2-nji awgustda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary başlanýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ukyply we maksada okgunly ýaşlar bilim almalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanyp, 15-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde kabul ediş synaglaryny ýokary derejede, aç-açanlyk we adalatlylyk ýörelgelerine laýyklykda guramagyň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2016-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça Döwlet toparynyň düzümini tassyklady hem-de bu topara kabul edişligiň guramaçylyk taýdan ýolbaşçylygyny amala aşyrmagy hem-de onuň geçirilişini kesgitlenen tertipde guramagy tabşyrdy.
Synag geçirmegiň aç-açanlygyny we adalatly bolmagyny üpjün etmek, onda düzgün bozulmalara ýol bermezlik hem-de synaglaryň geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, synaglaryň geçiriljek ders otaglarynda ýörite wideokameralar gurnalar. Isleg bildirýänleriň hemmesi okuw mekdepleriniň çäklerinde gurnalan uly ekranlarda synagyň geçişini görüp bilerler. Onuň üstesine-de, synaglaryň geçişi tutuşlygyna ýazgy ediler. Şonuň üçin hem kabul ediş synagynyň islendik bölegini, hatda birnäçe wagt geçenden soňra hem tutuşlygyna täzeden görmek mümkinçiligi bolar. Bu iş usuly giriş synaglaryna yzygiderli gözegçilik etmegi hem-de ýokary okuw mekdeplerine iň zehinli we ukyply ýaşlaryň kabul edilmegini üpjün eder.
Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine talyplaryň 7 müň 256-syny kabul etmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi geçen ýyldakydan 128 sany talybyň köp kabul ediljekdigini görkezýär.
Şunlukda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine 975 adam, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine 573 talyp, Türkmen oba hojalyk uniwersitetine 510 adam, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna 389 talyp kabul ediler. Bu görkeziji Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 467, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 570, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 510, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda 450, Türkmen döwlet maliýe institutynda 180, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 60 adama deňdir. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine geçen ýyldaky ýaly, 300 talyp okuwa kabul ediler.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna 422, Türkmen oba hojalyk institutyna 215, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna 410, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna 335 adam okuwa kabul ediler.
Ýurdumyzyň döredijilik ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmeli talyplaryň hem sany artdy. Türkmen döwlet medeniýet institutyna 200 talyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna 100 talyp, Türkmen milli konserwatoriýasyna 140 talyp okuwa kabul ediler.
Mundan başga-da, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersiteti ilkinji talyplaryny — 450 talyby kabul eder, bu ýerde täze okuw ýylyndan başlap, birnäçe ugur boýunça bilim berler. Olar himiýa we biotehnologiýalar; metallurgiýa, maşyn gurluşygy we metallary işläp taýýarlamak; nanotehnologiýalar we nanoserişdeler; tebigy ylymlar; informatika we hasaplaýjy tehnika; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamy ugurlarydyr.
Bilim bermegiň ugurlarynyň ýedisiniň her birinde ýöriteleşdirmäniň öz ulgamy hereket edýär, mysal üçin, “awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak” ugry mehatronika, robot tehnikasy, innowatika ulgamynda ýöriteleşdirmegi, “tebigy ylymlar” ugry ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça ýöriteleşdirmegi göz öňünde tutýar, “metallurgiýa, maşyn gurluşygy we metallary işläp taýýarlamak” ugry bolsa materiallary öwreniş we täze materiallaryň tehnologiýalaryny öwrenmäge esaslanýar. Ýapon mugallymlaryny çagyrmak bilen ýapon okuw maksatnamasynyň binýadynda bilim bermek işini guramak meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan medeni-ynsanperwer ulgamda, bilim babatda, ylmy-tehniki ulgamda Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwrenilmegini, şeýle hem Sukuba uniwersiteti bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy bu ugurda üstünlikli gatnaşyklaryň mysaly hökmünde görkezmek bolar.
Iki ýurduň ylym-bilim merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlykda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem uly tejribe toplanyldy, bu ýerde ýapon dilini öwrenmek boýunça bölüm hereket edýär.
Ýaponiýadan bolan alymlaryň teklibi boýunça okuwyň birinji ýylynda Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary iňlis we ýapon dillerini öwrenerler. Okuwyň ikinji ýylyndan başlap, ýaponiýaly professorlar üç ýylyň dowamynda talyplara saýlap alan hünärleri boýunça sapak bererler, ylmy-barlag işlerini geçirerler. Okuwyň dördünji ýylynda talyplara Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da, Sukuba uniwersitetinde bilim almak teklip edilýär. Şol ýerde olar diplom işini goramaly bolar. Talyplar okuwyny tamamlandan soň, olara degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşurylar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen şu ýyl ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze hünärler açyldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «hytaý dili», Milli sport we syýahatçylyk institutynda “sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi” hünärleriniň açylmagy muňa mysal bolup biler.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýene bir wajyp ugry orta hünär bilimi bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň 42-si ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň sargytlaryna laýyklykda, 8 müň 385 adamy okuwa kabul eder. Bu bolsa geçen ýyldakydan 43 adam köpdür.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem Bilim ministrliginiň garamagyndaky mugallymçylyk we maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdeplerinde, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky lukmançylyk hünär okuw mekdeplerinde, şeýle hem Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary 25-nji awgusta çenli dowam eder.
Bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we täze garaýyşly ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitläp, döwlet Baştutanymyz ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňden ösdürmäge, okuw işine täzeçil çemeleşmeleri we tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär.
Türkmen talyplarynyň bilim alýan daşary ýurt okuw mekdepleriniň hem sany her ýyl artýar. Ýurdumyzyň ýaşlaryny okatmak Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň ugurlary boýunça gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýar.
2016 — 2017-nji okuw ýylynda türkmen oglanlarynyň we gyzlarynyň ýüzlerçesi Russiýanyň, Belarusuň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki döwletleriň iri ýokary okuw mekdepleriniň talyp şahadatnamalarynyň eýeleri bolar. Şunda Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebi — Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti daşary ýurtly talyplary okuwa kabul eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlar üçin ýokary hilli bilim almaga hem-de saýlap alan hünärine eýe bolmaga, şol sanda daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde hem okamaga uly mümkinçilikler döredilýär, raýatlarymyzyň daşary ýurtlarda okap alan döwrebap bilimleri, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň göwrümli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda iş ýüzünde ulanylmalydyr diýip nygtaýar.
Mugallymlaryň hem hünär derejesi ýokarlandyrylýar, olar bilim bermegiň täze usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýärler. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklar ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen mäkäm gatnaşyklary ýola goýup, ol döwletlerde öz talyplarynyň sanyny artdyrdy, halkara barlag işlerine, ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky alyşmalara hem-de akademiki maglumat beriş ulgamlaryny ösdürmäge gatnaşygyny giňeltdi.
Biziň ýurdumyz bilim ulgamyna dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, BMG, Ýewropa Bileleşigi, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeldýär. Dürli halkara maksatnamalaryň çäklerinde netijeli taslamalaryň amala aşyrylmagy şol hyzmatdaşlygyň anyk netijesi bolup durýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim kuwwatynyň batly depginler bilen ösýändigine ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň ylmy işleriniň we innowasion işleriniň bäsleşikleriniň netijeleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şunda hünärmenleri taýýarlamak meselelerine ýüzlenmek bilen, milli Liderimiz ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemegiň ähmiýetini belläp, berilýän bilimleriň adamyň durmuş jogapkärçiligi, halkymyzyň taryhy we milli däpleri, onuň ahlak gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşmalydygyny belleýär.
Jemgyýetimize özbaşdak çözgüt kabul edip bilýän, başlangyjy, joşgunlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan döwrebap bilimli, ahlakly, işbaşarjaň, işinde täze belentlikleri eýelemäge taýýar, ýurdumyzyň ykbaly, onuň durmuş-ykdysady rowaçlygy üçin jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan adamlar zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyny hünärmenleri, işine ussatlary taýýarlamaga gönükdirýär. Olar diňe bilimleriň we başarnyklaryň belli bir toplumyna eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, täze gymmatlyklary döretmäge, netijeli pikirleri artdyrmaga we olary amala aşyrmaga, ösüşi ilerletmäge ukyply bolmalydyrlar.
Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde, iň täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary, interaktiw multimediýa tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, döwrebap okuw kitaplaryny we usulyýet gollanmalaryny neşir etmegiň netijesinde milli we iň gowy dünýä tejribesini ulanmagyň esasynda bilimiň hil derejesi ýokarlanýar. Durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň üstünlikli bolmagyna dünýäniň esasy halkara guramalary we döwletleri bilen ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlyk hem ýardam berýär.
... Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak —– halkara hyzmatdaşlygy, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, durmuş ulgamy ýa-da obalary abadanlaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreleriň hemmesine täze döwrüň neslini kemala getirmek nukdaýnazaryndan garalýar. Bu bolsa ýakyn wagtda bilime gönükdirilen maýalaryň ýokary netijesini berip başlajakdygyny aňladýar. Milli işgärleriň hataryna täze bilimlere isleg bildirýän, täzeçillige, ylmy açyşlara we döredijilik işine ymtylýan häsiýetleri bolan hünärmenleriň tutuş tapgyry goşular. Bu bolsa Türkmenistanyň baş baýlygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent wezipelerini çözmäge ukyply ýurdumyzyň intellektual kuwwaty bolup durýar.
Şeýlelikde, şu synymyzda getirilen sanlar we maglumatlar, ýaşlaryň islendik hünär boýunça bilim almagy üçin Garaşsyz Watanymyzda giň mümkinçilikleriň döredilendigini, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, ykdysadyýetiň ösüşiniň möhüm ugurlaryna laýyklykda täze hünärleriň açylýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Zerur ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Häzirki zaman bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlarymyzy ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelemek mugallymlaryň we bilim ulgamynyň işgärleriniň öz işlerine ussatlygy, olaryň işlerinde ulanýan öňdebaryjy usullary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwrebap pikir ýöredýän zehinli ýaşlary terbiýelemekde bilimiň mazmunyny we usulyýetini kämilleşdirmek örän uly ähmiýete eýedir.
Bilim jemgyýetimiziň we döwletiň sazlaşykly ösüşiniň berk binýady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, bilim babatynda özgertmeleriň esasy maksady ýokary ahlakly, giň gözýetimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan başy çykýan täze nesli kemala getirmek bolup durýar. Olary üstünlikli taýýarlamak türkmen döwletiniň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.