Ï Aşgabadyň botanika bagyna – 85 ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabadyň botanika bagyna – 85 ýyl

view-icon 2139
Şäheriň çäklerinde Ýer togalagynyň dürli ýerlerinden getirilen täsin ösümlikler ösüp oturan bagçylyk ýerleşýär. Bu Aşgabadyň botaniki bagy bolup, oňa şu ýyl 85 ýyl dolýar. Şäheriň bu baýry bagy şanly senäni ýakynda öz ugurlary boýunça ýakyn bolan ýurduň ylmy merkezleri – Botanika instituy we Derman ösümlikleri instituty birleşdirilip, olaryň ýerine döredilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri instituty bilen garşylady. Munuň üçin bu bagyň wezipeleri köpeldi. Gök baglyga büremek, derman aýaratynlyklaryny öwrenmek, dürli görnüşli ösümlikler bilen bagly gözlegleri geçirmek üçin ýerli, seýrek duş gelýän ösümlikleriň genofondyny saklamagy, bezeg ösümlik önümlerini baýlaşdyrmagy öz içine alýar.

Onuň çäklerinde ösümlikler dünýäsi ondan näçe öň öwrenilip başanan hem bolsa, bu bag 1929-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda döredili diýlip, hasap edilýär. Ol açylanyndan soňra gül-bezeg ösümliklerini we gyrymsy agaçlary saýlamak we synag etmek işleri başlanýar. Türkmenistanyň tebigy ösümlik dünýäsiniň bezeg ösümlikleriniň has köp toplanan ýeri bolan biriniji meýdançaň düýbi 1935-nji ýylda tutuldy. Ilkinji alymlaryň-gözleýjileriň paýyna jogapkärli wezipe – bagy planlaşdyrmak, oňa ösümlikleri ekmek, ilkinji ylmy ugurlary kesgitlemek, ýyladyşhanalary enjamlar bilen üpjün etmek paýy düşüpdi.


Bagyň işlän ýyllarynda onuň işgärleriniň gyzyklanmalaryna önümçilige peýdaly önümleri almak üçin çig mal hökmünde olatyň iň gowy hojalyk aýratynlyklaryny ýüze çykarmak we teklip etmek üçin Türkmenistanyň ýabany ösýän peýdaly ösümlikleriniň biologiki-ekologiki aýratynlyklaryny öwrenmek girýärdi. Köp mukdarda ýabany ösýän ösümlikleriň witaminlere baý, dermanlyk, tehniki we beýleki häsiýetleri öwrenildi. Meselem, aşgabat botanika bagynyň buýsanjy bolan 1936-njy ýylda ekilen hrizantemleriň baý toplumyny görkezmek bolar. Häzirki wagtda onuň ýurduň we daşary ýurt seçgileriniň 200 görnüşi bar. Botanika bagynyň onlarça ýyllaryň dowamynda işlemegi netijesinde senagat gülçüligine 30-dan gowrak görnüşi ornaşdyryldy. Häzirki wagtda hrizantemalar gülleýiş döwri boýunça bäş topara bölünýär. Bu ýerde işler owadanlygy boýunça ýokary derejä eýe bolan, gelejegi uly bolan görnüşleri boýunça dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda bagda köp mukdarda botanika toplumy toplandy. Olar dünýäniň ösümlik dünýäsiniň görnüşleriniň ylma mälim bolan giň çäklerini görkezýär we ýörüte döredilen meýdançalarda sebitler boýunça saýlanan ösümlikler bilen bilelikde ösýärler. Bu ýerde her ýylda her bir ösümligiň tohumy ýygnalýar we güýzde ekiş işleri geçirilýär. Şu güýzde dürli ösümlikleriň onlarça görnüşleriniň tohumlary synag hökmünde ekildi we ýüz göterim gögeriş alyndy. Botanika bagynda gyşa oňat hilli taýýarlyk görüldi. Ýylylygy halaýan ösümlikler aýazdan goramak üçin berk basyryldy ýa-da ýyladyşhanalara göçürildi. Subtropiki ösümlikleri ýyladyşhanada köpeltmek boýunça gyş işlerini geçirmek üçin möwsümleýin materiallar taýýarlanyldy, ýazky ekiş üçin gülleriň tohumlary ýygnaldy. Baharda türkmenistan üçin täze tohumlaryň getirilmegine garaşylýar. Olar botanika baglarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde tohumlaryň halkara katalogyna ýazylar. Gyş pasly bagyň ösümlik gaznasy, tohumlar bilen işlenilýän döwri. Bahar paslyna çenli bagda ösümlikleri ekmek, sapmak we köpeltmek işleri alnyp barylýar. Munuň üçin bu ýere dökün üçin organika we biogumus getirilýär. Bagyň çäkleri hem abadanlaşdyrylýar, joýadyr atyzlar çekiýär, gury şahalar we ösümlik zir-zibilleri aýryýar.

Bir ýyl mundan ozal bärlaghanalaryň ählisinde we hojalyk jaýlarynda düýpli abatlaýyş işleri tamamlandy, ýyladyşhalaryň we gül ekilýän ýerleriň ýyladyş toplularynyň durky täzelendi. Häzirki wagtda bagyň ýyladyşhana hojalygynyň çäkleri giňeldildi, umumy meýdany 200 inedördül metr bolan täze ýyladyşhana guruldy.