Ï Ýokary okuw mekdebi: ERASMUS+ maglumatlar güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary okuw mekdebi: ERASMUS+ maglumatlar güni

view-icon 1248
2014-nji ýylyň başynda biziň ýurdumyzyň bilim ulgamynda Ýewropa Bileleşiginiň täze bilim maksatnamasy işläp başlamak üçin badalga aldy. Onuň tanyşdyrylyşy Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda geçirildi. Bu ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda milli ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen bilim başlangyçlarynyň geçirilýän nobatdaky ýeri boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ýewropa Toparynyň – bilim, bilim bermegiň we medeniýetiň audiowizual serişdeleri Ýerine Ýetiriji Agentliginiň we TEMPUS maksatnamasynyň Türkmenistandaky Milli agentliginiň ýolbaşçylyklarynda bu ýerde Ýewropa Bileleşiginiň 2014-2020-nji ýyllar üçin bilim, hünär okuwy, ýaşlar we sport ulgamynyň täze bilim maksatnamasy bolan “ERASMUS+ maglumatlar güni” geçirildi.

Mälim boşy ýaly, TEMPUS maksatnamasynyň ornuna gelen bu maksatnama öňki hereket edýän käbir ýewropa maksatnamalarynyň birnäçesini çalyşmaga gönükdirilendir. Onuň wezipesi - okuw işlerini çaltlandyrmak, innowasiýa üçin hyzmatdaşlyk we öňdebaryjy tejribäni alyşmak, şeýle hem bilim özgertmelerini goldamak bolup durýar.

ERASMUS+ maksatnamasy ýokary okuw mekdeplerinden has köp toparlaýyn gatnaşyjylary çekmegi göz öňünde tutulýar. Onda umumylykda takmynan 150 ýurt-hyzmatdaşlar hereket eder.

Ýewropa Bileleşiginiň ERASMUS+ täze bilim maksatnamasynyň dabaraly tanyşdyrylyşy maslahat görnüşinde geçirildi. Maslahata Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Aragatnaşyk edarasynyň ýolbaşçysy jenap Dionisis Daniilidis, taslamalaryň maslahatçysy, Ýewropa Bileleşiginiň wekili – bilim, bilim bermegiň we medeniýetiň audiowizual serişdeleri Ýerine Ýetiriji Agentliginiň (Brýussel) wekilleri bilen hanym Piýýa Heýnamaki, TEMPUS maksatnamasynyň Türkmenistandaky Milli edarasynyň utgaşdyryjysy Aýna Çörekliýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisiniň, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarynyň, bilim ulgamy boýunça işleýän halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bir günň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ERASMUS+ maksatnamasynyň esasy aýratynlyklary, ÝB täze bilim başlangyçlaryna gatnaşýan – potensial ýokary okuw mekdeplerine bildirilýän talaplar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde ÝB TEMPUS maksatnamasyna gatnaşmakda türkmen tarapynyň oňyn tejribesine garalyp geçildi.