Türkmenistanyň Kanuny <br> Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda
I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy we 162-nji maddalar; 2017 ý., № 1, 12-nji we 30-njy maddalar, № 2, 74-nji madda, № 3, 105-nji madda, № 4, 147-nji we 167-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 3–4, 90-njy we 106-njy maddalar; 2019 ý., №1, 7-nji madda, № 4, 65-nji we 90-njy maddalar) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 49-njy maddanyň ikinji böleginde, 448-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji we 4-nji bentlerinde «başlygy» we «başlyklary» diýen sözleri degişlilikde «müdiri» we «müdirleri» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 3881-nji maddada «serhet gözegçiligi zolagynda,» diýen sözlerden soň «serhet zolagynda,» diýen sözleri goşmaly;

3) 449-njy maddada:

ikinji bölegiň 1-nji, 2-nji we 4-nji bentlerinde «başlyklary» we «başlygy» diýen sözleri degişlilikde «serkerdeleri» we «serkerdesi» diýen sözlere çalyşmaly;

üçünji bölekde «(başlyklara)» diýen sözi aýyrmaly;

4) 450-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-4-nji bentlerinde «başlyklary» diýen sözi «müdirleri» diýen söze çalyşmaly;

5) 452-nji maddanyň 1-nji we 2-nji bentlerinde «başlyklary» diýen sözi «serkerdeleri» diýen söze çalşyrmaly;

6) 453-nji maddanyň ikinji böleginde «başlyklarynyň» diýen sözi «müdirleriniň» diýen söze çalşyrmaly;

7) 456-njy maddada:

birinji bölekde «81-nji maddasynyň birinji böleginde (demir ýol ulagynda edilen administratiw hukuk bozulmalary üçin),» diýen sözleri aýyrmaly:

ikinji bölegiň 3-nji bendinde «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň» diýen sözleri we 4-nji bendi aýyrmaly;

8) 459-njy maddada:

birinji bölekde «81-nji maddasynyň ikinji böleginde,» diýen sözleri aýyrmaly;

ikinji bölegiň 1-nji, 2-nji bentlerinde we üçünji bölekde «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň» diýen sözleri aýyrmaly;

9) 460-njy maddanyň ikinji böleginde «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň» diýen sözleri aýyrmaly.

10) 462-nji maddanyň ikinji böleginde «Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmanynyň we onuň orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň baş döwlet sanitariýa lukmanlarynyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň we onuň orunbasarynyň, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 463-nji maddanyň ikinji böleginde:

2-nji we 4-6-njy bentlerde «başlyklary» we «başlygy» diýen sözleri degişlilikde «serkerdeleri» we «müdiri» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«3) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky lukmançylyk gullugynyň müdiri we onuň orunbasary, şeýle hem welaýatlaryň polisiýa müdirlikleriniň müdirleri;»;

12) 465-nji maddanyň ikinji böleginde:

1-nji bentde «başlygy-Baş weterinar gözegçisi» diýen sözleri «serkerdesi» diýen söze çalşyrmaly;

2-nji bentde «weterinariýa-epizootiýa edaralarynyň başlyklary» diýen sözleri «weterinariýa gullugynyň edaralarynyň serkerdeleri» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji we 5-nji bentlerde «başlyklary» we «başlygy» diýen sözleri degişlilikde «serkerdeleri» we «serkerdesi» diýen sözlere çalşyrmaly;

13) 473-nji maddanyň ikinji böleginde «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugynyň başlygynyň we bu gullugyň welaýat bölümleriniň başlyklarynyň» diýen sözleri ««Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugynyň ýolbaşçysynyň we bu gullugyň welaýat bölümleriniň (bölümçeleriniň) ýolbaşçylarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

14) 514-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde «serhet gözegçiligi zolagynda, serhet sebitinde» diýen sözleri «serhet sebitinde, serhet gözegçiligi zolagynda, serhet zolagynda» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.
№ 264-VI.