Olaryň ählisi edil saýlanylyp alnan ýaly daýwadan owadan, olaryň arasyndan haýsy birini bijebaşy etmek kyn bolsa-da, oba baýramlary we maşgala dabaralary üçin iň gowylaryny tapýarlar. Düýä ýörüte howut-kejebe dakyp, üstüne içi otly halta atyp, onuň üstünden keçe ýada haly ýazýarlar. Onuň başyna gupba geýdirýärler. Gapdallaryna düýebaşlyk, boýnuna bolsa jaňjagazlar dakylýar. Düýe eýesi kejebä münüp, „çüw“ diýenden ol aýaga galyp, howlukman-alwasaman ýola düşýär...
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda düýeler kändir. Her gün agşam olar öri meýdanlaryndan öz eýeleriniň öýüne-ýatagyna dolanýarlar.Onsoň öý hojalykçy zenanlar olary sagýarlar, bu iş irdenem gaýtalanýar, soňra olar ýene örä iberilýär.
Maýa düýeleri zenanlar dik duran ýerinden ujy ýüpli bedrä sagýarlar. Düýe süýdi 3,5-5,0 göterim ýagly bolup, ol gowy saklanylýar, uzak wagtlap uýamaýar. Onuň süýjümtil, gowy tagamy bar. Ol şol durşuna-da içilýär, ondan agaran we ülkämiziň dürli künjeginde halanylyp içilýän çal alynýar. Çala turşumtyl çalda witaminler kändir, ol teşneligiňi gowy gandyrýar. Çaly adam bedeni ýeňil özleşdirýär, dem alyşa, iýmit siňdirilişine gowy ýardam edýär.
Maýa düýeler sagylanda ýanynda köşegi bolmasa, ol süýt bermeýär. Sagmazdan ozal köşegi az-kem enesini emmeli. Bir sagymda 2,5, günüň dowamynda 6 litr süýt alnýar. Öýde bolýan düýelerden has köp süýt alynýar, çünki olara döwlen arpa, şulha,künje berilýär. Maýalar tutuş ömrüne 10 golaý köşek berýär. Iň kyn ýeri düýäni sagyma öwrenişdirmek, bir aýdan soň ol köşeşýär, onsoň ony arkaýyn sagybermeli.
Düýe saklaýan hiç haçan oňa gygyrmaly däl, urmaly däl, bu öýkelek jandar diňe mähirli bolsaň halaýar. Täze alnan düýäni öwrenişdirmek üçin oňa ýagşy garamaly, gowy seretmeli. Düýe başyny alyp gitmez ýaly ýerden gaty beýik bolmadyk belentlikde ýüp oralan kiçeňräk ýatakda saklamaly.
Biziň ýurdumyzda yssy howa çydamly, ýöne sowuk howany halamaýan ýeke örküç arwanalar saklanylýar. Ol iýmit saýlamaýar. Käte meýdanlarda şoradyr ýandakdan başga zat tapdyrmaýar, ýöne düýe şolar bilenem oňýar. Derýalaryň we kanallaryň kenarlaryndaky gamyşygyga düýe barmaz. Çybynlardan ejir çekensoň olar çyg ýerleri halamaýarlar. Olar üçin gurak çölden gowy ýer ýok. Düýedarçylyk hojalyklarynda olaryň sürüsiniň ýanynda tezek tüsseledýärler. Tomus günleri olara ýörüte dermanlar sepýärler, şeýle hem tüýüniň arasyna giren jandarlary öldürmek üçin çäreleri amala aşyrýarlar.
Ýylda bir gezek, apreliň ortasynda gyrkym geçirilýär. Ozallar bu kyn we howply işdi. Munuň üçin düýäni berk daňyp, ýykmaly, soňra bolsa 5-6 adam eli gyrkylykly ony gyrkardylar. Olar bir günde 15 düýe gyrkýardylar.Sakarçägede täze usul oýlap tapypdyrlar. Olary galyň agarlardan gurnalan uzyn ýataga salýarlar, her janaweri naw bilen gurşap,, elektrik enjam bilen gyrkýarlar. Onuň ýüňüni haltalara salyp, toparlara bölýärler. Uly ýaşly düýeleriň ýüňi gödek we garamtyl, ýaşlarynyňky açyk reňkli bolýär. Gün içinde 100 düýe gyrkymdan çeçirilýär, olaryň hersinden 2 kilogramdan 4 kilograma çenli ýüň alynýar. Ondan mata edilýär, ýorgança dokalýar, ýassygyň içine salynýar, düýe ýüňünden dokalan saçakda çörek uzak wagtlap gowy saklanýar.
Gündogarda düýe asyrlarboýy özboluşly ulag serişdesi bolupdyr. Onuň bilen ýer sürlüpdir, däne döwülipdir, çuň guýylardan suw çykarylypdyr. Ol öz agramynyň ýarysyna golaý, has irileri 700 kilogramdanam artyk ýük daşap bilýär. Şeýle agyr ýükli bolsa-da, köplenç suwsyz-sölsüz çölde gün içnde onlarça kilometr ýol aşýar. Ýeňilden äwmän ýöreýän düýe uly aralyklara hem ýüki arman-ýadaman daşap bilýär. Onuň üstünde oturan adam hatam ýazyp bilýär. Onuň dabanlary öri meýdanlaryny zeper ýetirmeýär.