Ï Bäsleşik: iňlis dilinde gürleýäris!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bäsleşik: iňlis dilinde gürleýäris!

view-icon 2061
Ýörüteleşdirilen orta mekdepleriň gudardyş synplarynda – on birinji synpy tamamlaýaýan okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça bäsleşik geçirildi.

Bu akyl-paýhas bäsleşigine okuwçylaryň onlarçasy gatnaşdy. Olar ýörüte testleriň sowallaryna jogap berdiler, tematiki wiktorina gatnaşdylar, wideoşekilleri tomaşa edip bolanlaryndan soňra iňlis dilinde beýannama ýazdylar.

Elebetde, türkmen paýtagtynda birnäçe ýyldan geçiriljek uly göwrümli sport wakasy bäsleşige gatnaşyjylaryň ünsünden düşmedi. Olar geljekki Aziada-2017-ä bagyşlap, iňlis dilinde esse-düzme ýazdylar.

Düzüminde paýtagtyň orta mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary bolan emin agzalary bu okuwçylaryň bilimine baha berdiler. Olaryň pikirine görä, iň ökdelerinden ökdeleri ýeňiji diýen ada mynasyp boldular. 72-nji orta mekdebiň okuwçysy Jennet Agamedowa (1-nji orun), zehinliler mekdebinden Gurbangül Begenjowa (2-nji orun) we üçünji orna ýörüteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Maýa Annanyýazowa mynasyp bolmagy başardylar.