Ï Döwlet gullukçylaryny okatmak üçin uzak aralykdan bilim bermek tehnologiýalarynyň halkara tejribesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet gullukçylaryny okatmak üçin uzak aralykdan bilim bermek tehnologiýalarynyň halkara tejribesi

view-icon 2979
Döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak ulgamynyň döwlet gullugynyň işgärler mümkinçiliginiň ösüşine laýyk gelmeli häzirki şertlerde döwlet gullukçylaryny okatmak işine, şol sanda uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryna innnowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna talap wajyp mesele bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ÝeB bilen bilelikdäki «Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini güýçlendirmekligi goldamak» atly taslamasynyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň tejribesinde täze şertlerde döwlet gullukçylaryny okatmakda uzak aralykdan bilim tehnologiýalarynyň bölekleriniň netijeliligine baha bermeklige bagyşlanan webinar görnüşli seminar geçirildi.

Seminara gatnaşan Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary, okuw bölüminiň we ugurdaş käfedralaryň hünärmenleri Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryşy akademiýasynyň rektory, jenap Ýerlan Abiliň umumy sapagyny gyzyklanma bilen diňlediler, onuň barşynda döwlet gullukçylaryny okatmakda ulanylýan sapak bermegiň anyk görnüşi üçin belli bir kadalary we sanly serişdeleri durmuşa geçirmekde halkara tejribesi hem-de milli usullar bilen tanyşdyryldy.

Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda häzirki döwrüň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen döwlet gullukçylary üçin uýgunlaşdyrylan toplumlaýyn bilim maksatnamalaryny öz wagtynda döretmegiň wajyplygy bellenildi. Olaryň ählisi häzirkizaman uzak aralykdan bilim bermek tehnologiýlarynyň esasynda döwlet gullukçylaryny okatmagy kämilleşdrimek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan tejribä-gönükdirilen çözgütleri talap edýär, bu bolsa bilelikdäki işiň şu ugrunda halkara tejribesini hemmetaraplaýyn seljermegi we öwrenmegi şertlendirýär.

ÝeB we GDA ýurtlarynyň esasy akademiki mekdepleriniň köpüsinde döwlet gullukçylaryny okatmak işine amaly barlaglar netijesinde sanly ulgam arkaly bilim bermegiň dürlu usullary teklip edilýär, olara: okuwyň maksatlary → okuwyň modelleri → okuwyň usullary → okuwyň görnüşleri → okuwyň serişdeleri ýaly didaktik ulgamyň esasynda garamak bolar. Ahyrky netijede şeýle çemeleşme öňdebaryjy bilermenleriň we hünärmenleriň taýýarlanylan kadalaryň hem-de seljerme usulynyň esasynda okatmagyň maksatlaryna ýetmäge ýardam edýän uzak aralykdan bilim bermek tehnologiýalarynyň binýadynda döwlet gullukçylaryny okatmagyň degişli serişdelerini saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Bilim bermek işini sanlaşdyrylmagyň we uzak aralykdan bilim bermeklige geçmegiň akademiki mekdepleriň düzümleýin bölümleriniň işine täze talaplary bildirýändigini bellemek gerek. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryşy akademiýasy bilim ulgamynda döwrebap maglumatlar tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen baglylykda okuwyň görnüşi we mugallymlaryň işi düýpli özgerdi, ol okatmakda mugallymyň eýeleýän ornuny we ähmiýetini üýtgedýär. Şonuň üçinem onuň maglumatlar bilim giňişliginde işlemäge taýýarlygynyň ýörüte talaplaryny ýüze çykarmak zerurdyr.

Seminara gatnaşanlar meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda uzak aralykdan bilim bermek tehnologiýlaryny ulanmak arkaly okuwy guramagyň netijeliligine täsir edýän esasy ýagdaýlary kesgitlediler. Bu babatda okatmagyň şu modelleri (mugallyma gönükdirilen; diňleýjä we talyba gönükdirilen; okuw toparlaryny döretmäge gönükdirilen); wirtual bilim gurşawynda mugallym bilen talybyň özara gatnaşyklarynyň shemasy teklip edilýär.

Webinaryň ikinji böleginde amaly onlaýn-sapaklary taýýarlamagyň we geçirmegiň tehnologýalaryna garaldy. Tehnologiýany döretmegiň maksady integrirlenen enjamlaryň, programma üpjünçiliginiň, pedagogik tehnologiýalaryň oňaýly utgaşygy esasynda onlaýn-okatmagyň mümkinçiligini giňeltmekden ybaratdyr.

Tematiki tanyşdyrylyşda amaly onlaýn-sapaklary geçirmegiň täze tehnologiýalary bilen tanyşdyryldy, olara: Smart Virtual Classroom (açyk sanly/wirtual synp, okuw otagy), Game Based Learning (wirtual oýunlar arkay okatmak), Gesture based computing (ümlere düşünmek) degişlidir. Mundan başga-da, seminara gatnaşanlar tanyşdyryşlar, multimediýa-tehnologaýalary, wirtual gurşawyň sintezi ýaly ulgam tehnologiýalaryny ulanmak bilen uzak aralykdan awtomatlaşdyrylan elýeter labotaroriýa amallaryny netijeli ulanmak boýunça pikir alyşdylar.

ÝeS bilen bilelikdäki taslamanyň esasy bilermeni Eduard Zaharçenko seminara gatnaşanlaryň ünsüni Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryşy akademiýasynyň agzalan mysalynda häzirkizaman bilim tehnologiýalaryny bir kategoriýa, ýagny okuw işiniň serişdesi hökmünde bilim beriş ulgamlary kategoriýasyna jemläp boljakdygyna çekdi. Häzirki okuw ulgamlary bilim alýanyň okuwyny dolandyrmagyň dürli: göni (gönüden-göni), gytaklaýyn (bir zadyň üsti bilen), depginli düzgünlerini durmuşa geçirýär. Innowasion tehnologiýalar ulanylyp geçirilýän amaly sapaklaryň dürli usullary okuwyň maksadyna, wezipelerine, kontente, diňleýjileriň taýýarlyk derejesine baglydyr.

Okuw seminaryny tamamlap, ÝeS-iň bilelikdäki taslamasynyň topar ýolbaşçysy jenap Folkert Milh okatmagyň adaty usulyndan elektron gurşawlary we serişdeleri çekmek bilen integrirlenen garyşyk okuw modeline geçmegi durmuşa geçirmegiň didaktiki serişdesi hökmünde iň gowy halkara işlerini hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň wajyplygyny belledi. Milli bilim ölçegleri göz öňünde tutulyp, garyşyk okuwyň häzirki modellerine jikme-jik garamak, bilermenler bileleşigi we öňdebaryjy hünärmenler bilen olary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ulgamyna uýgunlaşdyrmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşmagyň, elektron bilim gurşawlarynyň netijeli we çalt integrasiýasyna päsgel berýän meseleleri ýüze çykarmagyň we olary çözmek boýunça netijeli okuw-usulýet çözgütlerini teklip etmegiň zerurlygy nygtaldy.

Häzirki wagtda Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝeS-iň bilelikdäki taslamasy döwlet dolandyryşy boýunça magistratura derejesiniň iki ýyllyk okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak işini tamamlaýar, ony 2021-nji ýylda işe girizmek göz öňünde tutulýar. Magistrlik maksatnamasy döwlet häkimiýeti we öz-özüni dolandyryş edaralarynda, döwlet korporasiýalarynda we konsernlerinde, býujet edaralarynda, ylmy-barlag, bilenmenlik-seljerme guramalarynda işlär ýaly kärine ussat hünärmenleri taýýarlamagy maksat edinýär.

Magistrlik okuwynyň okuw maksatnamasy durmuş-ykdysady düzümleri dolandyrmagyň iň gowy dünýä tejribelerini we milli tejribesini, tejribe ähmiýetli teklipleri seljermegi göz öňünde tutar hem-de geljekki magistrleriň her birine döwlet häkimiýeti edaralarynda dolandyryş taslamalaryny durmuşa geçirmekde öz güýjüni synamaga mümkinçilik berer.

Okuw dersleriniň aglaba bölegi magistrasntlarda Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň anyk pudaklarynda ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegi üpjün edýän dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda we kabul etmekde strategik pikirlenmegi kemala getirmäge gönükdirilendir.