Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Halkara maslahatynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň çuň manysy bardyr. Dünýäniň dürli ýurtlarynda belentden parlaýan mukaddes Döwlet tugumyz ýakyn gatnaşyklaryň, dostlugyň, we hyzmatdaşlygyň nyşanyny alamatlandyrýar. Türkmenistan özüniň bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda, 142 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we 44 sany iri halkara guramasyna agza bolup durýar. Biziň diplomatik wekilhanalarymyz bu gün Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.
Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň döwletimiziň mizemez sütünleri bolmak bilen, onuň okgunly ösüşini we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny, abadan durmuşyny we kuwwatly ykdysadyýetini, adam baradaky in ýokary aladany iş ýüzünde üpjün etmegiň berk kepilleridir.
Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasatynyň derwaýys häsiýete eýe bolýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynda oňyn bitaraplyk syýasatyny öňe sürdi we işjeň durmuşa geçirip başlady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy baradaky Rezolýusiýalarynyň biragyzdan kabul edilmegi biziň döwletimiziň daşary syýasatyna berlen ýokary bahanyň we giň goldawyň subutnamasydyr.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi hem taryhy waka bolup durýar. Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdi bütin dünýäde parahatçylygy saklamakda bitaraplyk ýörelgeleriniň möhüm ornunyň ykrar edilmegini aňladýar. Bu bolsa, ähli ýurtlaryň we halklaryň parahatçylyk we ösüş maksatlaryna, medeni-ynsanperwerlik gymmatlyklaryna laýyk gelýär.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Türkmenistan şu günler özüniň kuwwatly ösüş ýolunyň täze taryhy tapgyryna gadam basýar. Geçen döwürlerde we häzirki zaman şertlerinde toplanan baý tejribämiz geljege tarap öňe gitmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu bolsa, ilkinji nobatda, çuňňur geosyýasy seljerişe esaslanan we netijeli amala aşyrylýan uzak möhletli strategiki maksatnamalarymyzda öz beýanyny tapýar.
Türkmenistan Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna we oňyn tejribesine daýanmak bilen, mundan beýläk-de halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürer. Bu maksat bilen, biz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassykladyk.
Bu möhüm ähmiýetli resminamanyň baş maksady Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylykly ösüş ýoly bilen öňe gitmegi üçin zerur şertleri üpjün etmekdir. Şundan ugur alyp, Türkmenistan halkara giňişliginde öz milli bähbitlerini gorar we abraýly ornuny mundan beýläk-de berkider.
Biziň döwletimiz ýakyn ýyllaryň içinde özüniň daşary syýasatda tagallalaryny halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna gönükdirer. Hususan-da, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça hyzmatdaşlygy üns merkezinde saklar.
Türkmenistan Milletler Bileleşigi tarapyndan kesgitlenen Durnukly Ösüş Maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşar. Munuň üçin in wajyp ugurlar boýunça, aýratyn hem, energiýa howpsuzlygy, suw üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak we ekologiýa, halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylmaly işler aýdyň kesgitlendi.
Howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň garaýyşlary, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmak bilen, dawalaryň sebäplerini aradan aýyrmak bolup durýar. Ikinjiden, biziň ýurdumyz ähli halkara meselelerini dine syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan birnäçe gezek, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynyň işjeň agzasy bolmak bilen, durnukly energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag-aragatnaşyk ulgamy, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Biziň döwletimiz mundan beýläk hem bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy dowam eder hem-de energiýa, ulag, suw diplomatiýasy babatda netijeli usullary iş ýüzünde amala aşyrar. In halkara guramalary bilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürer.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Garaşsyz döwletimiz dünýä ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde ähli mümkinçilikleri netijeli ulanar. Bu maksatdan ugur alyp, Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky ýaly abraýly düzümler bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkider.
Biziň ýurdumyz durnukly ösüşiň esasy şerti we düýpli meselesi bolan ynsanperwer ugry boýunça hem hyzmatdaşlygy ösdürer. Şunuň bilen baglylykda, bosgunlar, raýatlygy bolmadyk adamlar we migrantlar bilen bagly meseleleri çözmäge işjeň gatnaşar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky Baş komissarynyň müdirligi, Halkara migrasiýa guramasy, Halkara Gyzyl Haç komiteti we ynsanperwer ugurlarda hereket edýän beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň öz işine başlamagy hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.