Ï Uly Balkan –Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsiniň seýrek duşýan we gymmatly görnüşleriniň ýaýran ýeridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uly Balkan –Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsiniň seýrek duşýan we gymmatly görnüşleriniň ýaýran ýeridir

view-icon 8813
Uly Balkan –Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsiniň seýrek duşýan we gymmatly görnüşleriniň ýaýran ýeridir
Uly Balkan –Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsiniň seýrek duşýan we gymmatly görnüşleriniň ýaýran ýeridir
Uly Balkan –Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsiniň seýrek duşýan we gymmatly görnüşleriniň ýaýran ýeridir
Uly Balkan –Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsiniň seýrek duşýan we gymmatly görnüşleriniň ýaýran ýeridir
Uly Balkan –Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsiniň seýrek duşýan we gymmatly görnüşleriniň ýaýran ýeridir
Uly Balkan –Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsiniň seýrek duşýan we gymmatly görnüşleriniň ýaýran ýeridir
Uly Balkan – daş-töweregi çägeli çöllükler we düzlükler bilen gurşalan dag gerşidir, onuň kert gaýalarynda we jülgelerinde, çeşmeleriniň boýunda suwly ýeri halaýan ösümliklerdir garry agaçlar bar. Uly Balkanyň iň belent “Arlan” gerşi deňiz derejesinden 1886 m belent ýerleşýär. Ol ýurdumyzyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşip, onuň demirgazyk tarapy kert gaýaly, günbatar tarapy bolsa, ownuk daşly, ýapgyt eňňitli dagdyr. Uly Balkanyň gatlaklaryny onuň jümmüşinden ýokary göterilen aşaky we orta ýura döwrüniň dag jynslary emele getirýär. Bu ýerde gadymy Tetis deňzinden galyp, ýokary göterilen dag jynslarynyň düzümindäki daşa öwrülen mollýuskalardyr we ösümlikler gadymy döwürlerden galan nyşandyr.

Uly Balkanda juda çäkli ýere ýaýran we has gadymy – relikt ösümlikleriň görnüşleri, ýagny, diňe şu daglara häsiýetli ösümlikleriň 20 görnüşi gabat gelýär. Olar: balkan astragaly, Bobrowyň anisi, balkan gamagy, ispagan pişigoty, balkan hedizarumy, Korowiniň keppegöweni, balkan towşandodagy, Galinanyň keýigoty we beýleki ösümliklerdir. Uly bolmadyk bu dag gerşlerinde paporotnik şekillilere, borjaklaryň we ýowşanlaryň birnäçe görnüşlerine duş gelmek bolýar. Bu köpugurly ekosistemanyň düzüminde dermanlyk, iýmitlik, bezeg, boýag, efir ýagly ösümlik görnüşleriniň wekilleri hem bar.

Köp sanly iş saparlarynda olaryň ösüş aýratynlygy, ýaýran ýerleri, gorlary öwrenilýär. Uly Balkanyň ösümlik dünýäsinde duş gelýän seýrek we has gymmatly ösümlik görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi, olardan: dermanlyk birsepere, ýuka ýaprakly anogramma, Miheliň çigildemi degişlidir. Alymlar bu görnüşleriň ýaýran ýerlerine, olaryň ýabany tebigatdaky populýasiýasyna gözegçilik edýärler. Olaryň çägemik ýaly käbir görnüşleri, oňa kähalatlarda türkmen klýukwasy hem diýilýär, birlän-ikilän gabat gelýär. Gadymy görnüşleriň biri bolan çäkli ýerde gögerýän endemik jebel rezedasy Nazarekerem, Jebel we Garaçagyl derelerinde duş gelýär. Seyrek duşýan Ýewgeniniň sogany dag eteklerini halaýar, ol Goşaguduk, Lammaburun we Başmowur jülgelerinde ösýär.

Uly Balkanyň gurak howa şertlerine çydamly türkmen arçasy bu daglaryň bezegidir. Onuň daş gatyşykly topraga siňen berk kökleri möwsümleýin sil akymlaryna durnuklydyr. Arçanyň berkligine garamazdan, köpelijiligi örän pesdir. Onuň gozasy entek ösüş döwründe dürli sebäplere görä guraýar, muňa esasan hem zyýanly mör-möjekler sebäp bolýar. Topraga gaçan tohumlary hem ýerli şertlere örän haýal we kynlyk bilen uýgunlaşýarlar. Alymlar bu ýagdaýy içgin öwrenip, ony medeni ýagdaýda ösdürip, tebigy ýerlere ekýärler.

Uly Balkanyň dag gerişlerinde türkmen arçasy deňiz derejesinden 800 m belentlikde ösüp başlaýar we daglaryň ýokary guşaklyklarynda seýrek arça tokaýlyklaryny emele getirýär. Gazaply howa sertlerinde uly arça agaçlary özünden aşakdaky ösümliklere ösüş gurşawyny döredýär, olary sil akymlaryndan, güýçli ýellerden we Günüň ýiti şöhlesinden goraýar. Sol sebäplem arça agajyny çapmak düýbinden gadagandyr, çünki ol dag toprakly gatlaklarynyň sil akymy netijesinde ýuwlup aýrylmagyna we topragyň hasylly gatlagynyň ýok bolmagyna getirer.

Uly Balkanyň ösümlikleriniň köpüsiniň düzüminde biologiki işjeň maddalar bolup, plar parfýumeriýa hem-de derman senagaty üçin gymmatly çig mal bolup biler. Şu günler hem näzik aýratyn ekosistemanyň özboluşly genofondunyň goralmagy we köpeldilmegi, bu ýeriniň gadymy ösümlikler dünýäsiniň seýrek görnüşlerini ylmy aýdan çuňňur öwrenmek, adamlaryň hojalyk işiniň daşky gurşawa täsirine analiz bermek alymlaryň öňünde duran wajyp wezipedir.