S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw merkezinde bu ýokary okuw mekdebiniň hyzmatdaşy bolan «Claas» nemes maşyngurluşyk kompaniýasynyň hünärmenleri oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň mugallymlary we talyplary üçin ýörite okuw sapagyny geçirdiler.
«Claas-yň» ýörite okuw sapaklarynyň barşynda oba hojalyk ekinlerine zyýan ýetiriji mör-möjeklere we ekinleriň kesellerine garşy göreşmekde häzirki zaman ekiş oba hojalyk maşynlarynyň gurluşlary, olary gurnamak işleriniň aýratynlyklary, şeýle hem hatar aralaryny bejermekde sürüm kultiwatorarynyň işleýiş aýratynlyklaryna garalyp geçildi.
Ösümçilikde we maldarçylykda täze tehnologiýalar bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem OHT ulgamynda häzirki zaman tehnikasyny ulanmaga gönükdirilen okuw sapaklary iki tapgyrda – teoretiki we oba hojalyk maşynlarynyň gönüden-göni işleýän ýerlerinde soňraky praktiki okuw görnüşinde guraldy.
«Claas-yň», şeýle hem «Case» и «John Deere» amerikan kompaniýalarynyň wekilleri, olaryň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary biziň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň oba hojalyk ulgamynda giňden ulanylýar, türkmen ýokary okuw mekdebinde ýöriteleşdirilen sapaklary yzygiderli geçirýärler.