Türkmen mekdep okuwçylary fizika, matematika we informatika boýunça Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Žautyk olimpiadasynda medallaryň 7 gazandylar.
Bu däbe öwrülen intellektual bäsleşigine dünýäniň on bäş ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Bolgariýadan ýokary synp okuwçylarynyň dört ýüze golaýy gatnaşdy. Biziň ýurdumyzdan olimpiadada iň gowy toparlaýyn netijäni görkezen mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Biziň oglanlarymyzyň üçüsi matematika boýunça tapgyrda tapawutlanmagy başardy. 57-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň on birinji synp okuwçysy Döwlet Öwlýägulyýew altyn medalyň eýesi boldy. Şu mekdebiň okuwçylary Alyşir Söýünjanow kümüş medaly, Perman Iljanow bolsa bürünç medaly gazanmagy başardylar. Şeýle hem bu mekdebiň okuwçylary Döwran Amanow we Allamyrat Amanmädow bürünç medaly gazandylar. Mundan hem başga olimpiadada Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary Silap Alyýew we Baýram Berdiýew dagy bürünç medal bilen sylaglandylar.
Bu baýrak alan “ýediligiň” intellektual bäsleşikde gazanan ilkinji üstünligi däldir. Meselem, altyn baýragyň eýesi Döwlet Öwlýägulyýewiň eýýäm halkara derejesindäki predmet olimpiadasynda sekizinji ýeňşidir. Alyşir Söýünjanowyň, Perman Iljanowyň, Döwran Amanowyň we Silap Alyýewiň şahsy hasaplarynda bäş medal bardyr. Beýleki oglanlaryň bolsa abraýly halkara baýraklarynyň ikisi-üçüsi bar.
Žautyk predmet olimpiadasynyň ýeňijilerini hormatlamak dabarasy Aşgabat şäheriniň umumy bilim berýän 84-nji orta mekdebinde geçirildi. Abraýly bäsleşigiň ýeňijileri bilen bir hatarda olaryň halypalaryny – 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň fizika we matematika mugallymlary Rüstem Dyrdyew we Arslan Hojaýew dagy hem hormatlandy.
Žautyk predmet olimpiadasyna gatnaşyjylara ýolbaşçylyk eden Rüstem Durdyýewiň belleýşi ýaly, onuň maksatnamasyna öwreniş we gyzykly çäreler goşuldy. Bu bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda umumy dünýä garaýşy baýlaşdyrmaga we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge şertleri döredýär.