Döwlet dolandyryşy boýunça magistrlik maksatnamasy: halkara tejribesini öwrenip

24.01.2021
eye
818
Döwlet dolandyryşy boýunça magistrlik maksatnamasy: halkara tejribesini öwrenip
Golaýda ÝeB bilen bilelikdäki «Türkmenistanda döwlet gullugynyň mümkinçiligni ýokarlandyrmak» maksatnamasynyň çäklerinde sanly wideoaragatnaşygy arkaly seminar geçirildi, oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hünärmenleri we professor-mugallymlar düzümi gatnaşdylar.

Seminaryň maksady -- Döwlet gullugy akademiýasyna döwlet dolandyryşy ulgamynda Ýewropanyň we GDA-nyň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň gowy daşary ýurt tejribelerine esaslanýan, mili aýratynlyklary hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutýan magistrlik maksatnamasyny işläp taýaýrlamaga ýardam etmekdir.

Döwlet dolandyryşy ulgamynda magistratura – döwlet syýasatyny işläp taýýarlamagy we ornaşdyrmagy, dolandyryşyň dürli derejelerinde meseleleri çözmegi, döwlet dolandyryşy guramalarynyň we edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy öwredýän dersara maksatnamadyr. Şundan ugur alyp, MRA maksatnamalarynda umumy dolandyryş, HR-menejment, makroykdysady taglymat, statistika, býujetleşdirmek, kommunikasiýa, etika we syýasy seljerme dersleri öwrenilýär.

Ýokarda agzalan sapaklar bilen bir hatarda çaklaýyş, meýilleşdiriş we dolandyryş ulgamynda zerur bilimleri, başarnyklary we ygtyýarlyklary kemala getirmäge esaslanýan taglymata gönükdirilen hem-de amaly häsiýetli okuw geçirmäge niýetlenen hukuk, kanunçylyk we döwlet syýasatynyň kadalaşdyryş-hukuk düzgünleşdirilişini öwrenýän sapaklary girizmek göz öňünde tutulýar.

Seminaryň başynda germaniýaly halkara bilermeni jenap Klaus Erdman umumy syn sapak bilen çykyş edip, döwlet dolandyryşy boýunça magistrlik okuwlary işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda daşary ýurtlaryň birnäçesiniň tejribesi bilen tanyşdyrdy.

Talyplar köplenç şeýle maksatnamalarda telekeçilik däl guramalaryň iş tejribesini öwrenmegi saýlap bilerler ýa-da halkara menejmentini, daşary syýasat we halkara maliýe ulgamyny we ş.m. öwrenip bilerler. ABŞ-da, Günbatar Ýewropada, ýaňy-ýakyndan bäri GDA ýurtlarynyň hem birnäçesinde saglygy goraýyşa, ýerli dolandyryşa, şäher dolandyryşyna we ş.m. ugurlara ýörüteleşdirilen MRA maksatnamalary bar.

Döwlet dolandyryşy ulgamynda magistraturanyň beýleki bir aýratynlygy hünär ussatlygyna we geljekki ýolbaşçylarda dolandyryş, guramaçylyk endiklerini kemala getirmäge uly üns berilmegidir. Anyk ýagdaýyň aýratynlyklaryny we kynçylyklaryny öwrenmek (case study) hökmünde Germaniýanyň Hertie School of Governance esasy akademiki mekdebiniň (Berlin) tejribesi bilen tanyşdyryldy, ol döwlet dolandyryşy boýunça magistratura hökümet, telekeçilik bileleşikleri we jemgyýet bilen özara gatnaşyklar işiniň möhüm bölegi bolan kärine ussat hünärmenlere niýetlenendir.

Talyplaryň her biri öz hünär ugruny, şeýle hem okuwyň görnüşini – ýa bir ýyllap full-time, ýagny doly derejeli, ýa-da işini goýmazdan iki ýyllap modul görnüşde okamagy saýlaýarlar. Okuwa azyndan iki ýyl işlän we ilkinji bilimi ykdysadyýet, hukuk we sosial ylymlardan bolanlar kabul edilýär.

Seminaryň ikinji ýarymynda magistratura okuw maksatnamasyna aýry-aýry okuw sapaklaryny girizmek bilen baglanşykly meseleler boýunça pikir alşyldy. Şunda Döwlet gullugy akademiýasyna 2020-nji ýylda talyplaryň iki ugur: 1 ýyllyk -- «Sanly dolandyryş» we 1,5 ýyllyk -- «Ýerli öz-özüni dolandyryşa hukuk» ugurlar boýunça kabul edilendigini aýtmak gerek.

Döwlet dolandyryşy boýunça magistrlik okuwyň ähmiýetini göz öňünde tutup, Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri okuw maksatnamasyna bilimleri ýokarlandyrmaga, talyplaryň dolandyryş we seljerme başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam edýän:

•ykdysadyýeti sanly dolandyryş;
• döwlet dolandyryşynyň häzirkizaman gurallary we tehnologiýalary;
•daşary ykdysadyýet işinde döwlet dolandyryşy;
•logistika merkezlerini dolandyrmak;
•durmuş ulgamynda dolandyryş;
•sebit dolandyryşy

ýaly ugurlary dersleriň okuw maksatnamasyna goşmak barada pikir aýtdylar.

Seminaryň ahyrynda Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri interaktiw usulýete we sanly serişdelere esaslanýan okuwa innowasion çemeleşmeleri ulanmak bilen «Döwlet dolandyryşy» magistraturasynyň okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça ÝeB bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde işjeň hem netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada pikir aýtdylar.

«Magistrantlary taýýarlamagyň aýratynlygy dolandyryş, ykdysady we umumy ynsanperwer sapaklary özleşdirmek bilen bir hatarda döwlet we ýerli häkimiýet işgärleriniň hukuk kadalaryny durmuşa geçirmek işi hem-de hukuk resminamalaryny taýýarlamak bilen baglanşykly işleriň möçberiniň artýandygyny göz öňünde tutýan hukuk dersleriniň möçberi has-da artýar» -diýip, Döwlet gullugy akademiýasynyň raýat hukugy kafedrasyny müdiri Ilmet Hanmedow çykyşynda belledi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň dosenti, ykdysdadyýet ylymlarynyň kandidaty Akjemal Burunowa seminara gatnaşanlaryň ünsüni «Döwlet dolandyryşy» ugrundan taýýarlygyň (magistrlik derejesi) dölwet we ýerli häkimiýet dolandyryş ulgamynda işiň dürli görnüşlerini, esasanam: ylmy-barlag, guramaçylyk-dolandyryş, administratiw-tehnologik, maslahat we maglumat-seljerme, taslama ýaly ugurlarda umumymedeni, umumyhünär we hünär ygtyýaryklary ulgamyny kemala getirmegi hem-de ösdürmegi maksat edinýändigine çekdi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň taslamasynyň Milli utgaşdyryjysy Babahan Berdiýew seminary jemläp, «Döwlet dolandyryşy» magistrlik maksatnamasynyň giň möçberli seljerme we iş başarnyklaryna eýe bolan kärine ussat ýokary hünärli dolandyryjylary taýýarlamagy maksat edinýändigini nygtady. Döwlet gullugy akademiýasynda magistrlik maksatnamalaryny özleşdirmek häkimet edaralarynda hem, telekeçilik düzümlerinde hem kär taýdan ösmäge täze mümkinçilikleri açýar.

Döwlet gullugy akademiýasynda magistrlik maksatnamalary uçurymlarda dolandyryş meselesine anyk bir ugurda tejribe ähmiýetli bilimleri özleşdirmek bilen utgaşyklykda tutuşlygyna, sistemalaýyn garamagy kemala getirmäge üns berýär. Düýpli taýýarlyk uçuryma geljekde özbaşdak ylmy we praktiki iş alyp barmaga, öz hünär başarnygyny dürli ugurlarda ösdürmäge mümkinçilik berer.

Akademiýanyň esasy mugallymlary we daşyndan çagyrylýan hünärmenler maksatnamalaryň dürli ugurlary boýunça sapak geçýärler. Okuw dersleri ylmyň soňky gazananlaryna we akademiýanyň progessor-mugallymlar düzüminiň işläp taýýarlanlaryna daýanýar.

Magistraturada okuwyň dürli görnüşleri bar. Olarda adaty umumy sapaklar, seminarlar bilen bir hatarda işewür oýunlar, ýagdaýlary seljerme, tegelek stollar, pikir alyşmalar, toparlaýyn taslamalary işläp taýýarlamak we ş.m. okatmagyň döwrebap interaktiw usullary ulanylýar.

Maksatnama tamamlandan soň talyplara ýokary hünär bilimi (magsitrlik derejesi) barada döwlet nusgasyndaky diplom gowşurylýar.