Ï Döwlet muzeýinde ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet muzeýinde ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi açyldy

view-icon 3090

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan sergi açyldy. Parahatçylyk, jemgyýetçilik ylalaşygy we agzybirlik – rowaçlygyň esasy şertleridir. Biziň ýurdumyz beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklara we deňhukukly hyzmatdaşlyga, Ýer ýüzündäki halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklap galmaga hem-de berkitmäge açykdyr. Muny serginiň esasy eksponatlarynyň biri --Türkmenistanyň geografiki sudurynyň gymmatly daşlardan ýasalan, altynsow gurnama suratlar bilen bezelen globus hem beýan edýär.

Tematiki sergä gelenlerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Muzeýiniň eksponatlary has uly gyzyklanma döredýär. Olar nepis gözelligi we owadan dizaýny bilen haýran edýän gymmatly metallardan hem-de daşlardan ýasalan sungat eserleridir.

Muzeýiň sergini gurnan hünärmenleri ýurduň ykdysadyýetiniň we jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlarda gazananlaryny umumylaşdyryp, eksponatlary logiki yzygiderlikde ýerleşdiripdirler.

Senagat manzarlarynyň, Türkmenbaşy portunyň, Nowruz jülgesindaki Ak öýüň, paýtagtymyzyň we türkmen tebigatynyň owadan ýerleriniň gözellikleriniň halylarda şekillendirilişi haýran edýär. Dürli reňkli sapaklar bilen dokalan çylşyrymly çitimli halylar döwrüň ruhuna sazlaşyp gidýär.

Türkmenistanda otlunyň peýda bolmagyna bagyşlanan kompozisiýa-da özüne çekýär. Häzirki döwrüň nukdaý-nazaryndan geň görülýän parowoz demir ýoldan ýöräp barýar, onuň gapdalyndan bolsa atlydyr düýeli adamlar gidip barýarlar: indi adaty ulaga derek demir atyň döwri geldi. Onuň ýokarsynda bolsa, kuwwatly otly çekip barýan amatly wagonlar çekilen surat ýerleşdirilipdir.

Sergide ulag temasyna uly orun berlipdir. Gülläp ösýän Watanymyzy aňladýan gök otly meýdana gonan laçyna meňzäp duran Aşgabadyň halkara aeroportunyň täze binasynyň nusgasy gurluş taýdan sazlaşygy we özboluşly tilsimleri bilen görene güýçli täsir edýär.

Deňiz ulaglaryna bagyşlanan kompozisiýa-da owadanlygy bilen tapawutlanýar: ýelkenleri ýelli gäminiň burnunda ylhamyň nyşany bolan ganatly at şekillendirilipdir...

Sergä gelenler ýurdumyzyň taryhynyň, häzirki üstünlikleriniň çeper beýany bolan, hatda onuň geljegine hem garamaga mümkinçilik berýän üýtgeşik sungat eserlerine syn etmekden lezzet alýarlar.