Ï Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIII ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne we türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIII ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne we türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra

view-icon 717
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!


Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen mähirli gutlaýaryn. Senagat, magdanlar we söwda pudaklarynda gazanylan üstünlikleri aýdyň şöhlelendirýän bu serginiň hem-de onuň çäklerinde türkmen-eýran işewürler maslahatynyň geçirilmegi iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny artdyryp, halk hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berýär. Iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige giňden ornaşdyrýar. Bu bolsa geljegi uly bolan türkmen bazarynda mynasyp orun eýelemäge çalyşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlarda, şol sanda eýranly işewürlerde ägirt uly gyzyklanma döredýär.

Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti diýseň uludyr. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanda halkara derejeli sergiler, ylmy maslahatlar, işewürler duşuşyklary giň gerim bilen geçirilýär. Munuň özi dünýä ýurtlary bilen uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Bu ugurda türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň iki ýurduň işewürleriniň arasynda özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini nygtamak isleýärin. Ägirt uly ylmy we senagat mümkinçiliklerini äşgär edýän köpugurly sergi we onuň çäklerinde geçiriljek türkmen-eýran işewürler maslahaty hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda geçirilýän bu serginiň we işewürler maslahatynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, işewür başlangyçlary kesgitlemäge, dürli taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga doly mümkinçilik dörediler. Bu giň möçberli sergi we onuň çäklerinde geçirilýän işewürler maslahaty Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezýär.

Sergä gatnaşýan hormatly myhmanlar!
Eziz adamlar!


Ak mermerli paýtagtymyzda dostlukly goňşy ýurduň yzygiderli geçirilýän bu sergisiniň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolmak bilen, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen we eýran halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkemegine we ösmegine gönükdirilen asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.