Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda geçen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — bäsleşik esasynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemlerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň jemlerini yglan etmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. G.Myradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy bu çärä taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barlan giň gerimli işler barada aýdyp, saýlaw uçastoklarynyň 2 müň 587-siniň döredilendigini, şolaryň 2 müň 548-siniň ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda, 39-synyň bolsa Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we wekilçilikli edaralarynyň ýanynda döredilendigini habar berdi.
Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlarynyň hem-de ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň wekilleri tarapyndan 3 müň 223 synçy bellige alyndy.
Ählihalk saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek üçin Merkezi saýlaw toparynda iş toparlarynyň 5-si döredildi.
Şeýle hem saýlaw uçastoklaryny degişli maglumat serişdeleri hem-de zerur guramaçylyk tehnikalary we esbaplary bilen üpjün etmek, ses bermegi geçirmek üçin otaglary ýörite kabinalar bilen enjamlaşdyrmak boýunça geçirilen işler barada aýdyldy.
Saýlawlara taýýarlygyň barşynda welaýat, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda amaly okuw maslahatlary guraldy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-sy hasaba alyndy. Olaryň 3-si syýasy partiýalar tarapyndan, 6-sy bolsa raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenildi.
Kanuna laýyklykda, ähli dalaşgärlere wagyz işleri we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek üçin deň şertler döredildi. Dalaşgärlere deň derejede teleradioýaýlymlarda efir wagty we saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamalaryny çap etmek üçin merkezi metbugatda ýer berildi. Saýlawlara taýýarlyk işleriniň barşy ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi, şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň mejlisleriniň hasabatlary yzygiderli çap edildi.
Baýramçylyk ruhunda dabaraly ýagdaýda geçen saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynyň işiniň ilkinji sagatlaryndan ilatyň ýokary işjeňlik bilen gatnaşmagy bellenildi.
Şeýle hem ýurdumyzda halkara synçylarynyň işi barada aýdyldy. Olar saýlaw çärelerine taýýarlygyň we saýlawlaryň geçirilişi bilen tanyşdylar.
Abraýly guramalaryň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň Adam hukuklary we demokratik institutlar boýunça býurosynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk edarasynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewiň ýolbaşçylygynda synçylar topary, ABŞ-dan, HHR-e, Türkiýe Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Awstriýadan, Malaýziýadan bolan halkara hem-de garaşsyz synçylar paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge hem-de saýlaw çäresiniň barşy bilen ýerinde tanyş bolmaga, saýlawlaryň aç-açanlykda we adalatly geçendigine göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar.
Soňra ählihalk ses bermegiň maglumatlary beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Ahal, welaýaty boýunça saýlawçylaryň 97,25 göterimi, Balkan welaýaty boýunça — 96,51 göterimi, Daşoguz welaýaty boýunça — 98,02 göterimi, Lebap welaýaty boýunça — 97,07 göterimi, Mary welaýaty boýunça — 97,15 göterimi hem-de Aşgabat şäheri boýunça — 97,15 göterimi ses bermäge gatnaşdylar. Tutuş ýurdumyz boýunça ses bermäge hukugy bolan 3 million 252 müň 243 saýlawçydan 3 million 163 müň 692 adam ýa-da saýlawçylaryň umumy sanynyň 97,28 göterimi ses berdi.
Saýlawlaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow 1,02 göterim, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew 0,21 göterim, “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýew 0,36 göterim, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 97,69 göterim, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Durdyýew 0,15 göterim, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow 0,17 göterim, Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow 0,25 göterim, Balkan welaýatynyň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow 0,09 göterim we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow 0,06 göterim ses aldylar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary dalaşgär Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň sesleriň aglaba köplügini (97,69 göterim) alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny ykrar etdi.
G.Myradow Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ähli agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, türkmen halkynyň ählihalk saýlawlarynda mizemez agzybirlik we jebislik, ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine wepalydygyny görkezip, döwlet ösüşiniň geljekki ýolunda möhüm ädim ädendigini ýene bir gezek nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygyna ýüzlenip, saýlawlaryň barşynda ýüze çykarylan kemçilikler bilen gyzyklandy.
Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, saýlawlar türkmen halkyna mahsus bolan demokratik ýörelgeler, saýlawçylaryň erk-isleglerini erkin beýan etmegi esasynda, saýlaw hukugynda umumy ykrar edilen gizlin ses bermek arkaly geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara synçylary hem-de halklara guramalarynyň wekilleri tarapyndan edilen bellikler we teklipler baradaky soragyna jogap berip, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy düzümine 154 adam girýän halkara synçylar toparynyň Türkmenistanda saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, demokratik we bäsleşik esasynda geçirilendigini kanagatlanma bilen belländiklerini aýtdy. Olar tarapyndan saýlawçylaryň saýlawlara işjeň gatnaşandygy nygtalyp geçildi. Hiç hili bellik edilmedi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam etmek bilen, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň adyndan saýlawlara taýýarlyk görmäge we onuň geçirilmegine işjeň gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlygy beýan etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen ähli guramaçylyk çärelerini hem-de saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işleriniň barşyny içgin seljermek barada görkezme berdi. Eger-de saýlaw möwsüminde tehniki taýdan bökdençlikler emele gelen bolsa, ýakyn wagtda saýlawlary geçirmegiň düzgünlerini kadalaşdyrmak we olary halkara ölçeglerine laýyk getirmek bilen baglanyşykly teklipleri aýtmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz ähli teklipleriň içgin öwreniljekdigini hem-de olar maksadalaýyk tapylan ýagdaýynda milli kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky meselä garaljakdygyny aýtdy.
Soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky raýatlaryň meseleleri we günä geçmek boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýew iş kesilenleriň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň şanly baýramçylyklaryň öňýanynda günäsini geçmek ýörelgesiniň dowam edýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň iş kesilen raýatlarynyň 828-siniň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goranmak ministri Ý.Berdiýewe ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Iş kesilenleri azatlyga çykarmak bilen, biz olaryň etmişine ökünip, ak ýürekli täze durmuşa başlamaga taýýardyklaryna umyt edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň bu asylly çäräni geçirmek bilen, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, Watanymyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilik döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy, günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmagy arzuw etdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ähli deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we ählihalk saýlawlarynyň ýurdumyzyň ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyrandygyny hem-de türkmen halkynyň saýlap alan döwlet ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklandygyny nygtady.
Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagy, düýpli demokratik ýörelgeler, kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň giňeldilmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, hoşniýetli esaslaryň pugtalandyrylmagy ýurdumyzda bu gezekki saýlawlaryň üstünlikli geçmegini üpjün etdi. Şeýle hem döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň we däp-dessurlarynyň täzeden dikeldilmegine giň ýol açdy. Döwlet Baştutanymyza ählihalk tarapyndan giň goldaw berilmegi Türkmenistanyň saýlap alan ösüş ýolunyň dürsdüginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Mejlisiň Başlygy halkymyzyň öz Prezidenti bilen mizemez jebisligini äşgär eden saýlawlaryň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, raýatlaryň döwlet işini dolandyrmakdaky ornuny ýokarlandyrmagyň, demokratik hukuklarynyň we erkinliginiň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hökümet agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. 12-nji fewralda giň bäsdeşlik we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen Prezident saýlawlary ýurdumyzyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyryp, halkymyzyň döredijilik ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň ähli durmuş ulgamynda bagtyýarlygynyň ygtybarly kepili bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň özüniň köptaraply işi bilen watandaşlarymyzy bagtly geljegiň we Watanymyzyň nurana ertiriniň bähbidine täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli daşary syýasat strategiýasy we öňe sürýän oňyn başlangyçlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyna ýardam edýär.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy sözüniň ahyrynda ähli hökümet agzalarynyň ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine, bellenilen giň möçberli meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ähli ukyplaryny, güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ählihalk saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Mejlise gatnaşyjylara aýdan gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz gysgaça çykyş etdi.Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ähli raýatlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saýlaw uçastoklaryna gelip, saýlawlara gatnaşan hem-de ses beren ähli adamlara tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygyny aýtdy.
Geçirilen saýlawlaryň netijeleri halkymyz üçin örän möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz öz pikiriňi, döwlet derejesindäki möhüm meseleler boýunça şahsy garaýşyňy erkin beýan etmek Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendigini aýtdy. Munuň özi biziň her birimiziň raýatlyk hukugymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda özüni goldap, ses beren saýlawçylaryň ählisine aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu gezekki saýlawlaryň jemleriniň bäş ýyl mundan ozal geçirilen saýlawlaryň netijelerinden has ýokary bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu netijeler geçen bäş ýylyň dowamynda uly üstünlikler gazanylandygyna, amala aşyrýan we alyp barýan tutumly işlerimiziň halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilendigine şaýatlyk edýär.
“Bu saýlawlarda mähriban halkymyň maňa bildiren uly ynamy meni galkyndyrýar. Geljekde raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Geçirilen saýlawlaryň netijeleri soňky bäş ýylyň dowamynda amala aşyrylan oňyn özgertmeleri halkymyzyň doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen durnukly ösýändigini, döwletimiziň daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanýandygyny, ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär.
Gazanylan bu üstünlikler berkarar Watanymyzyň kuwwatyny has-da pugtalandyrdy.
“Bu saýlawlarda meni halkymyzyň giňden goldamagy soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde amala aşyran işlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň netijesi diýip pikir edýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz geljek ýedi ýylda hem mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegi ugrunda yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekjekdigine, ýurdumyzyň Hökümetiniň we Howpsuzlyk geňeşiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň netijeli we üstünlikli işlemegi üçin ähli zerur çäreleri amala aşyrjakdygyna ynandyrdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz geljekde hem ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, berkarar Watanymyzda raýatlaryň ähli hukuklaryny hem-de azatlyklaryny doly we gyşarnyksyz berjaý ederis. Ýurdumyzda köp partiýalylyk ulgamyny, şeýle hem bazar gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler dörediler, raýat jemgyýeti yzygiderli pugtalandyrylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemegi we erkin ösmegi üçin zerur bolan ähli işleri geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Ýurdumyzda neşekeşligi we beýleki ýaramaz endikleri düýp-teýkary bilen ýok etmek üçin barlyşyksyz göreş alyp barmagyň ilkinji nobatda durýan möhüm wezipelerdigini belledi. Alyp barýan daşary syýasatymyzda hem hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanyp, dünýä bileleşiginde Garaşsyz Watanymyzyň milli bähbitlerini yzygiderli gorap çykyş ederis diýip, döwlet baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda senagaty yzygiderli ösdürmek, öňdebaryjy, täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin geljekde hem ähli zerur çäreleriň görüljekdigini belledi.
Biziň tagallalarymyzyň baş maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyp, milli Liderimiz öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýylda hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işde uly üstünlikler, mähriban halkymyza rowaçlyk arzuw etdi.