Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Аziýa oýunlarynyň geçiriljek desgalarynda hem-de täsin toplumyň beýleki desgalarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, şeýle hem Ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Olimpiýa şäherjiginde esasy desgalaryň gurluşygy tamamlandy.
Ýene-de ýarym ýyldan Aşgabatda geçiriljek Aziadany guramak meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki iri ýaryşlara taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Çünki şeýle derejedäki sport ýaryşlary Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler we oňa Aziýanyň ýurtlaryndan başga-da, Okeaniýa döwletleriniň (Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýanyň we Mikroneziýanyň köp sanly ada döwletleri) wekilleri gatnaşar.
Aşgabat — 2017 taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrar, çünki, şeýle giň möçberli wakalar halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, dostluk we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitde hem-de dünýäde özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga ýardam edýär, şeýle hem milli ykdysadyýetiň, medeni durmuşyň hem-de syýahatçylyk ulgamynyň ösmegine oňyn täsir edýär.
...Olimpiýa şäherjiginiň girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, V Аziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, Olimpiýa stadionyna bardy we onuň ikinji gatyna galyp, eýwandan 45 müň orunlyk münberli sport desgasyny synlady.
Şu ýylyň sentýabrynda, köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň hem-de dünýäniň 62 ýurdundan sport wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ägirt uly sport baýramçylygy geçiriler. Bu baýramçylygyň hemmeleriň ýadynda galar ýaly, örän täsirli hem-de giň gerimde geçirilmegi guramaçylyk, mahabat-maglumat işlerinden başlap, bezeg işlerine çenli ähli meseleleriň oýlanyşykly çözülmegine baglydyr. Olimpiýa stadionynda oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary hem-de ýaryşlaryň baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlara medallary gowşurmak dabarasy geçiriler. Şoňa görä-de, bu uly desganyň daşky görnüşi Aşgabatda geçiriljek Aziadanyň esasy keşbine öwrüler.
Desgany synlamagyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlaryň resmi nyşany hökmünde bu köpugurly stadionyň çeperçilik bezegine öwrülen bedewiň şekiline aýratyn üns berdi. Göýä, ganatly Gyrat deý, atyň kellesi stadionyň ak mermerli depesinden belende galýar.
Döwlet Baştutanymyz bedewiň alawly ägirt uly şekiline ýygnananlaryň ünsüni çekdi hem-de bu keşbiň aýdyňlygy we çeperçiligi babatda olar bilen pikir alyşdy.
Bu baradaky gürrüň atyň kellesiniň şekiliniň suratlary, çyzgyly nusgalary beýan edilen planşetler ýerleşdirilen otagda dowam etdi. Bularyň ählisi stadionyň ölçegleri, inžener-tehniki häsiýetnamalary barada doly düşünje berýär.
Döwlet Baştutanymyz türkmenleriň gadymy taryhyny hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşini alamatlandyrýan bedewiň keşbi baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen alabaýy ýa-da halysy ýaly, ahalteke bedewiniň hem milli mirasymyzdygyny aýtdy. Asyrlaryň dowamynda olar halkymyzyň buýsanjyna, türkmen medeniýetiniň täsin häsiýetleriniň beýanyna öwrülipdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň milletimiziň özboluşly nyşanlarydygyny aýdyp, gadymy döwürlerde türkmeni onuň münüp gelýän atyndan, bedewe erk edişinden tanandyklaryny belledi.
Şoňa görä-de, stadionyň depesinden ýokary galýan bedewiň keşbi ahalteke tohumynyň häsiýetli aýratynlyklaryna kybap gelmelidir, bu şekili gören her bir myhman onuň beýikligine göz ýetirmelidir, türkmenleriň öz taryhynyň tutuş dowamynda bedewine uly sarpa goýandygyna düşünmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Mysal üçin, ahalteke bedewiniň şeýle aýratynlyklarynyň biri-de, onuň gulaklary bilen baglydyr. Adatça, şu atlaryň gulaklarynyň uçlarynyň arasy açyk, ýiti hem-de gamşyň ýapragy ýaly inçe bolýar. Türkmenler olara gamyşgulak bedew diýýärler.
Häzirki wagtda dünýäde mälim bolan atlaryň 250 tohumynyň arasynda ahalteke bedewleri olaryň iň gadymysy hem-de arassa ganlysy hasaplanýar. Birnäçe müň ýyl mundan ozal türkmen topragynyň yssy howa şertlerinde döredilen hem-de köp asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen bu tohum hakyky rowaýata öwrüldi.
Ýyndam hem-de syratly atlary ýetişdirmegiň we seýislemegiň usuly türkmenlerde ýokary derejä ýetirildi. Gadymy ýylýazgylar, grek filosoflarynyň we rim taryhçylarynyň işlerinde Nusaý bedewleri baradaky ýatlamalar hem-de orta asyr syýahatçylarynyň täsirli ýazgylary muňa şaýatlyk edýär. Şol döwürden bäri ahalteke bedewiniň daşky keşbi üýtgemedi. Ol häzir hem örän owadan we syratlydyr, onuň uzyn, inçe hem-de çeýe boýny, owadan uly gözleri, buýsançly başy hem-de güýçli aýaklary görenleri haýran galdyrýar.
Bedewleriň bu tohumy öçmez-ýitmez edebi we sungat eserleri bilen bir hatarda goýlup bilner. Ahalteke bedewleri diňe bir atçylyk sportunyň dürli görnüşlerinde, şol sanda Olimpiýa oýunlarynda rekordlar bilen şan-şöhrata eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dürli halkara sergilerde iň gowy we iň owadan atlar hökmünde baýraklara mynasyp boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aziadanyň nyşanlarynyň milli özboluşlylygy, ýurdumyzyň medeni-taryhy aýratynlyklaryny, tebigat dünýäsini we halk däp-dessurlaryny beýan etmelidigini belledi.
Türkmenler nirede ýaşasa-da, olar milli amaly-haşam sungatyň eserlerine uly sarpa goýupdyr. Halkymyzda dürli tumarlar hem giňden ýaýrapdyr, asyrlaryň dowamynda olara aýratyn ähmiýet berlipdir. Bu özboluşly tumarlar bize gadymy döwürlerden gelip ýetipdir hem-de häzirki güne çenli saklanyp galypdyr.
Olaryň arasynda ak we gara reňkli ýüplerden işilip ýasalan alaja aýratyn orun eýeleýär. Ýukajyk alajalar bilege, boýna dakylýar, egin-eşiklere çatylýar, olaryň has galyňlary bolsa öýüň içindäki diwara berkidilýär. Alajalar çagalaryň ellerine hem-de atlaryň boýnuna hem dakylýar. Häzirki wagtda alaja täze awtoulagyň ruluna hem daňylýar. Bu özboluşly tumarda adamyň özüni alyp barmagynyň belli bir düzgünleri, üstünlige bolan hyjuwy hem-de iň gowy isleg-arzuwlary jemlenendir.
Wagtyň geçmegi bilen reňki babatda alajanyň görnüşi üýtgedi, onuň üsti täze reňkler bilen ýetirildi. Biziň günlerimizde dürli reňkdäki we nagyşdaky alajalara duş gelmek bolýar. Ýöne onuň ilkibaşdaky keşbi diňe ak-gara reňkde bolupdyr, oňa türkmenleriň amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşlerinde duş gelmek bolýar.
Taryhyň dowamynda alajanyň türkmenleriň durmuşy bilen berk baglanyşykly bolandygyny nazara almak bilen, Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda, ahalteke bedewiniň boýnunda milli buýsanjymyz bolan alaja şekillendirilse, maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şeýle hem türkmenler öýleriniň girelgesiniň ýokarsynda alaja bilen boglan, derde derman ýüzärlik ösümliginiň dessesini asyp goýýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we onuň Türkmenistanyň çäginde bitýän güýçli hem-de täsirli dermanlyk ösümlikdigini belledi.
Bu ösümlik barada gadymy “Awestada” hem ýatlanylyp geçilýär (biziň eýýamymyzdan öňki VII—V asyrlar), onuň melhemlik häsiýetleri barada gadymy grek alymlary ýazyp geçipdirler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Ol Abu Ali Ibn Sinanyň ylmy işlerinde hem duş gelýär, bu ösümlik orta asyrlaryň tebipleriniň köp sanly dermanlarynyň düzümine giripdir. Beýik lukmanyň, alymyň we şahyryň türkmen diline terjime edilen işleri biziň okyjylarymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
— Ylym dünýäsinde Peganum harmala latyn ady bilen mälim bolan bu ösümlik baradaky maglumatlary, onuň alamatlaryny, biologiki aýratynlyklaryny we ösýän şertlerini, ondan derman taýýarlamagyň usullaryny we himiki düzümini men köp dillerde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki işiň 1-nji kitabynda jikme-jik beýan etdim — diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Dermanlyk ösümlik hem-de tumar hökmünde ýüzärligi ulanmagyň däp-dessurlary türkmen halkynyň gadymy taryhyndan gözbaş alýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýüzärlik dürli halk dessurlarynda hem ulanylýar. Mysal üçin, goýy “arassalaýyş” tüssesini döretmek üçin peýdalanylýar. Baryp, gadymy döwürlerde biziň ata-babalarymyz uly bolmadyk çukurjyklary gazypdyrlar we olarda ýüzärligi ýakyp tütedipdirler.
Wagtyň geçmegi bilen şu maksatlar üçin metaldan ýasalan gaplar, çanaklar we beýlekiler ulanylypdyr. Ýöne, islendik ýagdaýda-da, ýüzärlik özüniň kesel bejerijilik ukybyny saklap galypdyr.
Häzirki zaman ylmy tarapyndan bu gadymy usulyň örän netijeli häsiýete eýedigi tassyklanyldy. Dürli halklarda dürli at bilen meşhur bolan ýüzärligiň tüssesiniň adamyň saglygy üçin howply bakteriýalaryň öňüni alýandygy hemmelere mälimdir. Bu dessur — ýüzärligiň tüssesi arkaly ähli erbet zatlary daşlaşdyrmak hem-de gowy we peýdaly zatlary çekmek dessury Türkmenistanyň ähli ýerlerinde häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.
Şoňa görä-de, atyň kellesi şekillendirilen kompozisiýanyň bezegine ýüzärlik hem girizilse, ýerlikli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olimpiýa alawy üçin niýetlenen çanagyň bu otuň baldaklary bilen bezelmegini teklip etdi. Şol baldaklar bolsa öwşün atýan täji emele getirmelidir.
Uly we möhüm işe başlamazdan öň, ýüzärlik ýakmak däbine eýerilip, Olimpiýa çanagynyň alawy ýakylmazdan öň, ondan ak tüsse goýberilse, çuňňur many-mazmuna eýe bolar. Bir tarapdan, munuň özi bizi türkmenleriň gadymy däp-dessurlaryna ýakynlaşdyrýan ýörelge bolsa, beýleki bir tarapdan, üstünlikleriň we ýeňişleriň hemra bolmagy baradaky arzuwdyr. Şu halatda ak tüsse biziň isleg-arzuwlarymyzyň päkligini, dostlugy hem-de özara gatnaşyklara ymtylmalarymyzy, ruhubelentligimizi alamatlandyrar.
Şeýlelikde, çeperçilik çözgütleri, pikir baýlygyny, milli öwüşginleri birleşdirip, biz täsin hem-de özboluşly keşpleri döredip bileris. Olar bolsa biziň myhmanlarymyza türkmen halkynyň häsiýeti, onuň taryhy we medeni mirasy barada köp zatlary gürrüň berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Halk däp-dessurlarynyň döwrebap öwüşginleri bolsa diňe hereket, ösüş we täzeleniş arkaly ýaşaýşyň dowamatlylygyny gazanyp boljakdygyny aýdyňlyk bilen görkezmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziadanyň köp sanly wekiliýetlerini hem-de myhmanlaryny kabul etmek meseleleri barada durup geçip, oýunlaryň nyşanlarynda, Olimpiýa şäherjiginiň binagärliginde, meýletinçileriň ýörite lybaslarynda, türgenlerimiziň sport lybaslarynda we beýlekilerde milli äheňler arkaly mirasymyzy, türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny wagyz etmelidiris diýip belledi.
Ata-babalarymyzyň bize miras galdyran bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryny aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmelidiris, medeniýetimizi ösdürmelidiris we baýlaşdyrmalydyrys, beýleki medeniýetler bilen gatnaşygyny pugtalandyrmalydyrys. Medeniýetimiz halklaryň arasyndaky dostluga, dünýäde parahatçylygyň we birek-birege hormat goýmak ýagdaýynyň berkarar bolmagyna hyzmat etmelidir. Bularyň ählisi giň möçberli Aşgabat — 2017 taslamasynyň ruhy özenidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunda myhmanlara ol ýa-da beýleki däp-dessurlaryň aýratynlyklary, olaryň ähmiýeti, türkmen medeniýetiniň özboluşlylygy barada köpräk gürrüň berilmeginiň wajypdygy we şeýlelikde, olarda ýurdumyz bilen ýakyndan tanyşmak islegini döretmegiň möhümdigi bellenildi. Mysal üçin, daşary ýurtly myhmanlarda Olimpiýa alawyndan öň ak tüssäniň peýda bolandygy baradaky sowal ýüze çykmagy mümkin. Şunda meýletinçiler hem, terjimeçiler hem, islendik türkmenistanly hem olara bu ýagdaýyň manysyny düşündirip bilerler. Şunuň netijesinde daşary ýurtly myhmanlar halkymyzyň mirasy barada köp täze we gyzykly zatlary bilerler. Galyberse-de, bedew hem, alaja hem, ýüzärlik hem biziň ruhy we maddy medeniýetimiziň bir bölegi bolup durýar.
Toplumyň ähli desgalarynyň gurluşygynda döwrebap bezeg usullarynyň we däp bolan nagyşlaryň, milli sungatyň, binagärligiň äheňleriniň, halk çeperçilik senetleriniň, türkmen halkynyň baý taryhynyň dowamynda döreden medeniýetiniň häsiýetli aýratynlyklarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmalydygyna aýratyn üns berildi.
Sport toplumy täsinligi, innowasion döredijilik işläp taýýarlamalaryň işjeň ulanylmagy bilen tapawutlanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz her bir desganyň bezeginiň aýdyň milli öwüşgin bilen tapawutlanmalydygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň ençeme nesilleri tarapyndan toplanan taryhy tejribe, däp-dessurlar, medeni miras we ruhy gymmatlyklar ösüş hem-de öňe gitmek üçin esas, öz güýjüne ynanmagyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bularyň ählisi özboluşlylygyň hem-de parahatçylygyň senasy, döredijilige, halklaryň arasyndaky dostluga çagyryş hökmünde Aziadanyň resmi şekilinde, tumarynda we beýleki nyşanlarynda öz aýdyň beýanyny tapdy.
Şeýle hem dürli dillerde dürli ýol görkezijileri, maglumat kitapçalaryny hem-de türkmen halkynyň medeni däp-dessurlary, onuň mirasy, Aziada — 2017-niň nyşanlarynda beýan edilen çeper döredijiligiň aýratynlyklary, Olimpiýa şäherjiginiň we tutuş türkmen paýtagtynyň binagärlik bezegi barada gyzykly maglumatlar jemlenen kitapçalary taýýarlamak hem-de çap etmek tabşyryldy. Aziýa oýunlarynyň myhmanlaryny we ýaryşa gatnaşyjylary Türkmenistanyň taryhy we ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz oýunlara taýýarlyk görmek meselelerine ýygnananlaryň ünsüni çekip, onuň açylyş we ýapylyş dabaralaryny dünýäniň iň gowy tejribesine daýanyp, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, şeýle hem dabaralary guramagyň milli aýratynlyklaryny nazara almak bilen, çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Bir söz bilen aýdylanda, Aziada — 2017 her bir türgeniň hem-de bu uly baýramçylyga gatnaşyjynyň ýadynda möhüm ähmiýetli waka hökmünde galmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we oňa taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz üsti ýapyk welotrege tarap ugrady.
Onuň welosiped ýodajygy ähli görkezijiler babatda degişli halkara standartlara hem-de şeýle desgalara bildirilýän häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.
Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler halkara ýaryşlary we bäsleşikleri, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Welotrekde 6 müň orunlyk münber bar. Bu ýerde zerur bolan düzümleriň ählisi göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi türgenler we tälimçiler, tehniki hem-de hyzmat edýän işgärler we elbetde, janköýerler — welosportuň muşdaklary üçin iň gowy şertleri döredýär.
Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda üsti ýapyk welotregiň ulanmaga berilmegi bilen milli welosport hereketiniň taryhynda täze sahypa açyldy, çünki, şeýle görnüşli desga Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Desganyň hiline diňe bir synag milli ýaryşlara gatnaşyjylar däl, eýsem, Halkara welosipedçiler birleşmesiniň hünärmenleri hem ýokary baha berdiler.
... Şu gün döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri Olimpiýa şäherjiginiň welotreginiň ýodajyklarynda welosiped sürdüler.
Häzirki Türkmenistanda sportuň muşdaklarynyň sany barha artýar, onuň jemgyýetdäki ähmiýeti ýokarlanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ilkinji nobatda, adamyň, halkymyzyň saglygyny saklamagynyň iň gowy serişdesi hökmünde sporta aýratyn üns bermegi yzygiderli amala aşyrylýan durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar. Bu syýasatyň esasy maksady bolsa türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan, sagdyn we ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzyň sport düzümini ösdürmäge, köpçülikleýin sport çärelerini, ýaryşlary, şol sanda sportuň ýurdumyzda indi ösüp başlan görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek üçin şertleri döretmäge uly üns berýär. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde uly ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda degişli çäreler, şol sanda umumymilli spartakiadalar, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Sport ulgamynyň, şol sanda welosportuň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.
Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ymtylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. 2017-nji ýylda bu şäherjikde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar medallar ugrunda göreşer. Şoňa görä-de, Aşgabada Aziýa oýunlarynyň paýtagtynyň derejesiniň berilmegi ýokary derejede ösen sport düzümli ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
Olimpiýa şäherjiginiň düzümine ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýän dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragy girýär.
Sport desgalarynyň birnäçesinde eýýäm synag ýaryşlary, şol sanda sambo, jiu-jitsu, türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatlary, şeýle hem tennis, ýeňil atletika we basketbol boýunça halkara ýaryşlary geçirildi. Munuň özi türkmen türgenleri üçin Aziada taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy. Şu ýylyň aprel aýynda bu ýerde sport ýaryşlarynyň birbada üçüsi — agyr atletika we kikboksing boýunça Aziýanyň çempionatlary, şeýle hem suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryş geçiriler.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyklykda geçirilýän synag ýaryşlary paýtagtymyzdaky sport şäherjiginiň desgalarynyň ygtybarlylygyny, olaryň V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk derejesini barlamaga mümkinçilik berýär. Galyberse-de, şeýle çäreler 2017-nji ýylda biziň türgenlerimize ýokary netijeleri gazanmaga ýardam bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şäherjigiň beýleki desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda hem-de ýokary hilli tamamlamagyň wajypdygyny nygtap, täze desgalaryň ählisiniň keşbinde häzirki eýýamyň ruhunyň, ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Ýurdumyzda däp-dessurlar täze ýörelgeler bilen, halkymyzyň beýik mirasy bolsa oňyn özgertmeler bilen sazlaşykly utgaşýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport güýjüň, sagdynlygyň, sazlaşygyň hem-de döredijiligiň täze belentliklerine tarap ymtylyşyň beýanydyr. Türkmenistan ýurdumyzyň sportuny höweslendirmek we goldamak meselelerine aýratyn üns bermek bilen halkara sport hereketini ösdürmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýar. Munuň özi bolsa halklaryň ýakynlaşmagynyň, dünýäde parahatçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Öňümizdäki Aziada — 2017 hem şu maksatlara hyzmat etmelidir, şoňa görä-de, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary etmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjiginden Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar we at üstünde gezim etmegi ileri tutýar. Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz üsti ýapyk manežde Baýramhan diýen bedewinde gezim etdi.
Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolmak bilen, özleriniň tebigy gözelligi hem-de syrdamlylygy, wepalylygy bilen asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Biziň şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan döredilen we dünýä peşgeş berlen milli baýlyk jahanyň meşhur alymlarynyň we atşynaslarynyň ünsüni özüne çekýär.
...Ozal habar berlişi ýaly, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň ilkinji günlerinde bu toplumda taýçanak dünýä indi, hormatly Prezidentimiz oňa Ruhubelent diýip at dakdy.
Bu gün taýçanaga bir aý boldy, ol özüni oňat duýýar we athananyň içinde şadyýan bökjekleýär. Döwlet Baştutanymyz türkmenleriň gadymy dessuryna eýerip, taýçanagyň boýnuna alaja dakdy we oňa ýagşy arzuwlary etdi. Göýä, dostlugyň nyşany hökmünde taýçanagyň kişňeýän sesi ýaňlandy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, behişdi bedewler bahasyna ýetip bolmajak deňsiz-taýsyz gymmatlygymyz bolup durýar.
Häzirki wagtda ahalteke bedewleri halkara sirk festiwallarynda we atçylyk sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça atçylyk sporty — konkur Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girizildi. Hakykatdan hem, Aşgabatda geçiriljek ýaryşlary, şeýle uly baýramçylygy bedewsiz göz öňüne getirmek kyndyr. Bu baýramçylyk dünýäniň onlarça ýurdundan myhmanlaryň müňlerçesini paýtagtymyzda jemlär.
Ahalteke bedewi täze eýýamyň täze ýörelgelerini, döredijilik güýjüni, ruhubelentligi özünde jemleýän ajaýyp şekile öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhubelent atly taýçanagyň hem türkmen atçylyk sportunda, milli atçylykda mynasyp orun eýelejekdigine hem-de özüniň meşhur tohumynyň ýoluny dowam etdirmäge, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.