Ï Agyz suwunyň täze gözbaşlary açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Agyz suwunyň täze gözbaşlary açyldy

view-icon 2555
Türkmenistanyň ýerasty suw gorlaryny ulanyş kartasynda täze gözbaşlaryň birnäçesi peýda boldy.

Ýurdumyzyň suw hojalygynyň hünärmenleri bu açyşa suw serişdeleriniň goşmaça möçberini almak boýunça işiň möhüm bölegi hökmünde baha berýärler. Ýagny Türkmenistanda gidrogeologiýa şertleri çylşyrymlydyr we geologiik gurluşa hem-de fiziki-geografik ýagdaýa baglydyr. Ýurduň meýdanynyň üçden iki böleginden derýa akmaýar. Ýerasty süýji suwlar çäkli ýere ýaýran. Adatça olar ýagyn-ygallaryň hasabyna Köpetdagda, Uly Balkanda we Köýtendagda, Amyderýa, Murgap, Tejen derýalarynyň we Köpetdagyň Çendir, Sumbar, Arçabil, Altyýap, Sekizýap we beýlekii derýajyklaryň hanasynyň daşmagyndan jülgelerde döreýän ýerasty suwlardyr.

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz ekspedisiýasynyň gidrogeologlary şu ýyl geçirilen barlaglarda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky Üçkepderi meýdançasynda we Gubadag etrabynyň Dostluk meýdançasynda ýerasty süýji agyz suwunyň gorlarynyň üstüni açdylar. «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiýa bölüminiň hünärmenleriniň pikirine görä, täze «Çоpanýap» we «Çagatýap» suwly ýataklary golaýyndaky Şarlawuk, Dostluk, Ak altyn, Bäşdaş, Agzybirlik we Gumly obalaryny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder.

Köpetdagyň we Balkanyň günorta eňňidiniň dag etek düzlüklerinde düýpli çökündileriniň ýerasty akymdan kemala gelýän süýji suw gorlary barada çaklama hem tassyklanyldy. Balkanabadyň gidrogeologiýa ekspedisiýasy Serdar etrabyndaky «Çukur» ýatagynda ýerasty süýji suw goruny ýüze çykaryldy. Täze çeşme Hojagala, Çukur, Bendesen, Ajydere ýaly iri obalary suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Magtymguly etrabyndaky «Arçaly» ýatagynda geçirilen barlaglar agyz suw gorlaryny ýüze çykardy, olary Çukur ýurt, Könekesir, Daýna obalarynyň ilatyny suw bilen üpjün etmekde ulansa bolar.