Ï Magtymgula bagyşlanan žiwopis eserleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymgula bagyşlanan žiwopis eserleri

view-icon 2828
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Magtymgula  bagyşlanan žiwopis eserleri
Paýtagtymyzyň sergi merkezinde beýik filosof, watansöýüji dana şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy. Sergide goýlan gül desseleriniň arasynda nakgaş Rahman Umarowyň «Şa bägüller» natýurmorty has täsirli çykypdyr. Düşegi gara ýakyn goýy reňkli suratdaky ak bägülleriň arasyndaky ýeke-täk gyrmyzy bägül nepis kümüş bilen haşamlanan maşat daşyny ýada salýar...

Natalýa Kaluginanyň «Magtymgulynyň ilinde» atly uly möçberli manzarlarynyň üçüsi hem ýatda galyjy çykypdyr. Suratlaryň üçüsi-de günüň dürli çaglary çekilipdir, olar tebigatyň, belki-de, awtoryň hem keýpiniň üýtgeýşini beýan edýän borly. Natalýa Pawlownanyň özi beýik şahyryň doglup, ýaşaýan ýerleiniň muşdagydyny, ýütgeşik gözel tebigaty şekillendirmek üçin ýene şol ýerlere köp gitmegiň arzuwyndadygyny aýdýar.

Natalýa Kaluginanyň suratlarynda dag manzarlarynyň şahyranalagy duýulsa, beýleki bir ussadyň - «Bag», «Çeşme» we beýleki suratlaryň awtory Didar Akgurbanowyň işlerinde Magtymguly etrabynyň bagy-bossana bürenen gözel künjekleri şekillendirilipdir. Äpet çynaryň depesine düşen Gün şöhlesi howdanyň tekiz suwunda üýtgeşik şekil döredýär.

Ogulsuraý Akmyradowanyň «Garry Nohur» suratyndaky çynar jöwzaly tomus günleri töweregine kölege salyp dur. Ýöne Gün şöhleleri onuň ýapraklarynyň arasyndan geçip, özboluşly röwüş döredýär...

Erkin Kabulowyň natýurmortynda aýna küýze, içi çaýly ýalňyz bulgur, onuň ýanyndaky erik gülli şaha we toý ýüzügi şahyryň söwerine gowuşmadygyny aňladýar.

Anna Annaýewiň simwolizm usulynda çekilen «Gyzjagazyň dünýäsi» suratynda päkize çaga arzuwlary beýan edilýär.

Sergidäki işler diňe bir žiwopis tilsimleriniň baýlygy bilen ünsüňi özüne çekmän, eýsem Magtymgulynyň edebi mirasyna we hünär baýramyny belleýän döredijillik işgärleriniň wekillerine bagyşlanan ýordumlara giňişleýin düşünmäge mümkinçilik berýär.