Ï Awtory – Kössek
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awtory – Kössek

view-icon 2282
Awtory – Kössek
Awtory – Kössek
Awtory – Kössek
Awtory – Kössek

Ildeşimiz maryly nakgaş Kössekmyrat Nurmyradowyň suratlaryna şu ýylky sowuk hem garly Moskwanyň ýaşaýjylary syn etseler, olaryň göwni galkynardy. Žurnalist, sungaty öwreniji, şu ýylyň ýanwar aýynda  Russiýanyň «Форум Плюс» žurnalynda türkmen nakgaşy barada çap edilen makalanyň awtory Mihail Pereplesnin, ine, şeýle pikir aýtdy. Moskwaly žiwopis muşdaklary ildeşimiz, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kössekmyrat Nurmyradowyň eserlerine köpden bäri beletdirler.

Onuň Russiýanyň paýtagtyndaky ilkinji sergisi baryp 1982-nji ýylda, soňkusy üç ýyl mundan ozal  Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynda Zurab Sereteliniň Sungatlar galareýasynda bolupdy. Oňa gatnaşan M. Pereplesnin öz makalasynda: «Sergide talapkär  tomaşaçylaryň öňünde türkmen žiwopisinde  täze žanra eýerýän   -halk durmuşyny, folklor rowaýatlaryny fantaziýa şekil  çekýän  awtor peýda boldy» -- diýip ýazýar.

Türkmen nakgaşynyň üýtgeşik, hiç kimiňkä meňzemeýän döredijiligi bilen tanşyp, oňa akademiýanyň sylagyny hem-de minnetdarlyk hatyny gowşuran heýkeltaraşlyk we žiwopis ägirdi Zurab Sereteli oňa: «Nusgawy žanrda eglenmäniň gowy bolupdyr» -- diýdi. Tanymal nakgaşyň bu sözleri Kössekmyradyň žiwopisde heniz ýaş döwri saýlan ugruna mynasyp baha berlendigini, tomaşaça düşnüklidigini we sungatda öz ýoluny tapandygyny subut etdi. 

Dogrudanam, Kössekmyrat Nurmyradowyň nepis Gündogar miniatýurasy bilen utgaşýan bilgeşleýin ýöntemlige ýugrulan güýçli, ter suratlary bireýýäm hususy surat toplaýjylaryň kolleksiýalarynyň, şeýle  hem Ýewropa, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň we ABŞ-nyň çeperçilik galareýalarynyň käbiriniň bezegine öwrüldi. Şonda-da nakgaş özi üçin halkynyň ykrar etmegini wajyp hasaplaýar. Ol Maryda geçirilýän sergileriň ählisine gatnaşýar. Paýtagtymyzyň sergi zallary-da Kössekmyrat Nurmyradowyň döredijiligini gözden salmaýarlar. Maryly nakgaşyň «Kössek» -diýlip gysga gol çekilen suratlaryna syn eden tomaşaçynyň köňlüne mähir, güneş nury inýär. 


Wladimir FROLOW