Mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, ylmy tutumly tehnologiýalary ornaşdyrmak TYA-nyň Himiýa institutynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Indi bäş ýyl bäri “Türkmenhimiýa”, “Türkmengaz”, “Türkmennnebit” Döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy, Senagat we kommunikasiýa, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleri, beýleki pudak edaralary, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen hojalyk-şertnama şertlerinde ylmy barlaglar geçirilýär. Institutda innowasion işläp taýýarlamalardan girdeji almakda oňyn tejribe toplandy. Diňe geçen ýyl 80-e golaý şertnama baglaşyldy we bellenilen meýilnamadan artyk bir ýarym million manatdan gowrak girdeji alyndy.
Şeýle hem häzirki wagtda Himiýa instituty ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri we himiýa senagaty üçin ýokary hünärli işgärleri hem taýýarlaýar. Mysal üçin, Institutyň ýanynda Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bazalaýyn kafedralary hereket edýär. Şeýle hem Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň Mikroskopiýa merkezi we Jemagat hojalygy institutynyň “Ýaşyl laboratoriýa” gurnagy işleýär. Institutyň esasy hünärmenleri umumy we amaly sapaklary alyp barýarlar, talyplary ylmy-barlag işiniň möhüm ugurlary bilen tanyşdyrýarlar.