Döwlet baştutanynyň Kararyna laýyklykda geljek ýyl ýurdumyzda 760 müň gektar ýere güýzlük galla ekmek hem-de 1 million 600 müň tonna galla ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär, ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy üçin ähli şertler döredildi. Babadaýhanlar ýokary hilli tohumlar, dökünler, döwrebap tehnikalar, suw we beýlekiler bilen doly üpjün edilýär.
Döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmek we galladan ýokary hasyl almak üçin gallaçylar 23-nji awgustda başlanýan ekişi ýokary hilli, gysga möhletde we agrotehnikanyň ähli kadalaryny amal edip gurnamalydyrlar.