Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň birinji tapgyrynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan giň 2 we 3 ötagly öýli dört gat ýaşaýyş jaýlarynyň ýigrimisi gurlar. Gapdalynda söwda merkezi we umumy orta bilim berýän mekdep bina ediler.
Jaýlaryň golaýynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanar ýaly meýdançalar, çagalar oýunlary zolagy, maşgala dabaralaryny geçirmäge we sadaka bermäge niýetlenen ýer, awtoulaglar üçin duralgalar bolar. Ýaşaýyş jaý toplumynyň birinji tapgyryny 2021-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Onuň ikinji nobatdakysynda jaýlaryň ýene 15-sini we 160 orunlyk çagalar bagyny gurmak bellenilen. Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň gurluş düzümleriniň tabşyrygy boýunça gurulýar.