Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnaly özüniň 2014-nji ýylyň soňky sanlaryny Hazar deňzine we Hazar döwlet goraghanasyna bagyşlady.
Hazaryň daşky gurşawyna bagyşlanyp birnäçe materiallar bagyşlanypdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşan Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň IV Sammitiniň jemlerine garalýar. Hazar temasy boýunça Halkara hyzmatdaşlygy şu ýyllaryň dowamynda ähli döwletleriň bähbitlerini ýerine ýetirmek esasynda Hazarda hil taýdan täze hyzmatdaşlygyň emele gelmegi üçin berk esasy döretdi, hyzmatdaşlyklar daşky gurşawy nazara almak bilen, deň hukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda guralýar. Hususanda, bäş döwletiň tagallalarynyň birleşmegi esasynda Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýanyň üstünde işlenilýär.
Deňziň giňişliginde tebigaty goramagyň möhüm meselelerine garalýan Türkmenistanda her ýyl geçirilýän Hazaryň ekologiki meselesi baradaky maslahatyň ähmiýeti beýan edilýär. Şeýle Maslahat “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2012-nji ýylda geçirildi.
Soňky ýyllarda Aşgabadyň Hazaryň biologiki serşidelerini goramak we netijeli peýdalanmak ulgamynda köp sanly duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrülendigi bellenilýär. Geçen ýylyň maý aýynda türkmen paýtagtynda Hazar deňziniň deňiz giňişligini goramak boýunça Çarçuwaly V konwensiýasyna (ýa-da Tähran) gatnaşyjylar tarapyndan Hazaryň biodürliligini saklamak boýunça protokol kabul edildi.
Düzümine Hazaryň tebigy mümkinçiliklerini saklamak, goramak we öwrenmek işi bilen bagly edaralaryň, pudaklaýyn Ylmy barlag institutlaryň wekilleri girýän Hazar deňziniň meseleleri boýunça Edarara toparynyň işine garalýar.
Neşirleriň arasynda taryhy 1932-nji ýyldan alyp gaýdýan Hazar goraghanasy barada oçerk bar. Hazar we Esenguly böleklerini, şeýle hem Ogurjaly çäkli goraghanany öz içine alýan goralyp saklanýan tebigy zolagyň umumy meýdany 267 müň gektardan gowrakdyr. Bu gury ýerden, deňiz we Türkmenbaşynyň, Balkan, Demirgazyk-Çelekniň we Mihaýlowsk ýarym aýlagynyň ownuk suwlaryndan ybaratdyr. Özi hem ol suwuň ýüzüniň ähli meýdanynyň 77 göterimini tutýar.
Makaladan köp maglumatlary alyp bolýar. Meselem, deňziň türkmen böleginiň ätiýaçlyk balyklara baýdygy aýdylýar. Bu ýerde balyklaryň 50 görnüşi gabat gelýär. Muňa deňiz suwunyň arassalygy, baý iýmitlik binýady, gidrometeorologiki we gidrologiki şertler amatly şertleri döredýär. Aýratyn hem alym ornitologlarynda seýrek duş gelýän ganatlylar, ilkinji nobatda suwda duş gelýän – möwsümleýin uçup geçýän döwürleri gyzyl, buýra gotanlaryň bolmagy gyzyklanma döredýär, goraghananyň subtropiki böleginde turaç guşy ýaşaýar. Gadymy Hazaryň ýene-de seýrek duş gelýän jandary hazar düwlenidir.
Tebigaty goramak ministrliginiň hünärmeniniň teswiri tebigy baýlyklara we ekoulgam hyzmatlaryny hasaba almagyň mehanizimine bagyşlandy. Awtor Tebigaty goramak ministrliginiň, BMGÖM we Guşlary goramak baradaky patyşa jemgyýetiniň (Beýik Britaniýe) bilelikdäli taslamasynyň çäklerinde 2009-2010-njy ýyllarda geçirilen Hazar goraghanasynyň tebigy mümkinçiliginiň inwentarizasiýa geçirilişi barada gürrüň berýär. Ýygnanan maglumatlar haçan-da tebigaty goramaga amatly bolanda maliýe ýörelgesini işläp taýýarlamaga esas bolup hyzmat etdi. Amatlyklara ekosyýahat, ekologlaryň we senagatçylaryň, oba hojalykçylaryň özara hereket etmeginde tebigy serişdeleri (topragy, ýerasty we ýerüsti suwlary) tygşytlamak we netijeli peýdalanmak ulgamyndaky çärelere eýedir.
Seýrek duş gelýän guşlaryň, balyklaryň, saklamaga mynasyp bolan dürli tebigy desgalaryň estetiki ähmiýeti, olaryň taryhy ýa-da ylmy gymmatlyklary Hazar deňziniň ekoulgamynyň gazananlary bolup durýar. Makalada mümkinçilikli maýa goýumlarynyň we şeýle desgalaryň ulanmagy netijesinde girdejileri almagyň doly maliýe bölünişigi getirilýär. Awtoryň pikirine görä, tebigy hyzmatlaryň bahasy geçirilýän tebigaty goraýyş çäreleriniň ähmiýetini toplumlaýyn seljerilmegini göz öňünde tutýar, Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda kanunda göz öňnde tutulýan tebigaty goraýyş çäklerini maliýeleşdirmek meselesine täzeçe çemeleşmäge mümkinçilik berer.
Beýleki makalalar Hazar deňziniň göçýän guşlary, Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan ýyrtyjy guşlar, Günorta-Günbatar Köpetdagyň orhideýa maşgalasynyň türkmen florasynyň seýrek duş gelýän wekilleri bardada gürrüň berýär.
Tehnologiki arassalaýyş we suwy süýjetmek baradaky makala Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geçiren gözlegleri barada gürrüň berýär. Ýerli materiallary ulanmak we himiýa önümleriniň harytlyk önümlerini almak bilen suwuň agyz suwuna çenli arassalaýyş tehnologiýasy görkezilýär.
Türkmenistanyň ekologiki kanunçylygyny kämilleşdirilmegini we daşky gurşawyň goralmagyny üpjün edýän hukuk taýdan sazlaşdyrylmagy, şeýle hem tebigaty goramak ulgamynda hukuk bozulmalarynyň hukuk taýdan jogapkärçiligine garalyp geçildi.
Žurnal hazarýaka sebitinde seýrek duş gelýän we peýdaly ösümlikler, daşky gurşawy goramak üçin Türkmenistanyň 2012-nji ýylda kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde bag ekiş çäreleriň orny barda gürrüň berýär.
Aziýa, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan ýerden peýdalanýanlardan, şeýle hem ÝHHG, ABR, BMG-niň Guramalarynyň azyk we oba hojalygy boýunça wekilleriniň ýygnan ýerleriň zaýalanmagyna ykdysady taýdan baha bermek boýunça sebitara maslahatyň hasabaty berildi. Şular ýaly maslahat sebitde ilkinji sapar geçirilýär. Onuň geçirilýän ýeriniň saýlanyp alynmagy Türkmenistanda çölleşmäge garşy göreşmek ulgamynda köp sanly taslamalaryň amala aşyrylýandygy bilen şertlendirilendir, bu babatda ýurduň tejribesi maslahata gatnaşyklary gyzyklandyrdy.
2015-nji ýylda žurnalda iri suw-hojalyk desgalary bolan Türkmen kölüniň we Garagum derýasynyň meselelerine, suw serişdelerini peýdalanmagyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen gözlegleri we ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalara degişli bolan makalalary çap etmek bellenildi.