mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Kanuny <br>Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 1511
I. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 29-njy madda; 2010 ý., № 3, 42-nji madda; 2011 ý., № 3, 56-njy madda; 2012 ý., № 1, 43-nji madda, № 4, 110-njy madda; 2014 ý., № 1, 41-nji madda, № 2, 78-nji madda; 2016 ý., № 1, 7-nji we 65-nji maddalar; 2017 ý., № 3, 110-njy madda; 2018 ý., № 2, 33-nji madda; 2019 ý., №1, 8-nji madda; № 4, 89-njy madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 6-njy maddanyň 11-nji, 31-nji we 51-nji bentlerinde, 46-njy maddanyň ikinji böleginde, 75-nji maddanyň adynda, birinji, ikinji, üçünji we bäşinji böleklerinde, 231-nji maddanyň mazmunynda «başlygy», «başlygydyr», «başlyklary», «başlygynyň» we «başlyklarynyň» diýen sözleri degişlilikde «müdiri», «ýolbaşçysydyr», «müdirleri», «müdiriniň» we «müdirleriniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 87-nji maddanyň ikinji böleginde «hasap» diýen sözi «ykrar» diýen söze çalşyrmaly;

3) 88-nji maddanyň ikinji böleginde we 193-nji maddanyň birinji böleginde «işe çekmek» we «gatnaşdyrmak» diýen sözleri degişlilikde «işe gatnaşmaga çekmek» we «gatnaşmaga çekmek» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 117-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde we 241-nji maddanyň birinji böleginde «adynyň we atasynyň adynyň baş harplary» diýen sözleri «ady we atasynyň ady» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 134-nji maddanyň dokuzynjy böleginde «kemçilikleri» diýen sözden soň «ýa-da sowatsyzlygy» diýen sözleri goşmaly;

6) 143-nji maddanyň ikinji böleginde «hukuklary» diýen sözden soň «we borçlary» diýen sözleri goşmaly;

7) 183-nji we 184-nji maddalaryň ikinji böleklerinde «başlygynyň» diýen sözi «ýolbaşçysynyň» diýen söze çalşyrmaly;

8) 216-njy we 243-nji maddalaryň birinji böleklerinde, 314-nji maddanyň birinji, üçünji we altynjy böleklerinde we 315-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde we dördünji böleginde «ygtyýar bermegi» diýen sözleri «rugsady» diýen söze çalşyrmaly;

9) 224-nji maddanyň üçünji böleginde «107-119» diýen sanlary «107-1191» diýen sanlara çalşyrmaly;

10) 234-nji maddanyň birinji böleginiň 10-njy bendinde we ikinji böleginde «başlygynyň», «bölüminiň başlygyna» we «edarasynyň başlygyna» diýen sözleri degişlilikde «müdiriniň», «bölüminiň müdirine» we «edarasynyň ýolbaşçysyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 264-nji maddanyň bäşinji böleginde «Tanamak üçin gözden geçirmek» diýen sözleri «Tanamak üçin görkezmek» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.
№ 262-VI.