Ï Ylmy-usulýet maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylmy-usulýet maslahaty

view-icon 1576
S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine beýleki ýokary okuw mekdepleriniň hem mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde ylym we bilim ulgamynyň özgertmelerine bagyşlanan 300-den gowrak çykyşlar diňlenildi. Okatmak işine häzirki zaman interaktiw usullaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ara alyp maslahatlaşmalarda “Ykdysadyýetiň esaslary”, “Ekologiýa”, “Dünýä medeniýeti”, “Türkmenistanyň medeni mirasy”, “Özüňi alyp barmagyň medeniýeti” ýaly täze mekdep sapaklaryna aýratyn ähmiýet berildi.


Ýaş nesilleri kompýuter tehnologiýalaryny, türkmen we daşary ýurt dillerini ýokary hilli öwretmäge aýratyn üns berildi, talyplary dil babatda taýýarlamakda goşmaça okuw sapaklaryndan daşgary okatmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda ýaş mugallymlaryň we talyplaryň geljegi uly bolan ylmy talaplary bilen baglanyşykly meseleleri öz beýanyny tapdy. Okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň awtorlarynyň gatnaşmaklarynda “tegelek stol” guraldy. Ylmy-usulyýet maslahatyň çäklerinde täze okuw enjamlarynyň, görkezme gollanmalarynyň we metodiki täzelikleriň sergisi guraldy.