Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 529
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer ministri Muhammad Nawaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Pakistanyň hökümet Baştutany döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady we jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikler arzuw etdi. Şeýle hem Premýer-ministr Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mannun Huseýniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna aýdan bagt, parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Pakistan ähli ugurlarda belent sepgitlere ýeten Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümine mähirli sözlerini aýtdy hem-de Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýokary derejede birek-birege ynanyşmak hem-de hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Taraplar ýurduň ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, diňe bir sebitde däl, bütin dünýäde hem Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti barada aýtdylar, çünki täze energetika magistraly diňe bir taslama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady ösüşine hyzmat etmän, eýsem, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şertini emele getirer.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar häzirki zamanyň ählumumy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belläp, onuň iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat boljakdygyny aýtdylar. Bu bolsa parahatçylygy, durnuklylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmek maksady bilen umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarifi Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Pakistanyň hökümet Baştutany dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.