Ï Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Türkmenistan — BMG: Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk» atly dabaraly mejlise gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Türkmenistan — BMG: Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk» atly dabaraly mejlise gatnaşyjylara

view-icon 1122
Hormatly dabaraly mejlise gatnaşyjylar!

Sizi Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna deňhukukly we doly derejeli agza bolmagynyň 25 ýyllygy we bu şanly sene mynasybetli dabaraly mejlisiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik esasda ýakyndan we köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasy dünýäde iň iri we abraýly halkara gurama bolmak bilen, häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamynyň esasyny düzýär hem-de derwaýys meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar we gepleşikler arkaly çözülmeginiň kepili bolup durýar.

Milletler Bileleşigi dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu ugurdaky öňde goýlan uzak möhletli maksatlary bilelikde amala aşyrmakda ähli agza döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji esas bolup hyzmat edýär. Bu aýratyn hem dünýäde syýasy deňagramlylygy saklamakda, bähbitleriň özara utgaşykly bolmagyny gazanmakda we olary bir ugra gönükdirmekde zerur bolan şertleri döretmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir.

1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna doly ygtyýarly we deňhukukly agza bolmak bilen, öz üstüne uly halkara jogapkärçiligi bolan borçlary hem aldy we olary gyşarnyksyz ýerine ýetirip gelýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýynyň 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen ykrar edilmegi hem halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda ilkinji tejribe boldy. Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şeýle ýokary derejede goldanylmagy halkara syýasatyň aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolan täze mazmunly guralynyň döränligini aňlatdy. Bu taryhy wakanyň 20 ýyllyk şanly senesi bellenilip geçilen 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy baradaky ikinji Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň iş ýüzündäki amala aşyrýan daşary syýasy ädimleriniň giň halkara jemgyýetçiligiň hem bähbitlerine laýyk gelýändigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn özara arkalaşykly hereketlerde doly görünýär. Biziň döwletimiziň bu guramanyň ýolbaşçy düzümlerine, şol sanda birnäçe gezek Baş Assambleýanyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy munuň aýdyň şaýatnamasy bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň ençeme ýöriteleşdirilen edaralarynyň, ýagny Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdiriýetiniň, Ilat gaznasynyň wekilhanalary hemişelik esasda işleýär. Bu hyzmatdaşlygy maksatlaýyn esasda amala aşyrmagyň çäklerinde biz Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde dürli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirýäris.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Aşgabatda bu guramanyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň netijeli işlemegi bilen, sebitde howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe boldy. Öňüni alyş diplomatiýasynyň däp bolan usullarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi bu ugurdaky netijeli gurallaryň işlenilip düzülmegi bilen utgaşmalydyr. Şu mynasybetli, Türkmenistan häzirki zamanyň çylşyrymly meseleleriniň, ilkinji nobatda, parahatçylykly ýollar bilen we syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine uly ýardam berýär. Munuň esasynda biz giň mazmunly howpsuzlygyň bitewüligi we bölünmezligi ýörelgesini goýýarys hem-de onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy ugrunda çykyş edýäris.

Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň uzak bolmadyk taryhy döwürde gazanan parahatçylygy döredijilik tejribesinde hem öz beýanyny tapýar. Bu tejribeden ugur alyp we uzak geljege gönükdirilen ösüş maksatnamalaryny göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistan parahatçylygy gorap saklamak we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin gepleşikleri geçirmek, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak we iri sebit taslamalaryny amala aşyrmak, çuňňur medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly halkara derejede ileri tutulýan meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Hususan-da, goňşy we dostlukly Owganystanda parahatçylykly durmuşy ýola goýmak, sebitiň suw-energetiki serişdelerinden ýerlikli peýdalanmak, ekologiýa we tebigaty goramak, durnukly ösüşe gönükdirilen energiýa üpjünçiligi we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek ýaly ugurlarda Türkmenistan anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi we olary yzygiderli amala aşyrýar. Biziň döwletimiziň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegi baradaky, şeýle hem durnukly ulag meseleleri boýunça rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Munuň şeýledigi şu ýylyň 18-nji fewralynda kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» hem özüniň anyk beýanyny tapýar. Bu strategik häsiýetli resminama biziň döwletimiziň orta möhlet üçin halkara işiniň mazmunyny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä hem-de sebit ösüşiniň täze şertlerinde amala aşyrmaly zerur daşary syýasy çäreleriniň esasy ugurlaryny hem-de çemeleşmelerini aýdyň beýan edýär.

Hormatly dabaraly mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!


Sizi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli hem-de bu senä bagyşlanan dabaraly mejlisiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gün tertibinde duran meseleler boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda öňe sürjek teklipleriňiziň parahatçylygyň we howpsuzlygyň, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga we hil taýdan ýokary derejä götermäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.