Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we paýtagtymyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda ýörite döredilen saýlaw uçastoklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermek çäresi geçirildi. Munuň özi saýlaw çäresiniň möhüm tapgyry bolup durýar.
Açyklyk hem-de aýanlyk esasynda geçirilýän bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini, türkmenistanlylaryň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilik çekýändigini bütin aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
Şu gün ir sagat 7-de tutuş ýurdumyz boýunça birwagtda açylan saýlaw uçastoklarynda ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler ses bermäge ilkinjileriň hatarynda geldiler.
Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsulluk edaralarynda Prezident saýlawlary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýokary galdyrylmagy hem-de Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy.
Ir bilen Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlandy. Bu ýerde türkmen toýlaryna mahsus ýagdaý emele gelip, halk aýdymlary we sazlary joşgunly ýaňlandy. Pessaý eşidilýän aýdym-sazyň sesi adamlara möhüm çözgüdi kabul etmekde wajyp orun eýeleýändigini bellemeli. Joşgunly çykyşlar ynsan ýüreklerini birleşdirip, olary beýik işlere ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda belleýşi ýaly, saz adamzat aňynyň tutuş baýlygyny özünde jemläp, mylaýym sözden pes durmaýan kuwwatly täsiri ýetirýär. Pederlerimiziň sazyň üsti bilen terbiýelemek hem-de ynsan ynamyny berkitmek ýaly ýörelgelere daýanandygy tötänden däldir. Olaryň garaýşyça, sazlaşyk ynsan kalbyna çuňňur aralaşýar.
Şeýle hem saýlaw uçastoklarynyň ýanynda baýramçylyk söwdasy guraldy. Saýlawçylara dermanlyk otlardan taýýarlanylan çaý, süýji nygmatlar, pişme we beýleki milli tagamlar hödürlendi. Munuň özi türkmen myhmansöýerliginiň asylly däpleriniň rowaç alýandygyny alamatlandyrdy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýerleşýän saýlaw uçastoklarynda şeýle ýagdaý emele geldi. Mundan başga-da, saýlaw uçastoklarynda dürli sergiler ýaýbaňlandyryldy.
Şeýlelikde, paýtagtymyzdaky Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdebiň howlusynda dokma senagatyna degişli sergi guraldy. Bu ýerde Aziada—2017-niň nyşanlary bolan sport lybaslary aýratyn orun eýeleýär.
Dürli güller bilen bezelen mekdebiň eýwanynda türkmen halkynyň beýik taryhy şahslarynyň hem-de milli gahrymanlarynyň heýkelleri goýlupdyr.
Milletiň nesilbaşysy Oguzhanyň, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň, atlary rowaýata öwrülen Gorkut atanyň, Göroglynyň heýkelleri has-da görnükli ýerde goýlupdyr.
Paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň 48-nji saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň 1363-si bellige alyndy. Olaryň hatarynda Berdimuhamedowlaryň agzybir maşgalasy hem bar. Olar saýlaw uçastogyna ses bermäge geldiler.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Gurbanguly Berdimuhamedowy, onuň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowy we käbesi Ogulabat Berdimuhamedowany, ogluny we gyzlaryny mähirli garşyladylar.
Maşgala gymmatlyklaryny sarpalamak, ululara hormat goýmagyň esasynda nesilleriň dowamatlylygy, jogapkärli çözgütleri maslahatlaşyp kabul etmek türkmen halkynyň gadymy däpleridir.
Bu köpasyrlyk däp-dessurlara aýawly çemeleşmek, jemgyýetiň ruhy-ahlak we demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ýaly ýörelgeler milletiň ösüş taryhynyň bütin dowamynda üýtgewsiz saklanyp gelýär. Bularyň ählisi nesillerimiziň mizemez arabaglanyşygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Häzirki wagtda bu ýörelge döredijiligiň täze belentliklerine çykarylýar, onuň baş maksady adamlaryň bagtyýarlygy we abadançylygydyr. Biziň jemgyýetimiz uly üstünlikler, belent sepgitler hem-de kämil dünýägaraýyş tejribesini esas edinip, ýurdumyzyň garaşsyz ösüş taryhynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramaçylykly geçirýär.
... Ilki bilen döwlet Baştutanymyzyň mähriban pederleri özleriniň konstitusion hukuklaryny berjaý etdiler. Soňra döwlet Baştutanymyzyň çagalary mynasyp gören dalaşgärine öz seslerini berdiler. Öz gezeginde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem saýlaw gutusyna bellik eden býulletenini atdy.
Ses bermek çäresini tamamlap, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Bularyň hatarynda ilkinji gezek ses berýän oglanlar we gyzlar bar. Asylly däbe görä, olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem bu ýerde milli, garaşsyz we halkara synçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçişini beýan edýän daşary ýurtly žurnalistler we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Bu wakanyň halkara metbugat wekilleri tarapyndan işjeň seslenmä eýe bolandygyny bellemeli.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, bu güniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň durmuşynda şanly senedigini belledi: biz örän möhüm syýasy çärä - Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşýarys.
Döwlet Baştutanymyz Ýaşulular maslahatynyň golaýda geçen mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilendigini, onda halkara hukuk kadalarynyň esasy ýörelgeleriniň öz beýanyny tapandygyny belledi. Esasy Kanunymyzda demokratik dünýewi döwletimiziň we raýatlyk jemgyýetimiziň ösüşinde möhüm orun eýeleýän esasy ýagdaýlary anyk kesgitlemek üçin halkara bilermenleri bilen bilelikde degişli işler alnyp baryldy.
Konstitusiýamyzyň täze rejelenen görnüşine laýyklykda, Prezidentiň wekilçilik möhleti 7 ýyla çenli uzaldyldy, ýagny, biziň şu günki çözgüdimiz türkmen halkynyň geljekki ýedi ýylyň dowamyndaky ykbalyny kesgitlär.
Döwlet Baştutanymyz ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň şu gezekki saýlawlarynda dürli partiýalardan hem-de raýatlaryň teklipçi toparlaryndan 9 dalaşgäriň hödürlenendigini, özüniň hem dalaşgärleriň biri bolup durýandygyny belläp, her bir dalaşgäriň maksatnamasynyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşine we bagtly geljegine gönükdirilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki dalaşgärlere hem uly üstünlik arzuw edip, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesiniň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere mynasyp goşant goşmak ýaly umumy maksatlarynyň bardygyny belledi.
Biziň daşary syýasatymyz barada aýdylanda, biz dünýäde ýeketäk bitarap ýurt bolup durýarys, özi-de bu dereje BMG tarapyndan iki gezek ykrar edildi we ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň 12-nji dekabry (has takygy 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleaýasy tarapyndan türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesi baradaky rezolýusiýany kabul eden güni) Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz hemmeleri bu şanly waka bilen gutlady.
Içeri syýasatymyz babatynda biz birnäçe maksatnamalary işläp düzdük we üstünlikli durmuşa geçirýäris, 2020-nji ýyla çenli döwre niýetlenen hem-de ilatyň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli maksatnamany amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Ýene bir iri möçberli milli maksatnama ýurdumyzy iri senagat döwletine öwrülmäge gönükdirilendir. Bu ugurda biz ägirt uly işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we diňe bir ykdysady bähbitleriň üpjün edilmeginiň däl-de, eýsem täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, täze hünärleriň açylmagynyň möhümdigi belledi. Şeýlelikde, ýakyn geljek ýedi ýylda ýurdumyzyň öňünde uly wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz her bir dalaşgäre ýene-de bir gezek üstünlikler arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem beýleki döwletleriň wekillerine synçylar hökmünde gatnaşýandyklary üçin we abraýly halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlawlaryň barşynyň beýan edilmegine işjeň gatnaşandyklary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda hemmelere mundan beýläk-de rowaçlyk we üstünlik arzuw etdi hem-de ýurdumyzda saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň köpasyrlyk demokratik däpleri bar. Ähli taryhy döwürlerde türkmenler möhüm durmuş meselelerini, aýratyn-da, halkyň baştutanyny saýlamak meselesini umumy maslahat esasynda çözüpdir. Bu dessur Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-döwlet gurluşynyň möhüm bölegine öwrüldi.
Ýokary durmuş ölçegleriniň döredilmegini, hukuk kepillikleriniň berkidilmegini, adamlaryň öz isleglerini durmuşa geçirmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmegini, esasy milli ýörelgeleriň daşynda jebisleşmegi ugur edinmek bilen, biz türkmen halkynyň syýasy medeniýetiniň taryhy tejribesini, demokratik we halk häkimiýeti ýörelgelerini saklaýarys we ösdürýäris.
Häzirki döwürde agzybirlik we geňeş etmek ykbal kesgitleýji çözgüdi kabul etmekde, halkyň syýasy erkini ýüze çykarmakda möhüm gural bolup durýar.
Bu bolsa jemgyýetde syýasy hem-de durmuş taýdan durnuklylygyň, tertip-düzgüniň, asudalygyň we agzybirligiň özenidir. Şunda, birnäçe milli usullardan aýratynlykda türkmen demokratiýasynyň häsiýetli tapawudy ýüze çykýar.
Ruhy bitewülik döwlet gurluşyny, ähli pudaklardaky düýpli özgertmeleri we Türkmenistanyň ykdysady ösüşi boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirmegiň esasy şertidir.
Ahlak hem-de demokratik gymmatlyklary asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan we ony saklamagy başaran halkymyzyň ruhy güýjüniň egsilmezdigine ynanmak arkaly, biz häzirki döwürde gadymy dessurlaryň dürs ýoly görkezýändigine şübhelenmeýäris.
Tutuş halkymyz ykbal kesgitleýji çözgüdi kabul edýär. Millionlarça adamlar konstitusion hukuklaryna esaslanyp, isleglerini erkin beýan edýärler. Olar geljegiň öňündäki jogapkärçiligi duýup, geljek 7 ýyl üçin döwlet Baştutanynyň wezipesine mynasyp dalaşgärine öz seslerini berýärler. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşine laýyklykda, Prezidentlik möhletleriniň uzaldylmagy ýurdumyzyň geljekki ýolbaşçysyna Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary we taslamalary doly ýerine ýetirmäge mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine beýleki dalaşgärler hem Watan öňündäki raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirdiler.
Maksat Annanepesow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky Medeniýet öýünde ýerleşýän 4-nji saýlaw uçastogynda;
Jumanazar Annaýew Mary welaýatynyň Mary şäherindäki M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ýerleşýän 13-nji saýlaw uçastogynda;
Bekmyrat Atalyýew Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çägindäki Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýa uniwersitetinde ýerleşýän 42-nji saýlaw uçastogynda;
Ramazan Durdyýew Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň medeni-sagaldyş merkezinde ýerleşýän 2-nji saýlaw uçastogynda;
Meretdurdy Gurbanow Daşoguz şäherindäki N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda ýerleşýän 24-nji saýlaw uçastogynda;
Serdar Jelilow Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde ýerleşýän Ak bugdaý etrap 59-njy saýlaw uçastogynda;
Süleýmannepes Nurnepesow Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherindäki Medeniýet öýünde ýerleşýän Türkmenbaşy etrap 35-nji saýlaw uçastogynda;
Durdygylyç Orazow Mary şäheriniň Sergi zalynda ýerleşýän 14-nji saýlaw uçastogynda ses berdiler.
Dalaşgärleriň 9-synyň hem saýlawlaryň öňüsyrasynda çärelere gatnaşmagy 2017-nji ýylda geçirilýän Prezident saýlawlarynyň giň bäsleşik esasynda guralandygyny äşgär edýär. Hereket edýän milli kanunçylyga we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, saýlawlaryň öňusyrasyndaky wagyz-nesihat işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin dalaşgärleriň hemmesine birmeňzeş hukuk hem-de deň şertler döredildi.
Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky wagyz-nesihat işleri we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlaw möwsümini beýan etmek çäreleri dalaşgärleriň hasaba alnan döwründen 10-njy fewrala çenli dowam etdi.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, olaryň ynanylan wekillerine, teklipçi toparlara wagyz-nesihat işlerini erkin ýola goýmaga şertler üpjün edildi. Dalaşgärlere we teklipçi toparlara habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň şertler kepillendirildi. Şeýle hem milli Internet-serişdeleriniň mümkinçilikleri giňden peýdalanyldy.
Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirdiler. Dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, täze senagat kärhanalaryny döretmek, oba hojalyk önümçiligini kämilleşdirmek ýaly meseleleri möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew obasenagat, ýangyç-energetika toplumlarynda, ulag, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, pensiýa üpjünçiliginde, hususy telekeçilikde giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Prezidentlige dalaşgär-- “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bekmyrat Atalyýew görkezildi. Ol saýlawçylar bilen geçirilen duşuşyklarda özüniň syýasy maksatnamasynda bazar gatnaşyklary we telekeçilere goldaw bermek, döwletiň hukuk binýatlaryny pugtalandyrmak esasynda ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek meselelerini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýew saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynda ýurdumyzyň gury ýerlerdäki hem-de deňiz giňişligindäki tebigy känlerini özleşdirmek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň geljekki usullaryny we ugurlaryny kesgitlemek, turba geçirijiler ulgamynyň düzümini, nebitgaz toplumynyň dürli desgalaryny hem-de aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek meselelerini öňe sürdi.
Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär—Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow saýlawçylaryň ünsüni önüm öndürijileri höweslendirmek, şol sanda oba ilatynyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak arkaly obasenagat toplumynyň özgerdilmegine çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär—Ahal welaýatynyň Ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Jelilow özüniň maksatnamasynda ykdysady ösüş syýasatyna, serişdeleriň netijeli peýdalanmagyna, ulag hem-de aragatnaşyk ulgamynyň özgerdilmegine, milli medeniýetiň we halk döredijiliginiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berdi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny yzygiderli ösdürmek, baý uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmek, ýeňil senagaty ýokary hilli ýerli çig mallar bilen üpjün etmek hem-de maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak ýaly meseleleri maksatnamasynyň möhüm ugry hökmünde görkezdi.
Ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan görkezilen dalaşgär—Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynda welaýatlary senagatlaşdyrmak, senagaty hem-de oba hojalygyny köpugurly esasda ösdürmek, daýhan birleşiklerine we ýer eýelerine goldaw bermek ýaly wezipeleri giňden beýan etdi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler hakyky demokratik esasda, erkin, açyk ýagdaýda geçdi. Munuň özi ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere saýlawçylary öz maksatnamalary bilen tanyşdyrmaga, olaryň ýeke-täk dogry saýlamagy üçin şol maksatnamalary çekişme arkaly ara alyp maslahatlaşmaga we baha bermäge mümkinçilik berdi.
Prezident wezipesine görkezilenleriň hatarynda Türkmenistanda hereket edýän üç partiýanyň – Demokratik, Agrar hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ählisiniň wekilleriniň bardygy hem örän ähmiýetli ýagdaýdyr. Ýurdumyzda jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, raýatlyk edaralarynyň ösdürilmegi köppartiýalylyk ulgamynyň emele gelmegi üçin möhüm şert boldy.
Şunda, döwletiň, milli wezipeleriň we maksatlaryň ornuna bolan umumy düşünje olaryň hemmesini baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň maksatnamalary syýasy, döwlet, durmuş-ykdysady ugurlar boýunça kemala gelen ýörelgeleriň töwereginde jemlendi. Ýöne her bir ugra başga hili çemeleşme beýan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna syn etmegi milli synçylardan başga-da, garaşsyz we halkara synçylary hem amala aşyrdylar. Munuň özi eziz Watanymyzyň halkara derejesinde artýan abraýynyň subutnamasy bolup, bu ýagdaý dünýä bileleşiginiň türkmen döwletiniň durmuşyndaky bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä uly gyzyklanma bildirmegini alamatlandyrdy.
Şeýlelikde, şu gün, 12-nji fewralda türkmenistanlylaryň millionlarçasy özlerine mahsus bolan ýokary ruhubelentlik we raýat işjeňligi bilen saýlaw uçastoklaryna gelip, ýurdumyza halkyň adyndan kimiň baştutanlyk etmelidigi baradaky çözgüt babatynda öz konstitusion hukuklaryny berjaý etdiler.
Ýurdumyzyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary türkmen döwletiniň hem-de jemgyýetiniň durmuşynda möhüm waka bolup, Diýarymyzda mundan beýläk-de demokratik özgertmeleriň dolanuwsyzdygyny, halkymyzyň döredijiligiň we ösüşiň belent sepgitlerine tarap okgunly hereketini dowam etmäge aýgytlydygyny aýdyň tassyklady.