Ýylyň başynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi daýhan birleşikleri we hojalyklary, kärendeçiler we hususy önüm öndürijiler bilen kartofel, gök we bakja ekinlerini ýetişdirmäge şertnama baglaşdy. Hasylyň möçberi döwlet baştutanynyň Karary bilen tassyklanan oba hojalyk ekinlerini sebitleşdirmek meýilnamasyna laýyklykda kesgitlenildi.
Kärendeçiler mart aýynyň başynda käşir, sogan, kartofel ekip başladylar. Apreliň ortasyndan açyk meýdana pomidor we kelem, hyýar we badamjan ekilip başlanar, bu iş maý aýynyň ortasyna çenli dowam eder. Oba hojalyk hünärmenleri ýurduň her toprak-howa şertlerine laýyklykda ekin ekmegiň amatly şertlerini kesgitlediler, ol howa ýagdaýyna görä üýtgäp biler. Apreliň ilkinji hepdelerinde bakja önümlerini ýetişdirýänler garpyz, gawun we kädi ekerler.
**
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginde kartofel ekişi tamamlanyp barýar. Şu güne çenli 560 gektar ýeriň aglaba bölegine kartofel ekildi. Bu daýhan birleşigi etrapda şu önümi esasy ýetişdirýän hojalyk bolup, ol Daşoguz welaýatynda kartofel öndürmek boýunça öňde barýar. Şu ýyl kärendeçiler her gektardan 140 sentner hasyl almagy niýet edinýärler.
0Welaýatyň kartofelçileri ilaty ýokary hilli önüm bilen yzygiderli üpjün etmäge we daşary ýurtlardan getirilýän önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar. Geçen ýyl bu ýerde 48 müň tonnadan gowrak kartofel ýygnaldy. Ekiniň ýerli toprak-howa şertlerine has uýgunlaşan görnüşleriniň saýlanyp alynmagy, oba hojalyk ylmynyň we ekarançylyk däpleriniň üstünlikli utgaşdyrylmagy netijesinde ýokary netije gazanyldy.
Daşoguz welaýatynda bu ekin 3400 gektar ýere ekiler. Ekarançylar ondan 47 müň 800 tonna kartofel almagy göz öňünde tutýarlar.