Ï Hasyl toýuna bagyşlanan sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hasyl toýuna bagyşlanan sergi açyldy

view-icon 2243
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Hasyl  toýuna bagyşlanan  sergi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde noýabryň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl baýramyna bagyşlanan sergi açyldy.

Tematiki sergi üç bölümden ybarat. Olaryň birinde ýurdumyzdaky gadymy ekarançylyk medeniýetlerine degişli arheologik tapyndylar, şeýle hem orta asyrlar iş gurallary we ýerden peýdalanmak däpleriniň ösüşini yzarlamaga mümkinçilik berýän etnografik esbaplar bar.

Ikinji bölüm ХХ ýüzýyllygyň 30-50-nji ýyllarynda Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşine bagyşlanan. Fotohronika suratlary geçmişe ser salmaga, şol döwrüň ruhuny duýmaga we häzirki günlermizdäki uly möçberli özgertmelere baha bermäge mümkinçilik berýär.

Serginiň üçünji bölümin žiwopis eserleri, ýordumly halylary, zergärçilik sungatynyň eserleri Garaşsyzlyk eýýamynyň gazananlarynyň çeper beýany bilen tanyşdyrýar.