Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna iş sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna iş sapary

view-icon 739
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň derejesinde geçirilýän XIII ýokary derejeli sammitine gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň daşary syýasatyny anyk kesgitlenen ýörelgeler we halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän däp-dessurlaryny, medeni gatnaşyklaryny özünde jemleýän taryhy tejribesine esaslanýan Bitaraplygyň binýatlyk ýagdaýlary esasynda ýola goýýar. Munuň özi döwletimize ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli we deň hukukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam berýär hem-de islendik meseleler boýunça özara kabul ederlikli çözgütleriň kabul edilýän işjeň gepleşikleri guramak we halkara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işjeň herekete girizmek üçin şertleri döredýär.

Dünýä we sebitleýin ösüşiň täze meýillerini özünde jemleýän “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem beýleki halkara we sebitara guramalar bilen giň hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap döwletimiziň halkara ýörelgesiniň möhüm ugry bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz parahatçylygy, howpsuzlygy, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara işi alyp barmak üçin bu düzümleriň mümkinçilikleriniň işjeň ulanylmalydygyny nygtady.

Ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolup durýar. YHG-nyň esasy resminamalarynda görkezilen maksatlar we wezipeler Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alyp barýan we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan özgerdilmegine, halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilen döwlet syýasatyna laýyk gelýär.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy – 1985-nji ýylda Orta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan döredilen sebitleýin döwletara ykdysady düzümdir we 1977-nji ýylyň 12-nji martynda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan esaslandyrylan hem-de şol üç ýurduň gol çeken Izmir şertnamasynyň Tertipnamasynyň esasynda hereket edýän ösüş üçin Sebitara hyzmatdaşlyk guramasynyň hukugyny dowam etdiriji bolup durýar. Bu guramanyň işiniň esasy ugurlary YHG-a agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň iki ýyldan bir gezek geçirilýän sammitlerinde kesgitlenýär.

Guramanyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyk özygtyýarly deňlik, agza döwletleriň birek-birege hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. YHG-nyň esasy wezipeleri sebitiň ykdysady ösüşi, onuň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna yzygiderli we tapgyrlaýyn goşulmagy üçin oňyn şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu gurama agza ýurtlar – umumy strategik maksatlar bolan ykdysady düzümi, häzirki zaman institutlaryny döretmek, önümçiligi ýokarlandyrmak we sebitara söwdany giňeltmek ýörelgelerini ugur edinýärler.

YHG-nyň bu gezekki gün tertibi ygtybarly ulag-üstaşyr ulgamyny döretmek, söwda işlerini ýeňilleşdirmek, serhetýaka söwdany giňeltmek, energetika serişdelerini netijeli peýdalanmak, bir bitewi energiýa ulgamy, şeýle hem umumy ykdysady giňişligi döretmek meselelerini öz içine alýar.

Ählumumy abadançylygyň bähbidine özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinýän ýurdumyz sebitleýin we ählumumy oňyn ýagdaýlaryň işjeňleşdirilmegine, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ýaly ýörelgeleri daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitläp, Türkmenistan milli we ählumumy halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýän syýasaty ýöredýär.

Häzirki döwürde ýurdumyz parahatçylygy saklamak, howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli çärelerini işläp taýýarlamak, iri sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly ählumumy ähmiýetli möhüm wezipeleriň çözülmegine işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän we birek-birege düşünişmek, durnuklylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, ähli döwletleriň we halklaryň ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlary hem-de netijeli teklipleri yzygiderli öňe sürmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, sebitleýin düzümler, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

... Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Yslamabat şäheriniň YHG-a agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Nur Han” howa menzilinde gondy.

Bu ýerde, howa menzilinde resmi garşylaýyş dabarasy boldy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna haly düşelen ýodanyň gyrasynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi we 21 gezek top atyldy. Milli lybasdaky oglan we gyz Türkmenistanyň Baştutanyna gül desselerini gowşurdy.

Howa menzilinde milli Liderimizi Pakistan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni “Serena” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna tarap ugrady.

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif mähirli garşylady.

Soňky ýyllarda diňe bir çäk taýdan ýakynlygy däl, eýsem, çuňňur taryhy kökleri, medeni, ruhy däpleriň umumylygy bilen baglanyşýan ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, Pakistan Yslam Respublikasy ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna we milli Liderimiziň durnuklylyk, abadançylyk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip gelýär. Pakistanyň ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgesine we bu derejäniň Milletler bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine bolan tekliplerini ilkinjileriň hatarynda goldamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, bu teklip ilkinji gezek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilen mejlisinde öňe sürüldi.

Pakistan tarapynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny hakyndaky teklibini doly goldandygyny bellemeli. Öz gezeginde biziň ýurdumyz Pakistanyň halkara guramalardaky, ilkinji nobatda bolsa, BMG-däki abraýynyň hem-de ähmiýetiniň berkidilmegi bilen baglanyşykly tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Yslamabatda geçirilýän bu gezekki sammite Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Prezidentleri, hökümet baştutanlary we ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem oňa birnäçe halkara guramalaryň wekilleri geldiler.

YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli ösüşiniň geljekki maksatnamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylan duşuşygynyň söwda, ulag we aragatnaşyk, energetika, syýahatçylyk, durmuş abadançylygy we daşky gurşaw ýaly ugurlary öz içine almagy has-da ähmiýetlidir.

Ulag-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu pudagyň goňşy döwletler bilen iri sebitleýin we yklymlaýyn taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellemeli. Bu bolsa Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly kuwwatly ykdysady merkezleriň, Aziýa—Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň deňiz menzillerine çykalgany üpjün etmek bilen, Ýewraziýa giňişligindäki oňaýly ulag gatnawlary üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, 2014-nji we 2015-nji ýyllaryň dekabr aýlarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetine bagyşlanan iki Kararnamany kabul edendigini aýtmaly. Olar durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek hakyndaky teklibi resmi taýdan berkiden ilkinji resminamalar boldy.

Türkmenistan Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we oňa gatnaşyjy bolup durýar. Çünki Merkezi Aziýadan Günbatara ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek we hil taýdan täze derejede Ýewraziýanyň iki dünýä ykdysady ugurlaryny birikdirmek maksadyny ýerine ýetirmekde has-da ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ýaly üç dostlukly döwleti birleşdiren halkara ulag ýolunyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny bellemeli. Bu polat ýol Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly demir ýol ugruny üpjün etmäge mümkinçilik berýän halkara ulag düzüminiň ähmiýetli bölegine öwrüldi.

2013-nji ýylyň iýun aýynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň ýola goýulmagynda möhüm orun eýelär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman we Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgeleriniň taslamalary beýleki bir möhüm başlangyç bolup durýar.

Onuň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak maksady bilen goňşy ýurtlar bu taslama uly gyzyklanma bildirýärler.

Energetika meseleleri sammitiň gün tertibiniň esasy ugurlary boldy. Mälim bolşy ýaly, energiýa serişdeleriniň köpugurly esasda ugradylmagy ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu mesele boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň tarapdary bolup durýar. Dünýäniň köp döwletleriniň Türkmenistanyň dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ygtybarly we howpsuz ugratmak boýunça kepillikler baradaky başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny bellemeli. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul eden degişli Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda energiýa serişdeleriniň köpugurly esasda ugradylmagynyň, gaz geçirijileriň köp şahaly we köpugurly ulgamynyň döredilmeginiň ählumumy energetika ulgamynyň durnukly ösdürilmegini, onuň syýasy, ekologiýa, tehnogen we beýleki töwekgelçiliklerden goraglylygyny şertlendirýändigini yzygiderli belleýär. Halkara energetika ulgamyna täze giňişlikleriň we bazarlaryň goşulmagy dünýäniň senagat ulgamyna, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge, täze iş orunlarynyň emele gelmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Netijede bolsa, birnäçe sebitlerde, döwletlerde syýasy ýagdaýyň durnuklaşmagyny, olaryň esasy ösüş ugurlaryna deňhukukly hyzmatdaşlar hökmünde goşulmagyny üpjün eder diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna biziň ýurdumyz birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan deňhukukly hyzmatdaşlyk hökmünde garaýar. Mälim bolşy ýaly, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegini hyzmatdaşlarymyz, iri halkara maliýe institutlary goldaýar. Bu bolsa taslamanyň ähmiýetlidigini alamatlandyrýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň köpugurly gaz geçiriji düzümiň gurluşygyny öňe sürmegi döwletara we sebitara gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn şerti bolup durýar. Mundan başga-da, ýurdumyz şeýle düzümiň döredilmegine Ýewraziýa energetika giňişliginde uglewodorod serişdelerine we olaryň ugradylmagyna hyzmatdaşlar üçin deňhukukly mümkinçiligi üpjün etmegiň esasynda bähbitleriň deňeçerligini saklamagyň möhüm şerti hökmünde garaýar.

Daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bu gezekki duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolup durýar. Bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugruny emele getirýär. Tutuş adamzady tolgundyrýan meseleleriň çözgüdinde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegini we howpsuzlygyň beýleki görnüşlerini aýry-aýrylykda ýola goýmagyň mümkin däldigini öňe sürýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň tebigy hadysalaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren işjeň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite Maksatnamasyny, Birleşen Milletler Guramasynyň suw boýunça resminamasyny – BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem özüniň biologik köpdürlüligi bilen tutuş adamzat üçin ähmiýetli Hazar deňzinde ekologik we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň işjeň köptaraply guralyny döretmek ýaly teklipler bar.

... Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammiti “Serena” myhmanhanasynda geçirildi.

Ýokary derejeli forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda “Şiş Mahal” zalynda YHG-a agza ýurtlaryň döwlet hem-de wekiliýet baştutanlarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Resmi açylyş dabarasy tamamlanandan soň, sammitiň mejlisi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki sammitde çykyş etmek bilen, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli iş üçin döredilen mümkinçilik üçin Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki duşuşygyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzüminiň giňelmeginiň 25 ýyllygynda geçirilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylary bu şanly sene bilen gutlady we hemmelere abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

20 ýyldan gowrak mundan ozal, has takygy, 1995-nji ýylyň 15-nji martynda hut şu ýerde, Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistana bitaraplyk hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyjy goldamak boýunça Yslamabat Jarnamasynyň kabul edilendigini bellemek meniň üçin aýratyn ýakymlydyr. Yslamabat Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýasynyň esasynda duran ilkinji halkara resminamalaryň biri boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.

Siziň bilşiňiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany hem kabul etdi. Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdi Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda bitaraplygyň ägirt uly hyzmatynyň ykrar edilmegi boldy. Bu bolsa, öz gezeginde, ähli ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, olaryň durmuşynyň ruhy we medeni-ynsanperwer esaslaryny gorap saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň hut şu umumadamzat gymmatlyklaryndan ugur alyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerine netijeli gepleşikler üçin geljegi uly bolan we oňyn şert hökmünde garaýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň sebitdäki gatnaşyklary biziň döwletlerimiziň her biriniň uzak möhletli bähbitlerine laýyklykda ýola goýmaga ýardam berýändigini aýtdy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygy giňeltmek, aýratyn-da, sebit üçin örän möhüm ähmiýeti bolan howpsuzlyk ýaly meselede uly mümkinçiliginiň bardygyna berk ynanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz onuň netijeli üpjün edilmegini Türkmenistanyň howpsuzlygyň bitewülik we bölünmezlik kadalarynyň esasynda görýändigini belledi. Bu ýagdaý syýasy, ykdysady, energetika, azyk, ekologiýa howpsuzlygyny we howpsuzlygyň beýleki görnüşlerini aýry-aýrylykda üpjün edip bolmajakdygyny aňladýar. Olar bir-biri bilen bagly bolup, geosyýasy we geoykdysady babatda ýeke-täk bitewüligi emele getirmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara derejede ibermegiň ulgamyny ählumumy ykdysadyýetiň iň bir çeýe bölekleriniň biri hökmünde ykrar edýär. Ýurdumyz degişli başlangyç bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna daýanyp, bu başlangyjy yzygiderli durmuşa geçirýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň iri başlangyçlarynyň hatarynda ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň halkara-hukuk binýadyny döretmegi görkezdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegi bu başlangyjyň netijesidir. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi dünýäniň energiýa üpjünçiliginiň, has dogrusy, onuň energiýa howpsuzlygynyň halkara hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda ilkinji ädimleriň biridir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň energetika strategiýasy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli kadalaryna esaslanýandygyny, onuň geografiýasynyň giňelmegine, halkara energiýa işlerine gatnaşmaga gyzyklanýan barha köp sanly ýurtlaryň çekilmegine daýanýandygyny belledi.

Soňky ýyllarda biz Türkmenistan—Özbegistan—Gazagystan—Hytaý we Türkmenistan—Eýran ugurlary boýunça gaz geçirijileri gurduk. Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişdik. Görnüşi ýaly, bu taslamalar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Giň möçberli we uzak möhletli milli maksatnamalaryň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi ulag pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge gönükdirilendir. Degişli üpjünçilik ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmäge hem-de ösdürmäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasy şu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglydygyny belläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny öňe sürýändigini we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýändigini aýtdy.

Bu taslamalaryň hataryna Gazagystan—Türkmenistan—Eýran, Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan transmilli demir ýollarynyň gurluşygy, Özbegistan—Türkmenistan—Eýran—Oman, Owganystan—Türkmenistan—Azerbaýjan—Gruziýa—Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şeýle hem «Demirgazyk—Günorta», «Gündogar—Günbatar» ugurlary boýunça birnäçe beýleki ulag taslamalary hem bar. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň bähbitlerine gönüden-göni laýyk gelýär. Ýewraziýa yklymynda beýleki sebitler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Men bu ugurda bilelikdäki tagallalarymyzy işjeňleşdirmegi zerur hasap edýärin diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllaryň dekabrynda iki sany Rezolýusiýany kabul edendigini, bu Rezolýusiýalaryň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň hyzmaty baradaky meselä bagyşlanandygyny belläp, milli Liderimiz hut şu resminamalaryň geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahaty geçirmek üçin berk hukuk esasyny döredendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli bu maslahatyň çözgütlerini ösdürmekde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, şu ýyl Aşgabatda bu gurama agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny guramagy teklip etdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi beýleki üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hem höweslendirýär. Hususan-da, tejribäniň görkezişi ýaly, gurulýan turbageçirijileriň gapdaly bilen elektrik geçiriji täze ulgamlary we beýleki kommunikasiýalary gurmak üçin hem mümkinçilik döreýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Mysal üçin, 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan, Owganystan we Pakistan elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky üçtaraplaýyn resminama gol çekdiler. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik energiýasyny ibermek üçin üpjünçilik ulgamlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde şu üçtaraplaýyn görnüşde optiki-süýümli ulgamy çekmegiň taslamasy boýunça hem iş alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

2017-nji ýylyň 14 — 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Owganystan boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk etmegiň ýedinji sebit maslahatynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu maslahatyň geçirilýän döwründe sebit üçin şolar ýaly we beýleki uly ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen has jikme-jik tanşyp bolar diýip, ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ylalaşygyň gazanylmagy sebitde ösüşiň hem-de öňe gitmegiň esasy şertleri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny hormatly Prezidentimiz aýratyn belledi. Biziň ähli syýasy-diplomatik tagallalarymyz we başlangyçlarymyz şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu bolsa doganlyk Owganystanda ýagdaýy durnuklaşdyrmak, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny dikeltmek boýunça onuň tagallalaryna doly ýardam bermegi aňladýar diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi.

Türkmenistan uzak ýyllaryň dowamynda Owganystana anyk ykdysady we ynsanperwer kömegi berip gelýär. Bu kömek goňşy ýurduň çäklerinde lukmançylyk we bilim edaralaryny gurmakda, elektrik energiýasyny ýeňillikli nyrhlar bilen ibermekde, Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde owgan talyplaryny okatmakda, Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegini bermekde hem-de ýardam bermegiň beýleki görnüşlerinde aýdyň görünýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Bu ugurda gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle goldawyň geljekde hem beriljekdigine, özi-de yzygiderli esasda beriljekdigine duşuşyga gatnaşýanlary ynandyrdy. Bu goldaw içerki owgan syýasy ýagdaýynda belli bir oňyn alamatlaryň ýüze çykýan häzirki döwründe aýratyn möhümdir diýip, türkmen Lideri nygtady.

Owganystanyň iri sebit we halkara üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy bu ugurda has netijeli usul bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de biz Owganystan üçin strategik geljegi, onuň sebit we ählumumy meselelerdäki ornuny, owgan halkynyň gülläp ösmeginiň hem-de abadançylygynyň girewini hut şunda görýäris diýip belledi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bolan biz bu gazanylan netijeleri bilelikde toplanan oňyn tejribe hasap edip bileris diýip, milli Liderimiz nygtady. Ýöne wagt bir ýerde durmaýar. Häzirki ýagdaýlary, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri, sebitdäki ýagdaýlaryň barşynyň we ugrunyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, guramanyň işine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy bizden talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şoňa görä-de, Türkmenistan şu günki waka biziň guramamyzyň işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Geçilen ýola baha bermek we oýlanmak, geljek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek nukdaýnazaryndan seredýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, biz bu guramany syýasylaşdyrmaly däldiris. Umumy bähbitleriň artykmaç taraplaryny we üstünliklerini artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge çalyşýan döwletlerimiziň hyzmatdaşlyk etmeginiň esasy guraly hökmünde onuň ykdysady mazmunyndan gyşarmalara ýol bermeli däldiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mälim etdi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşyny jemläp, duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisiniň şu pikire goşulýandygyna ynam bildirdi.

Sammitiň barşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary we ýokary wezipeli wekilleri bu düzümiň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösüşine öz garaýyşlaryny aýtdylar.

Forumyň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitini geçirmek barada karar kabul edildi.

***

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi.

Pakistan Yslam Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabat şäheriniň “Nur Han” adyndaky howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.