adaty ingredientliligi, taýýarlanyş usulynyň ýönekeýligi, kaloriýalylygy, bu önümiň köp ugurlylygy bilen şertlenendir.

Bu önüm Türkmenistanyň dag sebitlerinde, ata-baba çopançylyk bilen meşgullanyp gelýän çopan magalalarynyň arasynda has köp ýaýrandyr. Halwany dürli goşundylary we tehnolgiýalry goşup taýýarlamagyň köp usullary bardyr. Häzirki wagtda “ýol” halwasyny örän seýrek taýýarlaýarlar we bu süýji tagamy taýýarlamaga az wagtyň sarp edilşine garamazdan ony taýýarlamagyň syrlary ýuwaş-ýuwaşdan ýitip barýar. Halwany öý şertlerinde uzak wagtlap saklap bolýar.

Halwany taýýarlamak üçin bugdaý uny, şeker, ýag gerekdir. Adatça mal ýagy ulanylypdyr. Kämilleşdirilip görkezilen bu usulda künji ýagy, şeýle hem ak künji we şokalad ulanyldy. Bu konditer önümini tapawutly tarapy onuň ekologiki taýdan arassa düzüminiň bolmagydyr, onuň düzüminde emulgatorlar, stabilizatorlar, aromizatorlaryň we beýleki himiki goşundylaryň bolmazlygygy onuň aýratyn taraplarynyň biridir.