Ï Seýdiniň NGIZ-nde ýokary oktanly benzin çykarylyşy artdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seýdiniň NGIZ-nde ýokary oktanly benzin çykarylyşy artdyryldy

view-icon 1087
Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda ýylyň dowamynda 241 müň tonnadan gowrak göni saplanylýan benzin gaýtadan işlenildi. Şunda 134 müň tonna golaý A-92 belgili benzin, 23 müň tonnadan gowrak A-80 belgili awtomobil benzini, 4,7 müň tonna ekstraksion benzin we bäş müň tonna golaý suwuklandyrylan gaz öndürildi.

Bu ýerde awtomobil benzinini öndürmekde ulanylýan ýokary oktanly komponent almaga niýetlenen LÇ 35-11/1000 katalitik riforming enjamynyň ulanylmaga berlenine bir ýyl boldy. Bu enjamda baryp çärýek asyr mundan ozalam ýokary oktanly köp reformat alynýardy. Emma ol ýigrimi ýyllap ol ulanylmandy, çünki Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawody ýurduň awtomobil ýangyjyna islegini doly kanagatlandyrýardy.

Häzirki wagtda ýurduň senagat önümçiligniň çalt depginlerde ösdürilmegi ýangyç öndürilişiniň artdyrylmagyny talap edýär. Şu maksat bilen Seýdiniň NGIZ-niň durky täzelenildi. Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýasynyň hünärmenleri ýokary oktanly benzin öndürmek üçin könelen enjamy çalyşdylar, şeýle hem ekstraksion benzine bildirilýän hil talabyna laýyk geler ýaly göni saplanylýan ýeňil benzini yssyzlandyrýan enjamy goşmaça goýdular. Indi Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän A-92 belgili benzin we dizel ýangyjy eksporta ugradylýar.

Gaýtadan işlemegiň ýokary depginleri netijesinde ekstrasion benziniň çykarylyşy ýokarlandy. Kärhanada nebti deslapdan duzsyzlandyrýan we benzini gaýtadan saplaýan garyşyk howa-basyşly enjam işledilýär. Lebaply nebti gaýtadan işleýjiler harytlyk önüm almak üçin tebigy çig mal bolan nebit we gaz kondensatyny ulanýarlar.