Ï Türkmen himiýaçy-alymlarynyň täze işläp taýýarlamalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen himiýaçy-alymlarynyň täze işläp taýýarlamalary

view-icon 1371
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ylymyň ornuny ýokarlandyrmak, dünýäniň we ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, täzeçil usullaryny hem-de ylmyň gazananlaryny peýdalanmagy giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň hünärmenleri ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda dürli önümleriň we serişdeleriň öňümçiligini ýola goýmak ugrunda ägirt uly işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademýasynyň Himiýa instituty 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda hojalyk hasapaşygyna geçdi. Munuň özi onuň işiniň netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi. Şeýlelikde, köpsanly barlaglaryň ugurlaryny işjeňleşdirmäge, täze taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilikler döredi.

Institutyň esasy maksady mineral, gidromineral we uglewodorod serişdelerini toplumlaýyn işläp taýýarlamak, himiýa senagatyna dünýäniň iň ýokary nusgalary bilen mynasyp bäsleşik edip bilýän täze önümleri ornaşdyrmak boýunça ylmy-tehinki meseleleri çözmekden ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň himiýa senagytynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmgy täze ylmy açyşlar we ýurdumyzyň tebigy serişdeleriniň özleşdirilmegine ähmiýetli çemeleşmeler arkaly berkedilýär. Häzirki döwürde himiýa institutynyň hünärmenleri özboluşly lukmançylyk seridelerini döredýärler hem-de önümleriň ekologiýa ulgamyna we onuň önümçiliginde galyndysyz pudagyň emele gelmegine möhüm üns berip, täze görnüşli serişdeleriň önümçiliginiň tehnologiýasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar.

Gowaça çigidini peýdalanmak arkaly biologiýa taýdan möhüm serişdeleriň ýagly kislota esasynda birleşmesini aldylar we bakterisid aýratynlygy bolan ýod saklaýan elementleri ýüze çykardylar.

Ösümlikleriň, adam saglygy üçin peýdaly minerallaryň bejerijilik ukybyna hiline geçirilen seljermeler ýurdumyzyň derman senagatynda derman serişdeleriniň we önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmk üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Ösümlikleriň utgaşmagynyň esasynda bakteriýalara garşy ulanylýan “ýodomal” serişdesini öndürmek ýaly täze ugry taýýarladylar. Ylmy barlaglar Merkezi Aziýada ýeke-täk bolan “Suw. Toprak. Howa” göçme barlaghanasynda geçirildi. Ol KAMAZ awtoulagynda enjamlaşdyryldy.

Umuman, bu barlaghana dürli ugurlar boýunça möhüm ylmy barlaglary geçirmäge, çylşyrymly tejribe meselelerini çözmäge ukyply ylmy meýdança hasaplanylýar. “Ýodomal” serişdesi bilen türkmen hünärmenleri adaty ýeralmanyň düzümine barlag geçirenlerinde onda ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän poliwinilspirtiň ornuny tutýan serişdäniň bardygyny ýüze çykardylar.

Himiýaçylaryň barlaglary netijesinde ýokarymolekulýar birleşme alyndy. Ol aýratynlygy boýunça poliwinilspirtinden pes bolmadyk azyk krahmalyny ergin görnüşe getirmek arkaly alynýar. Barlaglar türkmen hünärmenleriniň sintezirlän serişdeleriniň ýoduň adam bedenine bolan gatnaşyklaryny uzaldýandygy, şeýle hem bedende gyjynma döretmeýändigi bilen artykmaçdyr.

Şeýle hem ýerli çig mallar peýdalanylanda bu serişdäniň daşary ýurtlardan getirilýän görnüşinden birnäçe esse arzan duşýändigini bellemeli. Taýýar bolan serişde öz ähmiýetini ýarym ýylyň dowamynda saklaýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde geçirilen barlaglarda “ýodomalyň” bakteriýalara garşy häsiýetleri tutuş dünýäde giňden ulanylýan ýodonoluňky bilen deň derejededigi anyklandy.

Şýelelikde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleriniň täze işläp taýýarlamalary ýurdumyzyň derman senagatynyň ösüşine mynasyp goşant we daşary ýurtlardan getirilýän serişdeleriň ornuny tutmagyň hasabyna uly bähbitli bolup durýar hem-de eksport mümkinçiliginiň ýola goýlan pursatynda giň möçberli girdejileriň gazanylmagyna ýol açar. Bu bolsa türkmen alymlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan degişli döwlet maksatnamalaryna iş ýüzündäki jogabydyr.