Ï Islegiňi erkin beýan etmek jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň esasydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Islegiňi erkin beýan etmek jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň esasydyr

view-icon 1086
Ine-de, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan möhüm wakanyň bosagasynda dur. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň türkmenistanlylar üçin gapylaryny açjak pursadyna çenli bir gün galdy. Türkmenistanlylar konstitusion hukugyndan peýdalanyp, Watanymyzyň öňündäki raýatlyk borjuny berjaý edip, döwlet Baştutanyny saýlarlar. Bu gün türkmen halkynyň ykbalynda täze taryhy tapgyry alamatlandyrýan Garaşsyzlyk eýýamynyň ýylýazgysyna beýik waka hökmünde girer. Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary häzirki döwürde türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmagyň dolanuwsyzlygyny aýdyň görkezýän subutnamalaryň ýene-de birine öwrüler, türkmen halky açyk, aýanlyk ýagdaýynda we ata Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçiligine düşünmek arkaly, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan has mynasybyny saýlar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-nyň habarçysyna habar berilmegine görä, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň ýanyndaky ähli saýlaw uçastoklary Prezident saýlawlaryny geçirmäge doly taýýar edildi. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky döwürde uly möçberli işler amala aşyryldy, şol işlere ähli derejedäki döwlet düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri goşuldylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek ýurdumyzda saýlawlar boýunça hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyna degişli kadalara laýyklykda amala aşyryldy.

Munuň şeýledigini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem tassyklady. Bu topara Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistanyň Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň milli parlamentleriniň deputatlary, Merkezi saýlaw toparlarynyň başlyklary hem-de agzalary, diplomatik korpusyň wekilleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarus we Russiýa Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri wekilçilik edýär. “Saýlaw çäreleri asuda, açyk bäsdeşlik esasynda, adalatly hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär” diýlip, golaýda merkezi metbugatda topiaryň çap edilen aralyk hasabatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň barşyna hem-de geçirilişine syn edýän halkara synçylaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary, Hytaý Halk Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň wekilleri hem bar.

Saýlawlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de geçirilişiniň ähli tapgyrlary barada jemgyýetçilige giňden habar bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi tdh.gov.tm portalynda hem-de “Türkmenistan: Altyn asyr” internet serişdesinde ýörite sahypany döretdi. Olarda saýlawlara taýýarlyk boýunça ähli zerur maglumatlary almak mümkin. Mundan başga-da, saýlawlar gününde şu saýtlarda her iki sagatdan hem-de tele we radio ýaýlymlarda saýlawlaryň barşy baradaky habarlar berler.

Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň ählisinde saýlawlara has-da ykjam taýýarlyk görüldi, olaryň her biri ses bermek üçin niýetlenen we aňyrsy görünýän, şol sanda göçme gutular, saýlaw býulletenleri hem-de zerur maglumatlardan ybarat bolan we usuly edebiýat bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin, binalarda ýörite enjamlaşdyrylan kabinalar bar. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi.

Uçastok saýlaw toparlary öz borçlarynyň ýerine ýetirilmegine diýseň jogapkärli çemeleşdiler, bularyň düzümine zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri goşuldy. Ýerlerde işjeňleriň tagallasy bilen, ilatyň arasynda giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi, munuň özi saýlawçylaryň işjeňliginiň has-da artmagyna degerli ýardam berdi. Galyberse-de, saýlawlaryň geçiriljek gününde haýsydyr bir sebäbe görä ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek adamlara öňünden ses bermäge mümkinçilik döredildi. Olaryň dolduran saýlaw býulletenleri sesleriň sanalyp ugraljak pursadyna çenli möhürlenen ýörite gutularda saklanar.

Saýlaw toparlarynyň işinde Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen bagly işlere, şol sanda ilat bilen duşuşyklary guramak we geçirmek boýunça kömek berilmegine aýratyn üns berildi. Döwlet baştutanynyň wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen ähli duşuşyklary taraplaryň ylalaşmagy arkaly bellenilen iş tertibine laýyklykda geçirildi. Bu duşuşyklaryň geçiriljek wagty we ýeri barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen saýlawçylara öňünden habar berildi. Şu ýerde dalaşgärleriň ählisine saýlawlaryň öňüsyrasynda wagyz etmek üçin deň şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek.

Ýerlerdäki saýlaw toparlaryna türkmenistanlylardan gelen köp sanly hatlar we telefon arkaly jaň edilmegi raýatlaryň düşünjeliligini, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna gös-göni gatnaşmaga isleg bildirýändigini görkezýän subutnama öwrüldi, şolar saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere sowallaryndan, haýyşlaryndan we tekliplerinden ybaratdyr. Raýatlardan gelen ýüztutmalaryň ählisi kabul edildi, tertipleşdirildi we Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň garamagyna berildi.

Öňümizdäki saýlawlar barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň we giň jemgyýetçiligiň uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtamalydyrys. Bilermenleri, syýasatşynaslary we žurnalistleri saýlawlar bilen baglanyşykly ähli meseleler gyzyklandyrýar. Makalalardan we habarlardan mälim bolşy ýaly, olar saýlaw möwsüminiň gerimine, işjeňligine we oňyn ýagdaýyna haýran galýarlar.

Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da artdyrmak işinde 2017-nji ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Saýlanjak Prezidentiň üstüne ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak babatda uly jogapkärçilik ýüklener. Mundan başga-da, şu ýyl döwletimiziň durmuşynda şanly wakalaryň ençemesi bolar.

Olaryň biri-de sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarydyr. Bu oýunlara Aziýanyň ýurtlaryndan başga-da, Okeaniýa döwletleriniň (Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýanyň we Mikroneziýanyň köp sanly ada döwletleri) wekilleri gatnaşar. Şeýle sport çäresi Türkmenistanda, galyberse-de, tutuş Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýär.

Aziada—2017-ä taýýarlyk görmek çäresi türkmen jemgyýetinde sporta gyzyklanmany has-da artdyrdy. Özi-de, şeýle gyzyklanma diňe ýokary netijeler sportuna däl, eýsem, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagaldyş hereketine ýokarlandy.

Ýokary derejede taýýarlanyljak we geçiriljek Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir. Ýöne bu toplumlaýyn ýaryşlaryň ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösmegine kuwwatly itergi berjekdiginiň hem wajypdygyny bellemelidiris.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi diňe bir ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen sport desgalaryndan ybarat bolman, eýsem, Türkmenistanyň sport abraýynyň bir bölegi bolup durýar hem-de paýtagtymyzyň görküne görk goşup, güýç-kuwwaty, ýeňşe bolan erk-islegi we sagdyn ruhy alamatlandyrýar.

Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da artdyrar, halkara teleýaýlymda we internet giňişliginde ýurdumyzy täzeden açar hem-de syýahatçylygyň ösmegine, Türkmenistanyň dünýäniň sport hereketine goşulyşmagyna kuwwatly itergi berer.

Ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy hem şanly waka öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişligindäki belent abraýyna we halkara energetika hyzmatdaşlygyny esasy ugur edinýän oňyn daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.

Bu Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň dünýä işewürleriniň we bilermenler bileleşiginiň wekilleriniň arasynda uly seslenme döredýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Şol diplomatiýa bolsa täze we netijeli çözgütleri gözlemekde hemişe işjeň garaýyşlar hem-de uly gyzyklanma bilen tapawutlanýar.

Noýabr aýynyň ahyrynda Tokioda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 27-nji mejlisinde bu iri halkara guramasynyň Baş sekretary Urban Rusnak Türkmenistanyň başlyklygynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine we tutuşlygyna alnanda, energetika howpsuzlygy hem-de durnukly ösüş meseleleri boýunça ählumumy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan başlyklyk etmeginiň barşynda ileri tutulýan ugurlara esaslanyp, taýýar önüm almak we ony eksport etmek üçin ýangyç-çig malyny gaýtadan işlemek, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek, energiýanyň netijeliligini we tygşytlylygy ýokarlandyrmak hem-de energiýany ulanmagyň netijesinde daşky gurşawa täsiri azaltmak, Energetika Hartiýasyna agza ýurtlarda energiýa bolan artýan islegleri kanagatlandyrmak we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlaryny höweslendirmek, Hartiýanyň düzümine täze ýurtlary çekmek meselelerine aýratyn üns berer.

Köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek we pugtalandyrmak ugrundaky meýiller döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine mynasyp goşant bolup durýar. Munuň özi dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine wise-başlyklyga, birbada BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň üç toparyna — 2017—2020-njy ýyllar üçin ösüş maksady bilen ylym we tehnika boýunça toparyň, 2016—2020-nji ýyllar üçin ilat we ösüş boýunça toparyň hem-de 2017—2021-nji ýyllarda Durmuş ösüşi toparynyň düzümine saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu möhüm düzümlere agza bolmak Türkmenistana toplanan tejribeleri alyşmak, parahatçylyk söýüjilik we döredijilik kuwwatyny BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetilmegine gönükdirmek mümkinçiliklerini berýär. Ýurdumyz BMG-niň netijeli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýäniň dürli döwletleriniň we sebitleriniň durnukly ösüş ýagdaýyna ýygjam goşulmagyny, halklaryň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmek ýörelgelerine gönükdirilen bilelikdäki çözgütleriň kabul edilmegine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň birnäçesinde we halkara guramalarynda agzalygy dowam eder.

Mundan başga-da, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň çäklerinde senagat toplumlarynyň birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär. Eýýäm şu ýyl durmuş, ulag-aragatnaşyk we senagat düzümleriniň iri desgalaryny işe girizmek göz öňünde tutulýar.

10-njy fewralda, saýlawlar boýunça hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna degişli çäräniň möhüm ähmiýetli tapgyrlarynyň biri - wagyz tapgyry tamamlandy.

Ertir, 12-nji fewralda sagat 7:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda ses berler, onuň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Prezidenti saýlanar. Bu waka türkmenleriň agzybirliginiň we jebisliginiň, gadymdan gelýän däplerine wepalylygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy hökmünde Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ýylýazgysyna girer. Şol däpler täze taryhy eýýamda döwletimiziň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine gaýtadan dikeldildi.