Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabat şäherinde geçirilýän sergisiniň açylmagy bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Türkiýeli hyzmatdaşlarymyz dürli ugurlarda üstünlikli işlemek bilen, ýurdumyzda köp sanly möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşdylar. Munuň özi türk işewürleriniň geljegi uly bolan türkmen bazarynda öz orunlaryny barha pugtalandyrmagyna mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda iki doganlyk döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar ýokary depginler bilen ösdürilýär hem-de hil taýdan täze derejä çykýar. Bu bolsa ygtybarly we synagdan geçen ynamdar hyzmatdaşlar bolan Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalary bilen geljekde hem özara bähbitli taslamalaryň giň gerim bilen amala aşyrylmagy, işewür gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy we ösdürilmegi üçin oňat esas döredýär.
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Ýurdumyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Bu sergi iki döwletiň işewür toparlary üçin öňdebaryjy tejribäni, ýokary tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek babatda pikir alyşmaga oňat mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistanly we türkiýeli hyzmatdaşlary ýakynlaşdyrýan bu halkara sergi doganlyk ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge itergi berjek möhüm çäreleriň biri bolup durýar.
Serginiň geçýän günleri Türkiýe Respublikasyna wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň senagat we eksport mümkinçiliklerini görkezerler. Bu kompaniýalaryň arasynda ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertlerden peýdalanmagy maksat edinýän täze kompaniýalaryň hem bardygy bizi guwandyrýar.
Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu serginiň ähmiýeti uly bolar diýip pikir edýärin.
Hormatly adamlar!
Sergä gatnaşýan gadyrly myhmanlar!
Sizi Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen-türk dost-doganlygynyň ýylsaýyn berkeýändiginiň şaýady bolan halkara serginiň iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.
Siziň ähliňize türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.