Ï Bilermenler guşlary hasaba aldylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilermenler guşlary hasaba aldylar

view-icon 9496
Bilermenler guşlary hasaba aldylar
Bilermenler guşlary hasaba aldylar
Bilermenler guşlary hasaba aldylar
Bilermenler guşlary hasaba aldylar
Bilermenler guşlary hasaba aldylar
Bilermenler guşlary hasaba aldylar

Ş. Garryýewa, Türkmensitanda Ramsar konwensiýasyny  ýerine ýetirmek boýunça Iş toparynyň bilermeni

 

Türkmenistanda Ramsar konwensiýasyny  ýerine ýetirmek boýunça Iş toparynyň milli bilermenleri döwlet tebigy goraghanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri  bilen bilelikde  suwly-batgalyk ýerleriň (SBÝ) monitoringini geçirdiler. Ol 2-nji fewralda bellenilýän Ramsar konwensiýasynyň 50 ýyllyk ýubileýiniň öňüsyrasynda guraldy. 

Şol günler Konwensiýa gatnaşýanlaryň ählisi suwly-batgalyk ýerlere barýarlar, guşlary hasaba alýarlar,  olaryň ýaşaýan ýerlerini saklap galmak hem-de olardan rejeli peýdalanmak boýunça dürli maglumat-bilim beriş  we beýleki çäreleri ýerine ýetirýärler. 

Şu ýylky ekologiýa çäresi  süýji suw çeşmeleri hökmünde tebigy howdanlaryň möhüm ähmiýete eýedigini alamatlandyrýan «Suwly-batgalyk ýerler we Suw» şygary astynda geçdi. Oňa Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň (TTGJG)  we «Türkmenistan» teleýaýlymynyň wekilleri gatnaşdylar.  Ekologiýa «desanty» Ramsar sanawyna girizilmegi  mümkin bolan Altyn (Gurtly), Ahal (Bada) köllerinde we Köpetdag suw howdanynda guşlary hasaba aldylar.  

Suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde bu howdanlar aýratyn ähmiýete eýedir. «Altyn köl» (Gurtly) we Köpetdag suw howdany (Köpetdaghowdan) 2009-njy ýylda  Birdlife International (IBA) halkara Esasy ornitologik ýerleriň sanawyna girizildi. Hususan-da, Aşgabatdan 5 kilometr demirgazyk-günbatarrakda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ýerleşýän «Altyn köl» (Gurtly) şäher wetlandydyr we dynç alyş zolagydyr.  Ol Köpetdagyň demirgazyk etekleriniň ýakasyndaky guşlar sürüsiniň ötüp geçýän ýolunda ýerleşýär. Gyş aýlary bu ýere suwda we suwa golaý ýerlerde ýaşaýan guşlaryň 20 müňe golaýy ýygnanýar, olaryň arasynda kiçi jübtün, sakarbalak, gyzylburun çümüji ördek, burma çümgül ördek,  ýaşylbaş we beýleki guşlar bar. 

Merkezi Köpetdagyň dag etek düzlüginde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän Köpetdag suw howdany (Köpetdaghowdan) hem Köpetdagyň etegindäki guşlar sürüsiniň ötüp geçýän ýolunda ýerleşýär. Suwda ýüzýän guşlar howdanda noýabryň ortasyndan fewralyň başyna çenli gyşlaýarlar. Olaryň baş sany 20 müňden artýar. Kölde sakarbalak, ýaşylbaş, gyzylburun çümüji ördek, ýaşyl çümgül ördek has köp duşýar. Uly we kiçi jübtün,  gara ördek aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.

Köllerde geçirilen guşlary hasaba alyş işleri anyk maglumatlary toplamak üçin belli bir ýerlerdäki guşlaryň ählisiniň sanyny anyklamaga mümkinçilik berer. Olary goşmaça statistika taýdan işlemek göz öňünde tutulmaýar. Olar belli bir we anyk çäkli ýerlerde ýaşaýan guşlaryň görnüşlerini kesgitlemäge gerek.


Amyderýa kenarynyň ýaş guşlar dünýäsiniň synçylary 

Aziza Beşimowa, WWF taslamasynyň bilermeni


Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 27-nji mekdebiniň okuwçylarynyň bir topary Suwly-batgalyk ýerleriň Bütindünýä gününi guşlar dünýäsi bilen tanyşlyk bilen  belledi. Şol gün ýaş tebigaty öwrenijiler Amyderýanyň  kenarynda guşlar sürüsine syn etdiler. Olar meýdan kesgitleýjiniň kömegi bilen derýanyň kenarynda ýaşaýan guşlaryň köpüsini tanamagy öwrendiler, olaryň ylmy atlaryny bildiler, kenarýaka sebitlerde ýaşaýan guşlaryň dessin hasabatyny ýöretdielr.

Merkezi Aziýanyň bol suwly derýasynyň guşlar dünýäsi dürli-dürlidir. Okuwçylar  ýol ugrunda geçiguşa, batga gulatysyna, uly ak  hokgara, ýaşylbaşa, gülegen çirige, buýra torgaýa, gögerçine, hekege, ekinçi garga, çal garga,  üşegenjä we beýleki guşlara gabat geldiler. Guşlar dünýäsine synçylaryň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ýyrtyjy guş – balykçy bürgüde gabat gelmegi seýrek duşýan ýagdaýdyr.

Suwly-batgalyk ýerleriň Bütindünýä gününiň öňüsyrasy ýaşajyk synçylar guşlaryň ýşaýan ýerlerine gyzykly syýahat etdiler. Gezelenç Ramsar konwensiýasynyň 50 ýyllyk ýubileýine bagyşlandy, onuň esasy wezipesi barada çagalara sapaklarda gürrüň berilýär.