Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 579
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyny mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy üçünji gezek ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, iki halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady hem-de Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derejesine kanagatlanma bildirip, hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany ýokary we hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna oňyn baha berip, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar we onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de özara ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat etmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň ornuna aýratyn üns berdiler. Şu babatda yzygiderli geçirilýän işewür duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Olaryň barşynda taraplar netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin binýady kemala getirmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlaýarlar.

Döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Söhbetdeşler bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşmagyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem russiýaly dostlarymyzy Türkmenistanda görmäge hemişe şatdygyny belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy mundan beýläk-de ikitaraplaýyn gatnaşyklara özara ynanyşmak, açyklyk we düşünişmek häsiýetiniň eýe boljakdygyna ynam bildirip, berk jan saglyk hem-de üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.