Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Merkezi Geňeşiniň başlangyjy bilen geçirilen brifinge ýerli telekeçiler, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem-de mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşanlar üstünlikli iş alyp barýan ýerli telekeçilik düzümleriniň mysalynda telekeçilik işini ýola goýmagyň esaslary, aýratynlyklary we düzgünleri bilen tanyşdylar. Ýaşlaryň öňünde hususy kärhanalaryň, şol sanda ýyladyşhanalarda pomidor ýetişdirýän «Ýigit» HJ-niň hem-de haly we haly önümçiliginde iş alyp barýan «Abadan haly» AGPJ-niň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Kärhanalaryň ikisi-de ýurtda öňde baryjy kärhanalar, içerki bazarlary degişli harytlar bilen üpjün etmäge işeňňir gatnaşýarlar, daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça iş alyp barýarlar we öndürýän harytlarynyň esli bölegini daşary ýurtlara ugradýarlar.
Duşuşyga gatnaşanlar telekeçileriň çykyşlaryndan şowly telekeçilik işini guramakda nämäniň esasydygyny, ony ösdürmäge nämeleriň ýardam edýändigini, häzirkizaman bazar gatnaşyklarynda bäsdeşligie ukyplylyga nähili ýol bilen ýetmelidigi barada düşünje aldylar. Şeýle hem telekeçilik işini ýola goýmakda ilkinji ädimler, biznes-ideýanyň möhümligi, onuň wajyplygy, özboluşlylygy, startapy dogry ilerletmek dogrusynda hem gürrüň edildi.
Brifingde çykyş eden TSTB-niň wekilleri döwlet tarapyndan telekeçilige hemmetaraplaýyn saldamly goldaw berilýändigini nygtadylar.
Bilesigeliji talyplar, öz gezeginde, telekeçilere özüni gyzyklandyrýan temalardan ençeme sowal berdiler we olara doly jogap aldylar. Sowallar harytlaryň mahabatyna we içerki hem-de daşary bazarlarda brendleri ilerletmäge, telekeçilik düzümlerinde pul serişdelerini dolandyrmagyň düzgünlerine, maksatlaýyn bank karzlaryny almaga we ş.m. meselelere degişlidi.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, gyzykly, netijeli geçen duşuşykda pikir alşyldy, söhbet edildi, iň esasy-da, göz öňünde tutulan netijeler gazanyldy, öňde goýlan maksatlara ýetildi. Talyplaryň telekeçiler bilen indiki brifingini şu aýyň ikinji ýarymynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Indiki duşuşyklaryň her birine paýtagtymyzdaky dürli ugurdan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Merkezi Geňeşinde ýaşlar bilen dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ol zehinli, kreatiw pikirlenýän, ideýaly ýaşlary ýurdumyzyň ylmy, durmuş-ykdysady ösüşine işjeň çekmek bilen baglanşyklydyr. Ýaşlar bilen işjeň işlemek, olaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak döwlet ýaşlar syýasatynyň, şeýle hem «2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň döwlet ýaşlar maksatnamasy babatda döwlet maksatnamasynyň» ileri tutulýan wezipelerdir.
Anastasiýa KASÝANOWA