Ï Medeniýet we bilim ulgamlarynyň wekilleri kitabyň ähmiýeti barada talyplar bilen söhbetdeşlik geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet we bilim ulgamlarynyň wekilleri kitabyň ähmiýeti barada talyplar bilen söhbetdeşlik geçirdiler

view-icon 1553

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaplar sergisi merkezinde Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň bileikde gurnan “tegelek stoly” “Türkmenistan—rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy. Duşuşyga ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, döredijilik işgärleri, kitaphanalaryň işgärleri we paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenlerden Magtymguly adyndaky TDU-nyň hukuk kafedrasynyň dosenti Aşyrgeldi Jumaýew, Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Kerwen Aýdogdyýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Maýagözel Geldiýewa, Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülşat Orazberdiýewa dagy siwilizasiýanyň taryhynda we häzirkizaman jemgyýetiniň durmuşynda kitabyň köpugurly ähmiýeti barada gürrüň berdiler.

Türkmen talyplarynyň wekilleri hem, öz gezeginde, medeni we bilim ulgamlarynyň ösüşinde innowasiýalaryň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Hususan-da, boş wagtyňy her hili gurnamaga we gatnaşyklaryň hilini ýokarlandyrmaga, özbaşdak okap bilim almaga giň mümkinçilikler açýan wirtual kitaphana ulgamyny ösdürmek barada gürrüň edildi.

Duşuşygyň temasyna bagyşlanyp gurnalan kitap sergisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçmişimize, ruhlulyga, milli däp-dessurlara, ylmy bilimleri ösdürmäge we Türkmen döwletiniň häzirkizaman ösüşiniň dürli ugurlaryna bagyşlanan eserlerinden düzüldi.