Türkmenistanyň Kanuny <br> «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
I. 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 70-nji madda; 2017 ý., № 1, 15-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 7-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmegi maksat edinýän, öz işinde zorluga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňkiniň alamaty boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlaklylygyna kast edýän jemgyýetçilik birleşikleriniň döredilmegi we işlemegi gadagan edilýär.»;

2) 9-njy maddada:

ikinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Halkara jemgyýetçilik birleşigi azyndan elli sany esaslandyryjylary bolan halatynda döredilip bilner.»;

üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Milli jemgyýetçilik birleşikleri azyndan elli sany esaslandyryjylary bolan halatynda döredilip bilner we olaryň işi tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda Türkmenistanyň ähli çägine ýaýraýar.»;

dördünji bölegi aýyrmaly.

bäşinji bölegi dördünji bölek diýip hasap etmeli we şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Çäk jemgyýetçilik birleşiklerine işi olaryň tertipnamalaýyn maksatlaryna laýyklykda Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň birnäçesiniň çäklerine ýaýraýan jemgyýetçilik birleşikleri degişlidir.»;

altynjy bölegi bäşinji bölek diýip hasap etmeli;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«6. Çäk we ýerli jemgyýetçilik birleşikleri azyndan bäş sany esaslandyryjylary bolan halatynda döredilip bilner.»;

3) 11-nji maddada:

birinji bölegiň başynda şu mazmunly tesimleri goşmaly:

«Gurultaý (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnak çagyryp, jemgyýetçilik birleşigini döretmek, onuň tertipnamasyny tassyklamak, ýolbaşçy hem-de gözegçilik-derňew edaralaryny döretmek barada karar kabul eden şahslar jemgyýetçilik birleşiginiň esaslandyryjylary bolup durýarlar.

Jemgyýetçilik birleşigi döwlet belligine alnandan soň onuň esaslandyryjylary jemgyýetçilik birleşiginiň agzalary bolup durýarlar we olar degişli hukuklara we borçlara eýe bolýarlar.»;

dördünji bölekde «sekiz» diýen sözi «ýedi» diýen söze çalşyrmaly;

4) 18-nji maddada:

birinji bölekde «, şunda olaryň sany bäş adamdan az bolup bilmez» diýen sözleri aýyrmaly;

üçünji bölekde «ýüridik şahs hökmünde hukuklylygy» diýen sözleri «ýuridik şahs hökmünde hukuk ukyplylygy» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 19-njy maddanyň ikinji böleginde:

4-nji bentde «gazanmagyň» diýen sözi «edinmegiň» diýen söze çalşyrmaly;

10-njy bentde «ýapmagyň» we «ýapylandan» diýen sözleri degişlilikde «ýatyrmagyň» we «ýatyrylandan» diýen sözlere çalşyrmaly;

şu mazmunly tesimi goşmaly;

«Jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan jemgyýetçilik birleşiginiň nyşany ulanylýan bolsa, nyşanyň ýazgysy jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda görkezilýär.»;

6) 20-nji maddada:

üçünji bölekde:

1-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«1) familiýalaryny, atlaryny, atasynyň atlaryny, doglan ýyllaryny we ýaşaýan ýerlerini görkezmek bilen bu jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçy edarasynyň agzalary tarapyndan gol çekilen arza;»;

5-nji bentde «hasaba alyş» diýen sözleri «bellige alyş» diýen sözlere çalşyrmaly;

ýedinji bölekde «hasaba alynmaga» we «hasaba alnandaky» diýen sözleri degişlilikde «bellige alynmaga» we «bellige alnandaky» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 22-nji maddanyň birinji böleginiň 6-njy bendini aýyrmaly;

8) 24-nji maddanyň dördünji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«41. Türkmenistanda hereket edýän beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary, hereket etmegi gadagan edilen guramalaryň nyşanlary jemgyýetçilik birleşikleriniň nyşanlary bolup bilmez.»;

9) 27-nji maddada:

3-nji bentde «hasabatlary» diýen sözi «maglumatlary» diýen söze çalşyrmaly;

şu mazmunly bentleri goşmaly:

«7) öz agzalaryna olaryň hukuklaryny we bähbitlerini öz içine alýan resminamalar we kabul edilen çözgütler bilen tanyşmaga mümkinçiligi üpjün etmäge;

8) gelip gowuşýan maliýe serişdeleri hem-de olaryň ulanylyşy barada öz agzalaryna maglumat bermäge.»;

10) 28-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«6. Jemgyýetçilik birleşigi öz borçlary boýunça özüne degişli ähli emlägi bilen jogapkärçilik çekýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.
№ 266-VI.